2018-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçrildi. Bu geçirilen saýlawlar ozalkylar ýaly, giň bäsdeşlik esasynda, demokratik we aýdyňlyk ýagdaýynda geçdi.
Bu gezekki saýlawlara ägirt uly taýýarlyk işleri geçirilip, oňa welaýat halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleriň 489-sy, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 2570-si, Geňeşleriň agzalygyna bolsa 13 müň 215-si we syýasy partiýalardan hem raýat toparlaryndan Mejlisiň deputatlygyna görkezilen dalaşgärleriň 284-si hasaba alyndy.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynyň berýän maglumatlaryna görä, saýlaw okruglarynyň çäklerinde bar bolan saýlaw uçastoklarynyň hemmesi ses bermek üçin bellenen tertipde, öz wagtynda amala aşyryldy. Aşgabat şäherinde 299, Ahal welaýatynda 364, Balkan welaýatynda 272, Daşoguz welaýatynda 523, Lebap welaýatynda 559, Mary welaýatynda bolsa 548 saýlaw uçastoklary döredilendir.
Bu işlere ähli derejedäki döwlet düzümleriniň wekilleriniň bolşy ýaly, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem çekildi. Saýlawlara taýýarlyk döwletimizde hereket edýän Saýlaw kodeksine hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda amala aşyryldy. Uçastok saýlaw toparlary öz borçlaryny ýerine ýetirmäge aýratyn jogapkärçilik bilen çemeleşdiler. Şol saýlaw toparlarynyň düzümine syýasy partiýalaryň, zähmet toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň abraýly wekilleri girdiler. Işjeňleriň tagallalary bilen ýerlerde ilat arasynda düşündiriş işleri geçirildi. Mundan başga-da adamlar saýlawlar gününde haýsydyr bir sebäbe görä, ýaşaýan ýerinde bolup bilmejeklerini nazara alyp, möhletinden öň ses bermek hukugyndan peýdalandylar. Olaryň dolduran saýlaw býulletenleri sesleriň sanalmagynyň başlanýan pursadyna çenli möhürlenen ýörite gutularda saklandy.
Saýlawçylaryň dalaşgärler bilen duşuşyklary kesgitlenen we ylalaşylan tertibe laýyklykda geçirildi. Olaryň geçiriljek wagty hem-de ýeri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen öňünden habar berildi.
Saýlawlara milli synçylaryň 4 müňden gowragynyň gatnaşmagy onuň açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýda geçmegine ýardam berdi. Döwlet häkimiýet edaralarynda, şol sanda, Döwlet häkimiýetiniň ýerlerdäki wekilçilikli edaralarynda we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda saýlawlary bir günde geçirmeklik halkara tejribesinden ugur alyndy. Ýurdumyzda geçirilen bu saýlawlaryň geçişini synlamak üçin halkara synçylaryň uly topary gatnaşdylar. Türkmenistanyň saýlawlaryna syn etmek üçin giň dünýä jemgyýetçiliginiň wekilleri, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň wekilçilikli topary hem-de ÝHHG-niň demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň bilermenleri geldiler.
Şu ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna geçirilen saýlawlar örän guramaçylykly ýagdaýda geçrildi. Bu syýasy waka türkmen halkymyzyň ýurdumyzda mähriban Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine ýaýbaňlandyrylýan demokratik ýörelgelerine işjeň gatnaşmaga bolan isleglerini äşgär etdi.
Ir sagat 7-de Türkmenistanyň döwlet senasy ýaňlandy ähli saýlaw uçastoklarynda Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen ähli saýlaw uçastoklarynda dabaralar başlandy. Ildeşlerimiz öz konstitusion hukuklaryndan peýdalanyp, raýatlyk borjuny ýerine ýetirdiler. Olar Mejlise, wekilçilikli ýerli ýerine ýetiriş häkimiýet hem-de öz-özüňi dolandyryş edaralaryna öz mynasyp wekillerini saýladylar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bu syýasy waka bilen baglanyşykly çäreler ýokary baýramçylyk derejesinde geçirildi. Medeniýet we sungat işgärlerimiz aýdym-sazly çykyşlary bilen saýlawçylaryň ruhuny göterdiler.
Türkmenistan döwletimiziň durmuşyna köp partiýalylyk ornaşdy. Ýurdumyzda hereket edýän demokratik, agrar hem telekeçiler partiýasy – ýagny syýasy partiýalaryň üçüsi hem bu syýasy waka işjeň gatnaşdylar. 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen saýlawlarda syýasy partiýalaryň ählisinden ýörite wekiller dalaşgärlige görkezildi. Ýagny bir ýere iki, üç adamyň görkezilmegi ýurdumyzda demokratiýanyň, aç-açanlygyň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny görkezýär. Dalaşgärleriň hatarynda oba zähmetkeşleri, döwlet edaralarynyň wekilleri, dürli pudaklaryň öňdebaryjy hünärmenleri, ykdysadyýet, bilim, ylym, medeiniýet, saglygy goraýyş pudaklarynyň işgärleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň we birleşmeleriň işjeň agzalary bar. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna ýurdumyzdaky syýasy partiýalardan we raýat toparlary tarapyndan hödürlenen 284 dalaşgäriň 26,06 göteriminiň, welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna hödürlenen 489 dalaşgäriň 24,13 göteriminiň, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna hödürlenen 2570 dalaşgäriň 33,70 göteriminiň, şeýle-de Geňeşligiň agzalygyna hödürlenen 13215 dalaşgäriň 28 göteriminiň gelin-gyzlar bolmagy saýlawlarda gender deňligine aýratyn ähmiýet berilendigini aýdyň görkezdi. Türkmenistan döwletimizde raýatlarymyz jemgyýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşup, uly işjeňlik görkezýärler. Sebäbi halk bütewi bir güýç bolup durýar.
Bu möhüm syýasy waka hormatly Prezidentimiziň parasatly ýöredýän ynsanperwer ýörelgeleriniň halk demokratiýasynda dabaralanýandygynyň we ýurdumyzda asudalygyň, agzybirligiň höküm sürýändiginiň kepili bolup, täze eýýamyň taryhyna girer.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir