Look and see, bakmak ve görmek... Seretýän, görýän zadyňa düşünmek gysgaça. Pelsepeçileriň dilinde näme diýilýärkä ? Kinolarda meşhur sahnalar bardyr, "Seretýän ýeriňde, şu taýda näme görýärsiň ?" diýilip berilen sorag we ymgyr manyly ýa-da manysyz jogap. Meşhur hekaýany bilýänsiňiz. Käsäni çagyldan doldurylanda okuwçylar üçin doly, mugallym üçin bolsa entäk hem boş ýerler bar bolup görünýär. Seretýän zadyňda ýekeje şekil görýän bolsaň, onda sen entäk köp derýädan ätläp, köp tamdyr nan iýmeli köşek. 15-16 ýyldan soňra "Gladiator" kinosyny täzeden seredip otyryn. 15 ýyl owal göremde "gyzykly taryhy, uryşly kino" hökmünde seredipdim, görüpdim. Görýän zatlam bezegli eşikler, ussatlyk bilen gylyç ulanyşy, ýüzi hyýrsyz daşary ýurt adamlar we ş.m zatlardy. Indi, indi bolsa, taryhy kino däl, şu wagtky döwrümiz, gönümel biz bilen baglanyşykly bolup geçýän ýagdaýlar barada düşürilen kino ýaly gelýär. Kajetsya, taryh powtorýaýetsýa eken. Taryh näme üçin gerek soragyna jogap tapman ýördim öz ýanymdan. Gerek eken, taryhy sikl täzeden gaýtalanyp biljek eken. Belki gaýtalanýan zat taryhy sikl däldir, adamzadyň tebigaty, ýaradylyşy ýa-da amýobadan, maýmyndan ewalýusýon ösüşi bilen bilelikde öz zandynda saklaýan aýratynlyklary bilen baglydyr. Gepiň gysgasy, şol "Gladiator" kinony täzeden görmegi maslahat bermek uzyn samyrdamagymyň asyl netijesi.

Köneler, acharsoz tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir