Türkmen halkynyň sekiz asyr arzuw eden ýurt Garaşsyzlygyndan soňra taryh üçin gysga wagtyň dowamynda halkara giňişliginde gazanan ajaýyp ýeňişleriniň biri hem hemişelik butaraplyk derejesidir. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakyndaky Rezolýusiýanyň esasynda eziz Watanymyz dünýäde parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetliligi, deňhukukly hyzmatdaşlygy ileri tutýan hemişelik Bitarap Döwlet hökmünde ykrar edildi. BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň dünýädäki özara gatnaşyklarynyň aýratyn ornuny kesgitlän bu Rezolýusiýanyň kabul edilen senesi BMG-niň taryhynda hem möhüm senä öwrüldi. Geçen 22 ýyl parahatçylykly ösüşiň hereketlendiriji güýji bolmaga ymtylýan Türkmenistanyň Bitarap, parahatçylyk döredijilik syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde uly üstünliklere beslendi.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir