Her bir täze ýyly halkyň bähbidine, döwletiň ähmiýetine besläp, ata-babalarymyzyň mirasyna sarpa goýmagy endige öwüren hormatly Prezidentimiz 2018 – nji ýyly ‘’Türkmenistan – beýik ýüpek ýolunyň ýüregi’’ diýip atlandyrdy. Müňlerçe ýyllaryň dowamynda gündogardan günorta, günbatara, demirgazyga uzap giden uzak ýollar dürli döwletleri, halklary, olaryň medeniýetlerini ýakynlaşdyryp umumyadamzat siwilizasiýasynyň ösmegine uly itergi beripdir. Beýik ýüpek ýolunyň halkara derejesinde dikeldilmegine Milli Liderimiz başlangyç berdi. Ýurdumyzda beýik ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýetini wagyz edip, ýylyň dowamynda şatlykly baýramçylyklary, sport çärelerini, ylmy maslahatlary geçirmeklik göz öňünde tutulýar. Şolaryň iň ähmiýetlileriniň biri hem ‘’Türkmenistan – beýik ýüpek ýolunyň ýüregi’’ atly şygar bilen geçiriljek ‘’Amul–Hazar 2018’’ halkara awtorallisidir. Watanymyzyň gündogaryndan – Amuldan, günbatara – Hazara çenli aralykda guraljak bu halkara sport bäsleşigi, milli awtomobil sportunyň ösmegine, ýaş awtomobil sportuny söýüjileriň uly toparynyň döremegine ýardam berer. Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni edil Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýaly, Türkmenistana gönükdirjek bu ýaryşlar millionlarça tomaşyçylarda gyzyklanma döreder. Biziň ildeşlerimiz – türkmenistanly türgenler hem bu ugurdan halkara ýaryşlara gatnaşyp öz tejribelerini kämilleşdirýärlär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda biziň ýurdumyzda Awtomobil sportunyň milli merkezi döredildi. Paýtagt şäherimiz, ak mermerli Aşgabatda we beýleki şäherlermizde gurulan we guruljak tehniki taýdan has kämilleşdirilen awtodromlar bu ugurdan ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaklyga uly mümkinçilikleri döredýär. Gahryman Arkadagymyz 2009–njy ýylda Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ýerleri boýunça, Rossiýa Federasiýasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Ata watanymyz Türkmenistanyň çäklerinde gurnalan ilkinji awtoralli ýaryşyna badalga berdi. Soňra biziň türgenlerimiz Rossiýa Federasiýasynyň dürli şäherleriniň arasynda gurnalan marşrutlar boýunça geçirilen awtorallilerde üstünlikli çykyş etdiler. ‘’Amul – Hazar 2018’’ halkara awtorallisine 7 -nji fewralda badalga beriler. Halklaryň arasyndaky dostlugy berkitjek, sporty şöhratlandyrjak bu çärä uly gyzyklanma bilen garaşýarys.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir