Habar ber-şeýledir. Magtymguly: O nämedir, ýaşyl-gyzyl öwüsýär? O nämedir, aýagy ýok towusýar? O nämedir, ýedi derýa böwusýär? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber! Durdy şahyr: Ol ekindir, ýaşyl-gyzyl öwüsýär, Ol ýylandyr, aýagy ýok towusýar. Ol balykdyr, ýedi derýa böwusýär, Bizden salam bolsun, jowap şeýledir. Magtymguly: O nämedir, ýakasy bar ýany ýok? O nämedir, ganaty bar gany ýok? O nämedir adam ýuwdar, jany ýok? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber! Durdy şahyr: Ol kependir ýakasy bar, ýany ýok, Kebelekdir, ganaty bar, gany ýok, Gara ýerdir, adam ýuwdar, jany ýok, Bizden salam bolsun, jowap şeýledir. Magtymguly: O nämedir, derwezesiz galadyr? O nämedir, penjiresiz binadyr? O nämedir, bir-birinden aladyr? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber! Durdy şahyr: Ol köňüldir, derwezesiz galadyr, Ol gabyrdyr, penjiresiz binadyr, Ol Aý-Gündür, bir-birinden aladyr, Bizden salam bolsun, jowap şeýledir. Magtymguly: O nämedir, iýmediler, doýdular? O nämedir, kyýamata goýdular? Ol kim idi, dabanyndan soýdular? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber! Durdy Şahyr: Ol didardyr, iýmediler, doýdular, Ol namazdyr, kyýamata goýdular, Nesimini dabanyndan soýdular, Bizden salam bolsun, jowap şeýledir. Magtymguly: O nämeden, ýedi ülkäni gezýän? O nämedir, bilini bir zat ezýän? O nämedir, adam mysaly syzýan? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber! Durdy şahyr: Ol çopandyr, ýedi ülkäni gezýän, Ol goýundyr, taýak bilini ezýän, Bedew atlar adam mysaly syzýan Bizden salam bolsun, jowap şeýledir. Magtymguly: O nämedir, toprak üste sürünmez? O nämedir, adamlara görünmez? O nämedir, hiç bir dona bürenmez? Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber! Durdy: Erenlerdir, toprak üste sürünmez, Ol beladyr, adamlara görünmez, Ýalan gürrüň hiç bir dona bürenmez, Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

Köneler, Hamush tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir