Mälim bolşy ýaly, Bitarap Türkmenistanyñ daşary syýasatynyñ esasy ugurlarynyñ biri dünýäniñ ähli döwletleri bilen bir hatarda Ýakyn Gündogaryñ ýurtlary bilen hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giñeltmek boýunça hoşniýetli syýasaty durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyzyň Kuweýt Döwletine hem-de Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparlary Kuweýt we BAE bilen gatnaşyklaryñ netijeli häsiýete eýedigini nobatdaky gezek tassyklady. Saparlaryñ barşynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler hem-de gol çekilen döwletara resminamalar Kuweýt Döwleti we Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyñ esasy ugurlaryny kesgitlemäge, ony häzirki döwrüñ talaplaryna laýyklykda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam eder, däbe öwrülen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge oñyn mümkinçilik döreder.
Ýeri gelende aýtsak, El-Kuweýtde we Abu-Dabide geçirilen gepleşikleriñ barşynda deñhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de hoşniýetli erk-isleg esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, özara gyzyklanma döredýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşyldy. Ikitaraplaýyn ykdysady hem-de söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, maýa goýum işini we işewür gatnaşyklary işjeñleşdirmek hem-de medeni-ynsanperwer ulgamda däp bolan gatnaşyklary çuñlaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatyñ bardygyny aýratyn nygtamalydyrys.
Halkara pul gaznasy ýaly abraýly maliýe-ykdysady guramalaryñ tassyklaýşy ýaly, Türkmenistanyñ dünýäde sazlaşykly ösýän ykdysadyýeti bolan ýurtlaryñ hataryna goşulmagy dünýäniñ köp ýurtlarynyñ, şol sanda Kuweýtiñ hem-de BAE-niñ işewür toparlarynyñ biziñ ýurdumyza bolan gyzyklanmalaryny artdyrdy. Şeýle hem munuñ özi ýurdumyzyñ dünýäniñ syýasy giñişligindäki abraýyny ýokarlandyrýar, ähliumumy meseleleriñ çözgüdinde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.
Ýakynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniñ gurluşygynyñ nobatdaky tapgyryna badalga berilmegi Kuweýt Döwletiniñ we BAE-niñ iri nebitgaz kompaniýalaryny, maliýe we maýa goýum düzümlerini bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge giñ ýol açdy.
Munuñ özi abraýly halkara guramalaryñ, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyñ çäklerinde ähliumumy bähbitlere laýyk gelýän ýygjam we netijeli gatnaşyklar üçin oñyn binýat bolup durýar.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir