Isbirden obam Beýik Allañ nazar salan topragy Kòñlimiñ buýsanjy Isbirden obam Gòzel haýran edýàr kòpleri Gòzlermiñ guwanjy Isbirden obam Şagirtleriniñ gany siñen ýaýlaña Janym,ruhum aýlanyp ýòr gaýbana Ýaş ýùregim gelýàr bu gùn heýjana Kòñlimiñ buýsanjy Isbirden obam Ómrimiñ òrki sen dùnýàmiñ gòrki Jan-jiger baýlygym bar zadym señki Gòzlermiñ garasy ýùregmiñ erki Erkana topragym Isbirden obam Gaýrasyna kanal suwy çekilen Ilersine bag-bakjalar ekilen Adyñ òwilýàniñ ady dakylan Gudrat keremat sen Isbirden obam Toý gùnùnde gaýgy-gussa ýat bolar Bagşyñ sesi bùtin oba ýañ salar Ýas gùninde òten-geçen ýatlanar Haýyr sahawatly Isbirden obam Wasbyñy aýdar men ajap heñ bilen Gùr baglygyñ gùlzarlyga deñ gelen Şadyýan gùnlerim geçdi señ bilen Màhribanym topragym Isbirden obam Atalarmyz bardyr pàhimli-pentli Enelermiz bardyr arassa kalply Ýigitleri merdem,gyzlary gòrkli Ýaşar señ goýnuñda Isbirden obam Gerçeknazar sòzlese señ tarypyñ Goşga sygmaz òlmez-ýitmez taryhyñ Gunça gùller bark urup dur bar ysyn Tùkenmez taryhyñ Isbirden obam

Köneler, Gercheknazar tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir