Men Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň Parahat 2 ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy Enebaý Mämmedowa şu gün ir bilen teleýaýlymlar arkaly göni ýaýlyma berilen saýlawlaryň gidişine tomaşa etdim. Geçirilýän saýlawlar guramaçylykly alnyp barylýandygyny. Saýlawçylar üçin saýlaw uçastoklarda medeni çäreleriň geçirilýändigine tomaşa edip, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan syýasatda demokratiýa ünsüň berilýändigi açyk aýdyň şaýatlyk edýändigine göz ýetirdim. Şeýlede özüm hem günüň birinji ýarymynda ýaşaýan ýerim boýunça saýlaw uçastogyna baryp ses berip gaýtdym. Ol saýlaw uçastokda saýlawçylara we synçylar üçin ähli şertleriň döredilendigini, saýlawçylara ilki bilen milli tagamlaryndan bolan duz keremiň hödürlenýändigini, saýlawlaryň gidişine hukuk taýdan kanunalaýyk geçirilýändigini görüp gaýtdym. Göni efirda berlen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň saýlawlary Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alnyp barylýan işleriň netijeleri şu günki geçirilýän saýlawlarda has bir äşgärlik bilen ýüze çykýandygyny, biziň ýurdumyzyň bilinişi ýaly demokratik dünýewi hukuk döwletiniň döwletiniň bolup durýandygyny, şular ýaly geçirilýän saýlawlaryň bolsa biziň ýurdumyzyň dünýewi döwletdiginem, biziň ýurdumyzy hukuk döwletdiginem we demokratik döwletdiginem gönüden göni görmek bolýandygyny, sebäbi häzirki wagtda biziň ýurdumyzda 3 sany partiýalaryň hereket edýändigini bellemek bolar. Men öz gezegimde ähli dalaşgärlere bu geçirilen saýlawlarda ýeňmeklerini arzuw edýärin.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy E.Mämmedowa

Täzelikler, abatturkmen tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir