Mämmet Seýidow

9-njy bap: ŞALLY BAÝYŇ KIÇI OGLY

Şally baýyň iki ogly bir gyzy bardy. Uly ogluna Garamyrat, kiçi ogluna bolsa, biziň öňden belet, tanap ýörenimiz Garamergen diýýärler. Il arasynda Garamyrat bilen Garamergeniň meňzeşligi hakynda «Bir almany iki bölen ýaly» diýip, gürrüň edýärdiler. Bu deňeşdirmäniň şahyranalygy hakynda gürrüň edip duramok. Ýöne haýsy almany alyp iki bölseňem, şol iki bölegiň meňzeş bolmajakdygyny tassyklap bilerin. Asman gümmezinde lowurdaşyp duran ýyldyzlaryň, şahalardaky düzüm-düzüm almalaryň hemmesi birmeňzeş ýalydyr. Olar biziň gözümize şeýledir. Münejjim alymlaryň aýtmagyna görä, şonça kän ýyldyzlaryň arasynda iki meňzeşi ýokmuşyn. Şahadaky almalaram şeýle. Onsoň iki doganyň meňzeşligi hakynda şeýle mahabat berip aýdyp oturmak nämä gerek. Ol artykmaç dälmikä?
Gürrüň Garamyrat bilen Garamergeniň meňzeşligi hakynda gidende-hä şol artykmaç diýýänimiz hasam aýdyň. Olaryň ýüz keşplerinde ýakyn meňzeşlik bolsa-da, gylyk häsiýetleri, il arasynda özlerini alyp baryşlary düýbünden üýtgeşik. Garamyrat ýuwaş, dymma, aýtjak zadyny ýedi ölçäp bir kesýänlerden. Garamergen galjaň, gyzma, soňuny saýgarmaýanlardan. Garamyrat baý hojalygyň müňe ýakynlap barýan goýun sürüsine gez-gulak bolýardy. Şonuň üçin onuň köp wagty çopanlaryň ýanynda geçýärdi. Onuň özi örküç-örküç gumlaryň arasyny, çola meýdanlary kem görenokdy. Ol «Muňa Hydyr gören çöller diýerler, munuň höziri başgadyr» diýip, gaýtalamagy gowy görýärdi. Çopanlaryň goşy nirede bolsa, onuň öýem şol ýerdedi. Ol iki sany çagasyny, aýalyny alyp, şol çöllerde ýaşap ýördi. «Onuň köp geplemezligi, gepläýende-de sesiniň güňleçligi şondanmyş» diýjek bolýardylar. Şol diýiljek bolunýan zadyň çyn bolmagam ähtimal. Käte ol aýalyny, çagalaryny goşa arwana ýükläp, oba gezelenje, görme-görşe gelýärdi. Bir aý, iki aý bolup, ýene-de çöllere siňip giderdi. Hojalygyň obadaky işleri bolsa Garamergeniň boýnunady. Ol çagalykdan kakabaş ösüpdi. Obanyň oglanlary bilen häli-şindi urşardy. Ahal bilen bolsa mydama jetdi. Kimseler ony baý ogly diýip sylaýardy, kimseler gorkýardy. Kimseleriň ene-atalary «Garamergene ýanaşmaň, atasy bardyr. Garybyň rysgy baýyň elindedir» diýerdi. Eger onuň kakasy penjesini gysaýsa, bu görünýän garyplaryň bir topary açlykdan öläýjek ýalydy. Şonuň üçin garyp çagalaryň üstüne Garamergen rüstem daraýardy. Onuň güýji ýetmeýäni diňe Ahaldy. Ol Abaly serdaryň, atly adamyň ogly. Hojalygynda kyrk-elli sany goýny bar. Iki sany inen düýesi, iki sanam ýükçi ineri bar. Obada atly adamlaryň biri Iner golak oňa hemaýat berýär. Bu zatlaryň üstesine-de Ahalyň ýaşy kiçi-de bolsa, güýji ökde. Ol Garamergenden has daýaw. Garamergen onuň bilen ilkinji gezek on iki ýaşynda çaknyşypdy.
Aýatylla işanyň mekdebinde okap ýören wagtlarydy. Mollanyň ýoklugyndan peýdalanyp, Garamergen kimdir biri bilen sene-mene etdi. Sene-menäň yzam urşa ýazdy. Içerde güpür-tapyrlyk turdy. Ýolaman bilen Garamergen tutluşyp durka, molla içerik girdi. Ol iç işikde elindäki hasa daýanyp, dikelip durdy. Hasa göterer ýaly Aýatylla işan garry adam däldi. Ol diňe sapaga gireninde eli hasaly girýärdi. Ol hasany garagolluk eden okuwçylara abaý-syýasat üçin göterýärdi, Başga wagt ony eli hasaly gören adam ýokdy.
Molla iç işikde durup:
— Bu nämäniň alamaty, pedernäletler! — diýip, azgyryldy. Şol pursatda Garamergen ýerinden galyp, iki elini gursagynda goýup, bilini epdi.
— Tagsyr, sadyk guluňyzyň günäsini ötüň! Bu biedepligiň günäkäri, hanha, şol — diýip, Ýolamana tarap ümledi. Mollanyň taýagy Ýolamanyň depesinden indi. Edil şo pursat syçrap turan Ahal molla bilen Ýolamanyň arasyna düşdi.
— Tagsyr, onda günä ýok. Günä Garamergeniň özünde. Biedepligi başlan şol.
— Sen näme, peläket, molla nähili ýüzlenmelidigini bileňokmy?
Ahal ony bilýärdi. Edil Garamergeniň ýüzlenişi ýaly, iki eliňi gursagyňda gowşuryp, biliňi epmeli. Näme sorajagam bolsaň «Sadyk guluňyzyň günäsini ötüň» diýmeli. Tagsyryň özi aýtmyşlaýyn, okuwçy mollanyň öňünde özüni hemişe günäkär saýmalydyr. Ýöne welin ol däp-dessurlary berjaý edip durmaga häzir pursat bolmady. Ýolamanyň ýagyrnysyna gürpüldäp degen taýak ikinji gezek ýokaryk galypdy.
— Tagsyr, sadyk guluňyzyň günäsini ötüň! Taýak ikinji gezek ýokary galanda, ol zatlara maý bolmady. Adalatsyzlygyň ýüze çykmagyndan heder etdik — diýip, Ahal iki elini gursagynda goýup, bilini büküp aýtdy.
Okuw gutardy. Okuwyň belli sagady ýokdy. Molla keýpi tutan wagty okuwy gutarardy. Okuwyň başlanyşy hem şonuň ýalydy. Jaň kakylanok, habar edilenok. Çagalar mekdebe ygym-sagym ýygnanýarlar. Gelen okuwçy ýer tapan ýerinde iki dyzynyň üstüne çöküp, sapagyny içinden okamaga başlaýar. Sähel gatyrak pyşyrdasaňam molla saňa goý diýmez. Diňe uzyn hasasy bilen çalaja kakyp goýberer. Ol saňa duýduryşdyr. «Pyşyrdyňy kesmeseň depäňden taýak iner» diýildigidir. Molla ähli okuwçylaryň öňünde çök düşüp oturandyr. Öňünde açyk kitaby, gapdalynda hasasy ýatandyr. Ol okaýan däldir, diňşirgenýändir. «Kim garagolluk ederkä, kimden ses çykarka?» diýip, iki gulagy okuwçydadyr. Ol sapagy seýrek okadýar, täze sapagy ondanam seýrek berýär. Öňki sapagyňy suw ýaly bişirmeseň, bir aý gatna, iki aý gatna, täze sapak aljak gümanyň ýokdur. Gelersiň, gidersiň, kä wagtam mollanyň taýagyny iýersiň «pedernäletler» diýen sözüni eşidersiň, her anna güni bir saçak çörek getirer ýörersiň.
Bu gün mollanyň keýpi ýokdy. Ol erbedräk, agyrrak düýş görse-de uzynly gün körkeýp bolup ýör diýýärler. Şonuň ýaly bolan bolmagy ahmal. Ol okuwçylary ir goýberdi. Çagalar mekdepden arany açanlaryndan soň Garamergen Ahalyň üstüne haýkyrdy.
— Sen, syrty açyk, gelmişek, näme meni tagsyryň ýanynda ýamanladyň? — diýip, onuň ýakasyndan tutdy.
Ahal urup ýören oglanam däldi. Ýöne ol adalatsyzlyga-da tomaşaçy ýaly bolup seredip durmagy halanokdy. Halamak näme? Adalatsyzlygyň öňünde oňa özüni saklamak kyn düşýärdi. Bu günem şeýle boldy. Ara sokulany üçin tagsyryň urjak taýagyndan heder etmän, ýerinden turdy. Molla ony bu gezek urmady. Belki okuwçylaryň öňünde adalatsyzlygy goldaýan ýaly bolup görünmekden çekinendir.
Garamergeniň häzirki dyzmaçlygy ýöne-möne zada gahary gelmeýän, sowuk ganly Ahaly gozgady. Ýöne bir gozgamagam däl, üýşmek därä ot degen ýaly etdi. Garamergeniň bolşuny «Ogurlyk eden uýalmaz, üstüne gelen uýalar etjek bolýar» diýip düşündi. Bu halys çakdan çykma bolýar. Ahal alkymyna somlanan ýumrugyň goşaryny çep eli bilen berk tutdy-da, sag eliniň aýasy bilen Garamergeniň eňegine kakdy. Bu urgy şeýle bir çalt, şeýle bir duýdansyz boldy weli, Garamergen hyzzyn atýan eşekden ýykylan ýaly gürpüldäp arkan gaýtdy. Ol hasanaklap turanda agzy «gan ýalan ganjyk ýaly» diýleni boldy. Ol erninden çykan ganly tüýküligi eli bilen sylyp goýberdi. Şonda onuň ýaňaklaram gana boýaldy. Ahal ony ikinji gezek urjagam bolup durmady. Gaýra çekilip, özüni gorady. Obanyň oglanlary şarpa iki bölündi. Garamergeniň tarapdarlaram az däldi. Ýöne olar ýeňlerini çermäp urşa giribermekden çekindiler. Olary çekindiren zadam Ahalyň ýaňky ýumrugydy, onuň çalasynlygy, onuň güýjüdi. Ol ýumrugyň öňüne milt edip baraýmaga uly gaýrat, gözsüz batyrlyk, atyň kellesi ýaly ýürek gerekdi. Garamergeniň salgan ýumrugyndan sapalak atyp goranan Ahal seňrigini ýygryp:
— Haramzadaňyzy tutuň, maňa ýumrugy gaýtalatmajak bolsaňyz — diýip, Garamergeniň tarapdarlaryna dişinden syzdyryp azmly aýtdy. Ony tutdular. Garamergen dyzady.
— Goýberiň meni, men ol çöp düýbüniň otuz ikisini damagyna ibereýin — diýip, agzynyň ganyny saçalandyryp, çetine deglen zemzen ýaly gabaryldy, gulaklary hažžygyňky ýaly gyzardy. Ony goýbermediler.
— Wah, şol salgan ýumrugym degen bolsady. Şo dagy degäýen bolsa syrty açyk ýetimi tike-tike ederdi — diýip, sojaýan ýaly edip aýtdy. Soňra öz ýaranlaryna igendi:
— Size-de dost diýjeksiňiz. Maňa kömek etmegiň ýerine gaýta meni tutýarsyňyz.
Bu waka Garamergen bilen Ahalyň ilki çaknyşygydy. Olaryň arasy hiç wagtam ysnyşykly bolmandy. Şondan soň hasam bozulypdy. Garamergen «Nädip Ahala ýamanlyk edip bolarka?» diýen pikirde gezdi. Oňa şyltak ýüklejek bolup oýlanmadyk zady galmady. Gije onuň öýüne çozup, ýençmek hakynda öz ýaranlaryny yrjak bolup, eden synanyşygy hem başa barmady. Ahaly gapyl basmasaň, onuň ýaranlarynyň özüniňkiden kändigini, urşuň ýene-de ýekme-ýek bolmalydygyny bilýärdi. Ýekme-ýekde özüniň gaýraty ýokdy. Gije çozmak hakyndaky pikirine:
— Onsoň ertir ýere girjekmi? Gündiziň günortany üýşüp gelerler-de suwa salma ýenjip giderler — diýip, paýhaslyrak oglanlaryň biri aýtdy.
Onuň diýýäniniň jany bardy. Garamergen ar almagyň dürli ýollaryny gözledi. Aýlar aýlandykça, ýyllar dolandykça onuň ary barha köp köýýärdi. Ol Ahal hakda sähel bir şyltak eşitdigi on esse ulaldyp gürrüň edýärdi. Oý şeýdip arassa adama töhmet atmakdanam, myjabat etmekdenem, gybat edip myş-myş gürrüňleri ýaýratmakdanam gaýdanokdy.
Olar çagalykdan saýlanyp, kämillige ýetenden soň bulary indi öýermeli diýlip ýörlen wagtam şeýleräk bir waka bolupdy. Obanyň ýarlykly garyby güne tutsaň aňyrsy görnüp duran garyp diýilýän Aman sürekçi Ahala şikaýat edipdi. Aman sürekçi merhum Hojaly seýsiň, Ahalyň uly hormat goýýan halypasynyň garyndaşydy. Sürekçi lakamy oňa ýene ýerden goýulmandy. Maru-Şahu-jahan ýaly, Hywa ýaly, Ürgenç ýaly şäherleriň bazarlaryna mal süren wagty Amanam sürekçileriň biridi. Özüniň guba arwanasyna iýjek-içjegini, azyk-suwlugyny ýükläp, sürekçilerden galman giderdi. Ol Maru-Şahu-jahanyň bazarlaryna ugrajak sürekçileriň biri bolup gitmek üçin taýýarlanyp ýörkä, birden depesinden daş inen ýaly bela-betere sataşýar oturyberýär. Özüniň ýalňyz arka diregi bolan guba arwanasyny ýitirýär. Ony ertirki duşap gaýdan ýerinden tapmaýar. Bütin töweregi torç edýär. Aňtap-agtaryp ýörkä, birdenem onuň yzyna gabat gelýär. Kimdir bir atly onuň duşagyny çözüp idip gidipdir. Aman sürekçi ony yzarlap, Ürgenje gidýän uly ýola çenli barypdyr. Şol ýerdenem Ürgenje mal süren sürekçileriň uly kerweni geçipdir. Şol kerweniňem iň yzyna Aman sürekçiniň arwanasy tirkelipdir. Ol kerweni yzarlap kän ýöräpdir. Ýöne ýetip bilmändir. Ýetip bilmejegini aňansoň, çöllerde aç-suwsuz ölüp gitmezlik üçin yzyna öwrülipdir.
— Meniň tanaýşymdan ol Küýkiniň yzy bolmaly — diýip, sürekçi aglaýjak-aglaýjak bolup gürrüň beripdi. Ol dagy nätsin? Üç çagany, bir enäni, aýalyny, jemläp aýdanyňda alty baş maşgalany ekläp oturan şol guba erkekdi. Ony ýigrimi tümene dilänlerinde-de bermändi. Ýigrimi tümen diýilýän atyň, onda-da çapylýan atyň bahasy. Bular ýaly arwana bolubilse şol atlara berilýän baýrak.
Sürege gitmedik wagty Aman onuň bilen odun daşap, odun satardy, çagalaryň iýjek döwüm-dişlem çöregini gazanardy. Guba erkekden aýrylsa, maşgalanyň başyna ahyrzamana inäýmezmi? Onsoň sürekçi neneň edip aglamasyn. Ine, «Hudaýyň uranyny pygamber hasasy bilen dürter» diýleni şu bolsa gerek.
— Eger ol «Men seniň düýäňi göremok. Bu maňa töhmet atýar, ogurlyk ýapýar» diýäýse näme diýersiň? — diýip, Ahal sürekçä ýüzlendi.
— Men onuň atynyň yzyny tanadym. Küýkiň yzy, arwananyň yzy ony subut etmeýärmi näme?
— Şol yzyň Küýkiň yzydygyna başga kim güwä geçip biljek?
— Ine, şol welin ýok — diýip, Aman sürekçi ahmyrly gürledi-de, uludan demini aldy. Ahal onuň ýüregindäki hasraty agzyndan çykan ot ýaly deminden aldy. Indi şeýderde guba erkegi gidiberermikä? Bu bagty ýatmaklyk dälmi? Heý, munuň alajyny tapyp bolmazmyka? Garybyň üstüne agyp gelýän bu äpet belany saklajak, agzyny açyp oturan çagalara rehimi injek adam tapylmazmyka? Sürekçi häzir öýüne barar. Gözüni ýaşardyp oturan ejesi, aýaly ondan sorar: «Nähili düzelýärmi?» diýer. Aman oňa näme jogap bersin. Onuň bogazy doldy. Kirpiklerinde ýylpyldap ýaş göründi. Eňekleri çalaja titredi. Onuň bu hasratynyň bir ujy Ahala-da ýetişdi. Ol:
— Entek howlukma. Sürekçiler ýene bir aý ýarymdan gaýdyp gelerler. Ine şonda Siňrenlide kimiň düýe goşanyny soraýarys — diýip, asudalyk bilen aýtdy.
— Eger aýtmasalar? Äkiden Garamergeniň garyndaşy ýa-da ogry şägirdi bolsa nähili bolar? — diýip, sürekçi şol sustupesligi bilen gürledi. Onuň eginleri halys sallanypdy. Ysgyn-mydar galmandy. Çäýnegi galdyranynda elleri titräp, çäýnegiň gapagy şykyrdap gitdi. Käsä zordan çaýy guýýardy. Ýarpy guýlan käsäni göterjek bolanda, zordan dökmän saklaýardy.
— Ol uly kerwen. Biri bilmese, biri biler. Biri aýtmasa, biri aýdar.
— Men onda bu gezek sürekden galmaly boljag-ow — diýip, Aman uludan demini aldy.
— Sürekden galma. Siz olardan öňürti gelersiňiz. Ulag gerek bolsa, hanha, meniň düýelerimiň birini alaý.
Aman sürekçi Ahalyň ýanyndan ýüki ýeňlän ýaly bolup gaýtdy. Ýüregine yza berip duran derdi düýpden sogrulyp aýrylmasa-da, agyrysy azalan ýaly boldy. Ol öz içinden: «Henizem dünýäde Ahal ýaly mert ýigitleriň bardygyna şükür» diýip oýlandy.
Ol Ahalyň aýdyşy ýaly onuň düýeleriniň birini alyp sürege gidip geldi. Bir hepde geçensoň hem Ürgenje giden sürekçileriň kerweni geldi. Amandyr Ahal şol kerwen bilen gürleşdi. Olar Siňrenliniň oýunda düýäniň kerwene goşulandygyny, onuň guba erkekdigini, sag budunda synny tagmasynyň bardygyny aýtdylar. Şony äkidenem Şally baýyň daşgynrak garyndaşlarynyň biri bolup çykdy. Ol wakanyň üstüni ýapjak bolmag-a beýlede dursun, şol düýäni Garamergenden kabul edip alandygyny, bahasynyň dörtden birini alyp, galanyny getirendigini, berendigini, ogurlykdygyny bilen bolsa äkitmejekdigini jikme-jik gürrüň berdi. Ogurlyk düýäniň bahasyndan almaly hakyny aljak däldigini, ýüreginden syzdyryp aýtdy.
Ine, şolam Garamergeniň adyna, mertebesine çalnan uly şarpyk boldy. Gykylyk diň asmana galdy. Obanyň Ahaly goldaýan ýigitleri Aman sürekçini öňlerine salyp, Şally baýyň howlusyna bardylar. Bular baranynda öýüň töweregi gum-guklukdy. Iň bärkisi çagalardanam daşda-içde görünýäni ýokdy. Harasat turmazdan öňürti howada şeýle imi-salalyk bolýar. Öwsüp duran şemal tapba ýatýar. Howa içgysdyryjy dymyklyk aralaşýar. Çöp başy gymyldamaýar. Şally baýyň howlusy edil şonuň ýalydy. Olaryň üstüne harasat süýşüp gelýärdi. Ony öýde busulyp oturanlar bilenok diýen ýalydy. Adamlaryň wagyrdysy degirmeniň mesenesinden güwläp inen suw ýalydy. Öýde haçana çenli başyňy basyryp ýatjak. Bu gelýän harasat bukulyp, başyňy basyryp ýatanyň bilen geçip gitjek harasat däldi. Bu harasadyň öňünde jogap bermelidi.
Hywa donuny ýasgynjak atynyp, öýden çykan Şally baýyň ýüzi agyr kesel çekip ölen adamyň ýüzi ýalydy. Ol egnindäki donuň ýakalaryny çekişdirdi. Märekäniň öňüne bardy. «Ýuwaş!» diýen äheňde bir elini galdyrdy-da, Ahala ýüzlendi:
— Ahal, inim, bu bolan wakany bizem eşitdik. Ynha bizem şoňa köýüp otyrys. Garamergeniň özi-hä ýok. Gelse ony it alan sanaja döndereris. Bitin ýerini gök dalak ederin.
— Ol siziň öz işiňiz, Şally aga. Ýöne ogurlanan erkegiň öwezini doluň — diýip, Ahal özgelerden saýlanyp aýtdy.
— Islese hanha, bahasyny alsyn, islemese-de, meniň düýelerimiň içinden haýsy birini saýlap tutsa özüniňki bolsun.
Bu waka şunuň bilen sowuldy. Garamergene jeza bermek obanyň kazysy Aýatylla işana tabşyrylypdy. Olam öz gezeginde ogrynyň ýagyrnysyna on gamçy urmagy höküm edipdi. Bu jezany ýerine ýetirmekligi hiç kim boýun almady. Bar, ol günäli bolanda-da birini gamçylap durmak aýyp ahyry. Onsoň kim ony boýun alsyn. Aýatylla kazynyň hökümlerini ýerine ýetirýän serbazlary, jellatlary ýok. Onuň ýalňyz çykalgasy jeza bermekligi öz kakasyna tabşyrmak.
Şally baý özüne tabşyrylan zady ýerine ýetiripmi-ýetirmänmi, ony hiç kim bilenok. Bolmanda-da köpçüligiň öňüne çykarylyp ýenjilmeýär. Onsoň kim onuň ýagyrnysyny barlap ýör. «Seni ýençdilermi, ýençmedilermi?» diýip. Onsoň Garamergeniň jeza çekeni-çekmäni hiç kime belli däl. Bir zat belli, olam Garamergen birki aýlap, oba kän gara bermedi. Gaçak-sapak onda-munda gezdi. Ýöne başga bir ýagdaýy oba bilmese-de, Garamergen bilýärdi. Olam Garamergen bir gezek öýlerine geleninde, onda-da gije geleninde, kakasy oňa ogurlyk etmezligi, iliň gözünden düşmezligi tabşyrmagyň, sargamagyň deregine şeýle diýipdi:
— Sen bu ýeňiýoluklaryň garşysyna göz-görtele gitme. Olar seni depelemekdenem gaýtmazlar. Häzir ähli güýç Iner golagyň, Ahal ýetimiň elinde. Bu kakabaş halk üçin seniň baýlygyň bir aşyk.
— Näme indi şol ýer urup ýerde galanlaryň önünde bilimi büküp ýörmelimi?
— Gerek bolsa biliňem bükmeli borsuň, başyňam egmeli borsuň. Seniň Eýranyňky ýaly, Hywanynky ýaly goşunyň, serbazly döwletiň ýok. Hany «Ýetiş!» diýeniň-de nökerlerini iberip, ýeňiýoluk azgynlaryň merkini beräýjek güýç, uly döwlet. Iň bärkisi Maru-Şahu-jahanyňky ýaly arkaňy diräýere daşy nökerli hanyňam ýok. Bu ýerde başyň-başa-da, jan jana. Muňa Kesearkaç diýerler. Munda it eýesini, pişik bikesini tananok — diýip, Şally baý ogluna ýüreginden syzdyryp gürrüň beripdi. — Günüň üçin güniň ogluny allalamak aýyp däl. Durmuşyň özi şoňa gurlupdyr.
Kakasynyň janyndan syzdyryp beren gürrüňine Garamergen düşünmän duranokdy. Garamergene gerek zat baýlykdanam beter şöhratdy. Ol şöhrat üçin her zatlar etmekdenem gaýtjak däldi.
— At-abraý üçinem, şöhrat üçinem ilki bilen baýlyk gerek. Baýlygyň bolsa sen hemişe iliň gözündesiň. Şonuň bilen hemme ýerde ýol alarsyň. «Berim gökden ýol ýasar» diýip ýöne ýere aýdylan däldir. Baýlygyň bolsa, bermäge zadyň bolsa bolany. Esasy zat baýlyk... baýlyk... baýlyk...
Ine, şu sözlerem Şally baýyň sözleridi. Özem Garamergene aýdylan sözler. Ýok, olar häzir aýdylan zatlar däl. Baý ony bir wagt aýdypdy. Ýöne-de aýtmandy. Ony Garamyradyňam, Garamergeniňem gulagyna gurşun guýan ýaly edip guýupdy. Garamergen kakasynyň bu sözlerine ýüregi bilen ynanypdy. Şonuň üçinem ol özüniň haňlap ýatan saraý ýaly gara nebsini ogurlyk bilen dolduraýjak bolýardy. Garamergeniň işini gören, masgara eden zat baýlykdy. Gadym kitaplaryň birinde şeýle diýilýärdi: «Eý, sen, adam öwlady! Eger men saňa baýlyk bersem, sen meni ýatdan çykararsyň. Sen baýlygyň guly bolup galarsyň, baýlyga sežde edersiň...» Şol kitapda aýdylyşy ýaly Garamergenem baýlygyň guly bolup galan, adam öwladydy. Ol özüniň ile peçan bolup galmagyny özündenem, özüniň gara nebsindenem görenok. Ol bu zatlaryň düýp özeni Ahal diýip hasap edýärdi. Eger şu Ahaly dünýäden ýok edip bolsa, ähli zat düzeläýjek, masgaraçylyklaryň birem bolmajak ýalydy.
Oba adamlarynyň gözüniň öňünde onuň mertebesini peselden wakalaryň ýene biri bolupdy. Ine, şoňa welin Ahalam, hiç kimem daşyndan gelip gatnaşmandy. Bu wejeralyga, bu hasratly waka gatnaşanlar Aýşa gyrnak bilen Garamergeniň ejesi, kakasy hem özüdi.
Naryz kürtüň gelni Aýşa obada iň owadan gelinleriň biridi. Onuň tegelek ak ýüzüne, inçeden uzynak syrdam boýuna türkmen aýallarynyň eşikleri has-da gelişýärdi. Onuň egninde täze eşigi ýokdy. Ol täze eşigi ilki çykyp gelende, toý edilen güni geýipdi. Olam öz eşigi däldi. Hajatyň eşikleridi. Toý sowlup il aýagy çekileň bada, ol eşikleri Aýşanyň egninden sypyryp alypdylar. Onuň häzirki geýip ýören eşikleri hem Garamyradyň aýaly Hajatyň, Şally baýyň kiçi gelni Sadabyň köneldip içinden çykan eşikleridi. «Göwher kül içinde» diýlep nakylyň çyndygyny-däldigini bilmek üçin Aýşa gyrnaga seredäýmelidi.
Oňa şeýle mahabat bermezçe-de däldi. Ýaşmagyň üstünden goşa köl ýaly lowurdap görünýän goşa dide, ganatlaryny giňden ýaýyp, şol köllerden agzy bilen suw daşaýan goşa garlawaç ýaly gara gaşlar, gerşini güne çoýup, meýmiräp ýatan ak urpak ýaly ak maňlaý, gündiziň üstüne abanyp gelýän gije ýaly bolup börüginiň astyndan görünýän gara saçlar men diýen ýigitleriň ýüregini sersdiripdi. Olaryň duýgusyny gozgapdy. Adamlara «Naryz kürt gulam bolsa, gelinden bagtly eken» diýdiripdi. «Wah, Naryz kürt bolup doglan bolsam bolmaýamy?», «Aýşa ýaly gelin bersinler-de meni ömür boýy gul edip saklaýsynlar» diýýänlerem az däldi. Onuň daşyndan gözüni çarhlap ýören ýigitlerem az däldi. Ine, şolaryň birem, onda-da işdämenlik bilen, nebsewürlik bilen seredýänleriň birem Aýşa gyrnagyň hojaýynynyň ogly, Şally baýyň aýaly Ogulnuryň süýjüdip aýdyşy ýaly, Aýşanyň ýüwürjisi Garamergendi.
Garamergeniň aýaly Sadabyňam görki hiç kimiňkiden pes däldi. Obada owadan diýilýän gelinleriň biridi. Seredeniňde peýkam ýaly şapba içiňden geçýän gara gözler, şahyrlar aýtmyşlaýyn, däli çebşiň gözleri ýaly gözler onda-da bardy. Ýüzi Aýşanyňky ýaly ak däldi, garaýagyzdy. Boýy ortadan aşakdady. Ýöne inçesagt owadandy. Ony has owadan görkezýän zadam synasyna gelşip, şaplaşyp duran çigildem güli ýaly keteni köýnegidi. Ýokarsy golçur goçakly goşa saýlan nagşy salnan ýakanyň iki gapdalyndan topragy güberdip gelýän gelin kömelek ýaly tümmerip duran göwüsleridi. Keteni köýnegiň eteginden görünýän içki eşigiň älem, çaňňa ýaly nagyşlarydy.
Obanyň Tarhan ýaly, Ilaman ýaly dilewar ýigitleri; «Akdandyr — ukdandyr, ilde-günde ýokdandyr», diýip, Aýşanyň tarypyny etseler, «Garadandyr-guradandyr, ýürek-bagryň eredendir» diýip, Sadap hakynda aýdýardylar. Sadabyň şeýle gelindigini diňe Garamergen duýanokdy. Ol özüni Sadap ýaly sölitä rowa däl hasap edýärdi. Ýöne welin Sadap onuň aýdyşy ýaly sölite däldi, dogumlydy. Eden işiniň kemini goýmaýan şetdat ýaly gelindi Garamergeniň: «Itiň boýnuna göwher daksaň, item aglar, göwherem» diýip köp gaýtalaýan nakylyny ilem öz ýanyndan aýdýardy. Ýöne iliň aýdyşynyň Garamergeniňkiden üýtgeşik ýeri, göwher diýip, Garamergen däl-de, Sadap göz öňünde tutulýardy.
Aýşanyň boýuna, syratyna aşyk bolup, güneýiň gary ýaly pagyş-para eräp barýan Garamergen ony her görende, lak atasy gelip, dili gijäp durdy. Bir görende: «Sen-ä gyrnagam bolsaň ig gelinlerden gowy» diýip, ýene bir görende: «Naryz kürte dözer ýaly däl» diýip oňa lak atýardy. Ine onsoň bir gün...
Şol gün tomsuň yssy günleriniň biridi. Ogluny alyp, Sadabyň atasy öýüne görme-görşe düýnki gidişidi . Günortanyň garaňkysy diýilýän wagtdy. Şally baýam gözenegi açyk öýde süýji uklap ýatyrdy. Garamergeniň ejesi gara öýüň çep böwründe ik egrip otyrdy. Salkyn tamda çäşerip ýatan Garamergen:
— Maňa bir çaý beriň — diýip, penjireden gygyrdy.
Häzir Sadab-a ýok, bolaýanda-da gaýnatmalam, demlemelem Aýşady. Aýşa bir çäýnek çaý bilen bir käse alyp gapydan gireninde Garamergen tarsa ýerinden turup dik oturdy.
— Getir, şu ýerde goýaý — diýip, oňa ýer görkezdi. Aýşa çäýnegi goýanyndan, Garamergen onuň elinden şapba tutup, özüne çekip goýberdi. Aýşa, güpürdäp, onuň gujagyna doldy. Inçe bilinden elini geçiren Garamergen ony bagryna basyp, alma ýaly ýaňagyna agzyny goýdy. Ilki güpürt-tapyrtlykda aljyran gelin birden çirkin gygyrdy. Ol öýden hasanaklap gelen eli ikli, pişgeli Ogulnur näme bolanyny ilki aňşyrmadymy ýa-da dili tutuldymy, garaz, esli wagt gözlerini mölerdip durdy. Birdenem uly gykylyk etdi.
— Bu näme boldugyň ýerçeken? Öňki masgaraçylygy az görýäňmi? Azan meýit! Kakasy, ýet, muňa özüň çäre göräýmeseň boljak däl!
Süýji ukudan oýarylan Şally baý ilki ýagy dökülendir öýdüp, hopugyp ýerinden galdy. Ol daşaryk ylgajak bolup, aýagyna sokýan hokgasyny gözledi. Ilki-hä oňa gözi düşmedi. Tapandan soňam aýagyny sokup bilmedi-de aljyrady. Ol nämäniň-nämedigini aňandan soňra Garamergeniň iç işikde asyp goýan gamçysyny aldy. Kakasy gamçyny galdyranyndan, Garamergen elini daldaladyp, ýapyrylyp ugrady. Otly gamçy onuň elinem, ýagyrnysynam daglap geçdi. Ol bir gamçy, iki gamçy çalany bilen oňmady. Şally baý ukudan çirkin sese tisginip oýananyna gahar etdimi, ýa-da oglunyň kakabaşlygy halys ýüregine düşüp etdimi, ýa ony ikini islemez ýaly mazalyja awundyraýyn diýdimi, garaz, ol birki gamçy bilen saklanmady. Şarp, şarp, şarp. Garamergen dazyrdap daşaryk çykdy. Kakasy onuň yzyndan galmady:
— Waý, kaka! Waý, kaka! — diýip, uly gykylyk edip ýapyrylyp gaçdy. Çagaly-çugaly uly adam «Waý, kaka!» diýip gaçyp ýörse gelişmejek ekeni. Beýle diýseň Garamergeniň öz eden işem gelşip baranok.
Bu wakany hiç kim gören däldir, bilen däldir öýtdüler. Ýöne welin ol oba basym doldy. Ol diňe Garamergeni däl, iliň gözüniň önünde bütin maşgalany pese saldy. Has beterem Ogulnura, Şally baýa agyr boldy. Olar maşgalanyň garamatyny göterýän adamlar. Ozalam akylly-paýhasly adamynyň aýdyşy ýaly harasat ähli gazabyny uly agaçlardan çykarýar. Aşakdaky otlar bilen gyrymsy agaçlar, çöpler bilen onuň işem ýok. Olar harasady duýubam duranoklar. Şol wakadan soň gorkdumy-nämemi, Aýşa telim günläp gyzdyryp ýatdy. Gijelerine tisginip oýandy. Agzyna uçuk gaýnady. Ogulnuram, Sadabam ylgap onuň hyzmatyny etdiler. Başga ýagdaýda kesellän bolsa, gyrnaga beýle hyzmatam etmezdiler. Häzir welin bütin maşgala onuň öňünde günäkärdi, il-günüň öňünde bolsa wejerady, ryswady. Garamergen obadan birnäçe günläp ýitirim boldy. Ogulnur bilen Şally baý ile çykyp bilmän, içerde gömlen ýaly bolup oturdylar. Maşgalanyň üstüne äpet garaguş abanyp, gaýmalaýan ýaly, gara bulut çöküp, ony basmarlaýan ýaly, dem almak kynalan ýaly boldy.
Goýun üstünden Naryz kürti çagyrdylar. Ol Aýşany düýä mündürip, çöle alyp gitdi. Ol gidensoň öýdäki aýallaryň eli kesilen ýaly boldy. «Aýalymy öldüren uşajyk iş» diýen ýaly, ownuk işleriňem hemmesi Sadabyň boýnuna dökülip galdy. Ýöne welin, içeriň howasy ýuwaş-ýuwaşdan maýlap ugrady. Çilläniň doňy kem-kemden çözülýän ýaly, ýagtylýan ýaly bolup ugrady. Hiç kim bolan wakany Garamergene-de, Ogulnura-da, Şally baýa-da kakdyryp, kinaýaly şerebeläp durmady. Onda-da sähelçe rüstemräk gepem, bijaý oklanan sözem zyňlan daş ýaly bolup, şol ýara degýärdi, maşgalanyň ýüregini awudýardy.
Garamergeniň şular ýaly kakabaşlygy, kakasynyň halys süňňünden ötüp, ýürek-bagryndan syzdyryp aýdyşy ýaly ile peçan näkesligi onuň öz daşyny çolartdy. Onuň gepine gidýänler, onuň diýenini edýänler möjek gören keýik sürüsi ýaly ondan ürkdi.
Näme diýseňem il-gün gowy. «Bu daş gyýçak, elleseň eliňi parçalajak» diýip ony zyňyp goýbermediler. Toýuna, ýasyna mürähet edip, meýlisine, maslahatyna çagyryp dur. Ogulnur aýtmyşlaýyn «il arkaly». Edil arwana mal ýaly hiç zady göwnüne almaýar. Näme ýükleseňem göterýär. Ýöne şol ýükçi arwana ýaly giň göwrümli il seni taşlamasyn. Eger gerekmejek daş ýaly, göçülen ýurtda galan garagurum ýaly taşlasa, onsoň hiç bir güýç göterip bilmez. Şoňa çenli welin il giň göwrümlidir, arkalydyr.
Bu günem tamyň kölegesine keçe atdyryp, Garamergen edere iş tapman, öz-özi bilen düzzüm oýnap otyrdy. Iki tarapynam özi göçüp, kä goşa düzüp, kä ýeke düzýärdi. Şol gümra bolup oturyşyna öňünde peýda bolan ýigdekçäni görüp, başyny galdyrdy.
— Gara kaka, seni Iner agalara çagyrýarlar.
— Näme üçin? — diýip, Garamergen endigi boýunça sorady. Ýogsam ol näme üçin çagyrylýandygyny bilýärdi. Bu gün maslahat bar. Hywadan bir maşgala göçüp gelipdir. Ýöne göçüp gelen däl-de, gaçyp, gizlenip ýören maşgalamyş. Şolary kabul etmelimi ýa-da dälmi? Ine şonuň maslahaty. Olary obaňa kabul edip, oturara ýer berseň, bardy-geldi han atlylary idäp geläýse, ony oba bolup goramaly. Gan döküşikli çaknyşygyň bolmagy ahmal. Şonuň üçinem maşgalany kabul etmezden öňürti ýedi ölçäp bir kesmeli. Han atlylary idäýende-de, ony gorajak ilata, gylyjyny syryp ata çykjak ýigitlere sala salmaly. Goý, olar soňundan: «Biz-ä ony bilmedik. Bu ýaşulularyň eden işi» diýmesin. Ýigdekçe habaryny aýdyp gidenden soň, Garamergen düzzümiň daşlaryny, jäjeklerini çöpläp, eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi-de:
— Dony çykar! — diýip, Sadaba gygyrdy.
Owadan gözleriniň gytagy hemişe ýylgyryp duran Sadap Garamergeniň gyrmyzy dony bilen gara silkme telpegini çykardy. Howa maýyldy, yssa ýakyndy. Onda-da ol gyrmyzy dony ýasgynjak atynyp, telpegini başyna geýdi. Ýaşulularyň ýanyna başy açyk, köýnekçe baryp bolmaz ahyry.

Edebiýat, sawyer tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir