Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“diýen kitabynyň halkymyza gowuşmagy bizi diýseň begendirdi. Kitapda çuňňur mazmunly, gyzykly maglumatlaryň berilmegi, geçmişimizi dabaralandyrýan hekaýatlar, aýtgylar biziň her birimiz üçin gymmatly täzelikdir. Türkmen halkynyň şöhratly geçmiş taryhyny beýan edýän kitabyň ilkinji sahypalarynda Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäherinde irki döwürlerde bar bolan kerwensaraýlar dogrusynda maglumat berilýär. Kitap alty bölümden ybarat bolup, onda dürli- dürli taryhy maglumatlar berilýär. Kitabyň „ Jeýhunyň ýakasy“ diýen bölüminde Daýahatyn kerwensaraýy, Hojadat galasy, Astanababa kümmeti, Hojapil obasy barada we bu ýerlerde küýzegärçilik senediniň ösendigi dogrusynda giňişleýin maglumat berilýär.Bu ajaýyp kitabyň „ Gadymy Merw“ diýip atlandyrylýan bölüminde Mary sebitlerinde uly şäherleriň, şol şäherlerde bolsa uly bazarlaryň, kerwensaraýlaryň bolandygy barada beýan edilýär. Kitabyň „ Sarahs bilen Änewiň aralygynda“ diýlip atlandyrylýan bölüminde Sarahs babanyň kümmeti, Pulhatynyň köprüsi dogrusynda maglumatlar berilýär. Kitabyň „ Daşoguzyň gadymy topragynda“atly bölüminde bu welaýatyň çäginde ýerleşýän taryhy, arhitektura we medeni ýadygärlikler hakynda, şeýle-de dürli döwürlerde bu sebitlerde ýaşan türkmenleriň durmuşynda bolup geçen wakalar örän gyzykly beýan edilýär. Kitabyň„Ertekiler dünýäsinde“ diýlip atlandyrylýan bölüminde türkmen halkynyň edim-gylymlary, däp-dessurlary, milli aýratynlyklary çeper suratlandyrylýar. Bu kitapda „Özara gatnaşyklaryň medeniýeti, medeniýetleriň özara gatnaşygy, ine, Beýik Ýüpek ýolunyň köp asyrlyk tejribesi şonda jemlenendir, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasynyň sütüni , daýanç kökleri hem şondadyr“ diýip belläp geçýär. Pähim-paýhasa ýugrulan bu ajaýyp sözler bolsa, türkmen halkynyň geçmiş taryhynyň öz taryhy-medeni mirasynyň kömegi bilen öwrenilmegi ýaşlarymyzyň bilimi, geljegi üçin uly mekdepdiginiň şaýadydyr.

Köneler, Ashykaydynpir tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir