Dowam 4
Sondan son kan wagt gecip-gecmanka, otuz yedinji yyl bularyn ustuni basdy. Basdy-da, yany ayak ustune galyp ugran Akynazar yekeoylinin ellerini arkasyna tutdyryp, idenekledip alyp gitdi. Onun «halk dusmanydygyny»,«kuyze-kuyze gyzyl gomup goyan cuyruk baydygyny», «sonun ucinem mydama onki baylaryn, beglerin tarypyny edip geledigini» obadaslary son esidip galdylar. Yone, kembagallykdan, keselden yana eñkamy gidip, wagtyndan on gojalan bu kisi halka hacan dusmancylyk edipdir, nadip edipdir, «kuyze-kuyze gyzyllaryny» nirede gomup goyupdyr, umuman, ol hacandan bari «gyzylly» bolupdyr - bu zatlary hic kim bilmedi.
Akynazar yekeoyli bilen bile soragda bolanlar, son-son, onun her sowalyna dine hahahaylap gulmek bilen jogap berendigini yatlardylar.
Aydyslaryna gora, Akynazar yekeoyli sorag edyani "yaman onarypdyr": "Hawa,bizin oyumizde bir bayymyza bar" diyipdir. "Ä-hã, ã-hâ...Ady, familyasy?" diyip, soragcy hüserilipdir. Akynazaram: "Äy, pamylyasyn-a bilemok, yone ad-a Alabay!" diyipdir.
Oyden alyp gitmezlerinden önurti, Akynazar aga yzynda galyanlara seredip, bir durdy-da:
- Oglum, gyzym! Men basym geljek bolaryn - diydi. - Eger birden gelip bilmesem...onda oy-icerini, Guljemal, sana tabsyryan, senem Oraza tabsyryan, ikinizi bilelikde-de...Dowlete tabsyryan! - diydi. Yran-daran bilen cykyp baryarka,yene yzyna owrulip:
-Esitdinmi, Guljemal? Esitdinmi,Oraz? - diydi.
Biri-birine gysmyljyrasyp duran iki dogan bile bas atdylar.
Akynazar yekeoyli gelip bilmedi. Guljemal onun wesyetini tutdy. Sondan son Kasymyn dutarynynam yagyrnysyna biraz yel calan yaly boldy.
Anna-da oylendi. Nesibesindakini alyp, torune gecirdi-de, bar ahmyryny sondan cykaryp,kosesdi.
Sol wagtlar Oraz eyyam mekdebe gatnap,okap yordi.

* * *
Hawa, Anna oylendi. Yuzlerem,ayaklaram ozuninka menzapjik duran iki sany ogully boldy. Ol ulujysy Atamyradyn oglana gelismeyan, okara yaly gozlerine, horja gowresini ka goterse, ka goterip bilmeyan ayaklaryna gen galardy, gyylardy. Ondan kicisi Atajanyn oz agasynyn elinden tutyp, «Pay,pay,pay!» diyip,yoremegi owredisine Annanyn hem gulkusi tutardy,hem bogazy dolardy.
Towerekde hic kim yok wagty, Anna olary «Gowkujam! Gowkujalarym!» diyip soygulardi.
Annanyn oz cagalaryny soyguleysem uytgesik. Ilde yok sozlerem tapyar:
-Hãy, çamçyk («samsyk» diydigi), iki çany (sany) çamçyk-da su!
- Ey, mossy (munun namedigi belli dal), mosalak (bu-da belli dal)!
-Çen (sen) kakan momanak (bu-ya duypden namalim soz) o-olumy (oglumy)?
Bir gezek Annanyn, towerekden bihabar, ogullaryny gezek-gezegine dyzyna mundurip, «gus dilinde» gurlesen bolup otursyny totanden goren Kasym:
- A-how, Anna, juda beydip nemediberme-how, suyt-puyt inaymesin birden! - diyip ony utandyrdy.
-Suyt inenin nam-ay?
-Ay, erkegin caga juda mahri gitse,gowsune suyt inayyarmis diyyaler. Bizink-a bir esitmis-how...
- Äy, ynha, senem oylenersin, perzende yuzun duser welin, onsan bilersin name inip- name inmeyanini - diyip, Anna hunurdedi. Ogullaryny dyzyndan dusurip, ejelerinin yanyna kowdy.
Kasymyn bigam kesbine birden gam kolegesi cayylyp gitdi.

* * *
Dowlet «towuklyja toy» berip,goslaryny arkasyna alagada, yekeoylilerinka gocup gelen gununden, Oraz ikisinin jyny alysdy gitdi. Oraz ony iki esse, iki adamlyk soygi bilen soydi.
Dowlet bilen dostlasaly bari, Orazam dymmany,kate-kate namedir bir zatlaryn pikirini edip, yer cyzyp oturmany cykardy. Yone Dowlet onun ozune oykunjek bolup, dert-azara galyp yorsune gulmezdi. Gaytam:
- Gayyn, namanin pikirini edyan? - diyip,garacyny bilen sorardy. Onsan
olaryn ikisem dymsyp,yer cyzysyp baslardylar.
Bularyn bolsuna seredip, Guljemal yylgyrardy. Yone olaryn «pikirini»
bolmezdi. O-da son-son jak-jaklap
gulmesini juda seyrekletdi. Dine, oz-
ozune gorkezme berip, ylgap yorsi onki
Guljemaly yatladyardy. Sonra ol ylgamasynam goydy.
Ay aylanyp, yyl gecip, Orazjygam dayy boldy. Sonrak iki adamyn dayysy boldy.
Ol yuzin yatyp, ici yegenli sallancagy ayagy bilen uwrap otursyna, bogun-
bogun bolup, kitap okamagy gowy
gorerdi. Yegen aglap baslasa, Oraz
dasyndan,gaty ses bilen okap ugrardy.
Gen yeri, ol kitabyna seredip, «Ol-ola -
olary gö...gören...» diyip, gygyryp
ugradygam, yegenjigi sesini tapba
keserdi, dine gozjagazlaryny elek-celek
edip, dodajyklaryny kemsertmek bilen
onardy. «Bu-da dusunyarmikan-ay?» diyip, Oraz sonda oz-ozunden pikire giderdi. Sonun ucinem, okayan kitabynyn gorkulyrak yerlerini ol dine icinden okardy.
Bir gun ol okap gutaran kitabyny mekdebin kitaphanasyna eltdide,yerinde goyup, basga birini sogurdy. Sol pursat yensesinden biri:
- Goy kitaby! - diydi.
Orazjyk ziñk edip, yensesine ganrylsa, bir ullakan gyz ustune abanyp dur.
-Bayyn ogluna kitap okamak bolanok! - diyip, ol gyz jabjyndy.
Sol gun Orazy kosesdirmek Dowlete is boldy.
Orazjyk kosesse-de kosesdi welin, yone kem-kem adamlardan yadyrgamany cykardy. Onun gownune, her deninden gecen, onunden cykan: «Yekeoyli! Bay ogly!» diyip, gygyryberjek yalydy. Koceden geciberse,her öÿun penjereinden biri barmagyny commaldyp, «Anha, bay ogly baryar, yekeoyli baryar!» diyip duran yalydy.
Sondan son Orazjygyn bar syrdasy,dertdesi dine Dowlet boldy.
Kyrkynjy yylyn bir yerlerinde-de Dowlet saherden dasy «Gorogly» diyen yazgyly tazeje kitap getirdi. Sol kitap hat-sowatdan bihabar Dowletin ozunem yesir aldy. Ol uzak gijeler körmus cyranyn ysygyna «Goroglyny» okadardy. Oraz yuzin dusup yatysyna, «Gö...Gorogly Be...beñ...Beñgama baran...» diyip, irginsiz sakawlayar.
-Dur-how, Weyeññäme bolaymasyn? - diyip, Dowlet onun unsuni bölyar.
- Wiy, howwa,«Weyeññame!»
- Hä-ã, aytdym-a men...Okaber.
Beylede,uklap bilman,agdarynjyrap yatan Guljemal bolsa kate:
- Ertir turayyn-da, sularyn Weyeññamini bir ojaga dykayyn-la! - diyer.
Onun bu eymenc «niyeti» Orazdyr Dowletin birbada hayyny alyar, olar biri-birine «Cus-de-cus» bolsup, Guljemalyn uklaryna garasyalar.
Son-son, "Ay, suny oz icimden okap bir hezil edeyinle!" diydimi-namemi, garaz, Dowlet hat-sowat owrenmage talapkar boldy. Indi Oraz uzak gijeler ona ders bermeli bolyardy. Dowletin dusnuksiz bir zatlar cyrsap otursyny gorup, Oraz kate: "Ay, nadyan-ay?!" diyip, onun ustune gygyrardy. Dowlet dine muynli yylgyrayyardy. Onun cep eli bilen yazylan,caysyk-caysuk harplaryny gorkezip:
-Gayyn, sunym dogrym-ay? - diyip, sandyraklap otursyny gorsen, hem gulkin tutyar, hem nebsin agyryar.
Ol derslerem indi yatlama, gecmis...

Köneler, Gowjam tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir