Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamany kabul etmegi hormatly Prezidentimiziň ulag diplomatiýasynyň nobatdaky üstünligidir. Hormatly Prezidentimiz ulag ulgamynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini we halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde aýratyn uly ornunyň bardygyny göz öňünde tutup, ylmy taýdan esaslandyrylan, sebitiň, bütin dünýäniň ýurtlaryna bähbitli, abraýly halkara guramalary tarapyndan gyzgyn goldaw tapan başlangyçlary yzygiderli öňe sürdi. Bu başlangyçlary işjeň durmuşa geçirmek üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirdi. şol geçirlen işleriň netijesinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” baradaky Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmeginiň düýp sebäbi hem onuň ähli döwletleriň milli bähbitlerine laýyk gelýändigidir. 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyry Kerki (öňki Atamyrat) Ymamnazar Akina demir ýoly ulanmaga berildi. Mundan başga-da 2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Serhetabat (Türkmenistan)—Turgundy (Owganistan) aralyga täze demir ýoluň gurluşygyna badalga berildi. şu we beýleki tutumly işler, Türkmenistanyň alyp barýan halkara bähbitli ulag syýasatyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň dünýä jemgyýetçiligine hödürleýän teklipleriniň hemmetaraplaýyn öwrenilip we ylmy taýdan esaslandyrylyp durmuşa geçirilýändigi uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistan dünýä giňişliginde güýçli depginler bilen ösýän, halkara meselelerini täzeçe çemeleşmeleriň esasynda ähli ýurtlaryň bähbidini göz öňünde tutup çözmek ugrynda çykyş edýän ýurt bolup durýar. Bu işleriň başynda duran hormatly Prezidentimize Watanymyzyň geljegi ugrunda edýän uly aladalary üçin tüýs ýürekden alkyş aýdyp, janynyň sag, belent başynyň aman bolup, tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaç almagyny arzuw edýäris.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir