Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlaryň abadan, asuda we bagtyýar durmuşyny üpjin etmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, obalarymyzy, şäherçelerimizi we şäherlerimizi ajaýyp keşbe beslemek ugrunda bimöçber işler amala aşyrylýar. Ajaýyp ösüşlere beslenýän döwrümizde raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, sebitleri senagat taýdan ösdürmek babatdaky işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Şundan ugur alyp, etrapda we şäherde bu ugurda netijeli işler durmuşa geçirilýär, ilatly ýerler barha özgerýär. Bu gün oba ýerlerinde uzakmöhletleýin ýeňillikli bank karzynyň hasabyna isleg bildirýän raýatlar üçin gurulýan ýaşaýyş jaýlaryň gerimi barha giňeýär. Ýokary amatlyklary bolan şeýle owadan binalar ilatly ýerlere özboluşly görk berýär. Eziz Watanymyz häzirki döwürde ägirt uly gurluşyk meýdanyna öwrüldi. Paýtagtda we ähli welaýatlarda köp sanly maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar, iň döwrebap we ýokary tehnologiýaly täze senagat kärhanalary gurulýar, durmuş – medeni maksatly desgalar bina edilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim, saglyk, medeni we sport maksatly desgalaryň gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilmegi halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjin etmäge gönükdirilendir. Ähli amatlyklary özünde jemleýän täze jaýlara göçüp baran bagtyýar maşgalalar täze ýaşaýyş jaýlarynyň toýuny ulydan belleýärler. Türkmen halky öz öý-ojagyna iň gowy arzuw isleglerini, ýagşy umytlaryny siňdirýär. Göwni ýaly öýüni gül-pürçige besleýän türkmeniň täze öýüniň toý-baýramyny uludan tutuşy-da diýseň täsindir. Bu ýerde adamlaryň rahat ýaşamagy, oňaýly dynç almagy, şeýle-de ýaş nesilleriň bilim almagy üçin zerur şertler – mekdepdir çagalar baglary, saglyk hem-de medeniýet öýleri, sport toplumlary, söwda merkezleri we dükanlary, şeýle-de birnäçe seýilgäh toplumlary hem gurulýar.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir