Türkmenistanlylar Täze, 2018-nji ýyly uly dabaralar bilen garşyladylar we ony agzybir maşgala hökmünde dabaralandyrdylar. Biz Sagdynlygyñ we ruhubelentligiñ ýyly bolan hem-de ýatdan çykmajak köp sanly täsirler, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça ʰ Aziýa oýunlarynyñ ägirt uly üstünlik bilen geçmegi mynasybetli ýakymly wakalar bilen añymyzda galan 2017-nji ýyly uly abraý bilen tamamladyk. Tebigy gazy iri öndüriji bolup duran Türkmenistana häzirki çylşyrymly şertlere uýgunlaşmak we ösüş depginlerini saklamak başartdy. Mundan başga-da, ýurdumyzyñ senagat toplumyny köpugurly esasda ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler işjeñleşdirildi, tebigy gazyñ çykarylýan möçberlerini artdyrmak, täze turbageçirijileri gurmak, tebigy serişdeleri özleşdirmek, ykdysadyýetimiziñ döwlete dahylly bolmadyk pudagyna-telekeçilige goldaw bermek boýunça giñ möçberli maksatnamalar kabul edildi. «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyñ ýüregi» şygary astynda geljek 2018-nji ýylda köp sanly iri wakalar garaşýar. Halk Maslahatynyñ agzalarynyñ saýlawlary, agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, «Amuldan Hazara çenli» halkara awtorallisi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniñ owgan böleginiñ gurluşygyna başlamak ýaly möhüm işler bar. Täze, 2018-nji ýyl-it ýyly, biziñ üçin bolsa Wepaly alabaýyñ ýyly. Diýmek, bu ýyl tamamlanan ýyl bilen deñeşdirilende, has bereketli we ösüşli bolar, her bir işimize abadançylyk, rowaçlyk hemra bolar. Bize uly wezipeler garaşýar. Biz olary ýerine ýetirmek ugrunda ruhubelentlik bilen işläris we ol wezipeleriñ milli, sebitleýin bolşy ýaly, dünýä ähmiýetli wezipeler boljakdygyny bellemeli. Goý, Täze 2018-nji ýyl berkarar Watanymyz we mähriban halkymyz üçin abadançylygyñ, uly üstünlikleriñ, bagtyýarlygyñ ýyly bolsun! 2018-nji ýyl it ýylyna mahsus bolan joşgun hem aýdyñlyk bilen geldi, baýramçylyk kalplary, şatlykly gutlaglar ýañlanyp, ählumumy joşguny alamatlandyrýar. Biz täze ýyly açyk göwünler hem-de aýdyñ umytlar bilen garşyladyk, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyñ baştutanlygynda iñ batyrgaý hem-de uly arzuw-hyýallarymyz amala aşar!

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir