Orsýetiň iň güýçli, uly portallary bolan Mail.ru, Yandex we Rambler sahypalarynda reklama bermek üçin näçeräk manat tölemelidigi sizi gyzyklandyrýan bolsa gerek. Eger gyzyklanýan bolsa onda... Mail.ru Mail.runyň baş sahypasynda 500x200 ululgyndaky reklamany ýekeje günjik görkezmek üçin näçe gerekdir öýdýäňiz? Ylaýyk 63 000$ barabardyr. Elbetde muňa puluňyz ýetmese azajyk arzanraklary hem bar. Suratdaky \"Tizer\" diýen ýeri almak üçin gününe 15 000$ tölemeli. Egerde ikisini hem bilelikde almak isleseňiz onda 205 000$ tölemeli. Sebäbi hiç kimiň reklamasyny alman diňe siziňkini görkezer. Yandex Gepi çekip wagtyňyzy alyp otyrmaýyn. Gününe 40 000$ berseňä 728x90-lyk ýerä bar. Ýogsamam bar Ramblera gidäý.. Rambler Rambler sahypasyny ýasalanda ýörite reklama üçin ýasan ýaly, her çünkinde bir bölek reklama üçin ýer bar. Jemi 3 sany ýer bolup 728x90-ligi 50 000$, 190х150-lygy bolsa $25 000 we 25х150-lygy $36 000 barabardyr. Diýmek Rambler GÜNDE diňe baş sahypasyndan $111 000 gazanýar.

Köneler, agajanh tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir