Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan watanymyzda oba senagat toplumyny, pagtaçylygy ösdürmekde birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeler pagtaçylygyň yzygiderli ösdürilmegine, pudagyň döwrebap kämilleşmegine oňaýly täsir edýär. Bu ugurda her ýylda Türkmenistanyň pagta önümleriniň halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly maslahaty geçirilýär. Pagta türkmen ekerançylygynda möhüm ekin bolup durýar, ol ýurdumyzyň eksportynyň saldamly bölegini tutýar. Onuň halk arasynda “ak altyna” deňelmeginiň özi hem, bu ekiniň hiç bir tebigy baýlyklardan kem durmaýandygyny subut edýär. Şona görä-de ýurdumyzda eksport üçin pagtanyň möçberiniň artdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan pagta süýümini Şweýsariýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe Respublikasyna, Şotlandiýa, Niderlandiýa, Singapur döwletlerine eksport edýär. 2015-nji ýylda ýurdumyz boýunça 344 müň tonna pagta süýümi satylyp, 390 million 926 müň 365 amerikan dollaryna barabar girdeji alyndy. 2016-njy ýylda ýurdumyz boýunça 313 müň 415 tonna pagta süýümi satylyp, 381 million 956 müň 068 amerikan dollaryna barabar girdeji alyndy. Şeýle hem 2017-nji ýylda ýurdumyz boýunça 101 müň 925 tonna pagta süýümi satylyp, 145 million 307 müň 091 amerikan dollaryna barabar girdeji alyndy. Häzirki wagtda Türkmenistan pagta süýümini ýerlemek boýunça dünýäniň belli kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Muňa mysal hökmünde: Şweýsariýanyň “Paul ReinhatAG”, “Farkot S.A.”, “ICT Trading Limited”, “Carvon Commodities Ltd”, “Darco Negoce S.A.”; Türkiýeniň “Mehmet Dogan DoCotton Group”, “Çalik Pamyk Dogal ve Sentetik Elýaf Tiç AS”, “Taraf Tekstilvbis Ticaret Limited Sirketi”; Latwiýanyň “SIA IHB”; Singapuryň “Olam International” hem-de BAE-niň “Cottoneks Trading DMCC” ýaly kompaniýalary görkezmek bolar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir