Asmandan geçip barýan uçarlaryñ yzynda ak tüssä meñzeş yzyñ galýandygyny hatda çagalar hem görýändir. Elbetde, bu ähli uçarlara degişli däldir. Eýsem,şeýle yz nähili ýagdaýda döreýär? Bu hadysa şeýle bolup geçýär. Ýagny, uçar gaty uly belentlikde barýan mahalynda ondan çykýan çygly howa doñýar we buga öwrülýär. Şeýlelikde, onuñ düzümi bulutlara meñzeş bolýar. Bu suw bugy uçaryñ hereketlendirijisinde bolup geçýän ýanyş hadysasynyñ netijesinde emele gelýär. Onuñ döremeginiñ esasy sebäbi, belleýşimiz ýaly, uçaryñ has belentden ýöremegi we ony gurşaýan howa ýagdaýynyñ aýratynlygydyr.

Köneler, Enkam tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir