Beýik üstünliklere beslenen Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şahly senelere bilen beslenýär. Munuň özi agzybirlikden döwlet tapan, halallygy, adalatlylygy hem-de dost-doganlygy ýol-ýörelge edinen merdana halkymyzyň eşretli zamana ýetendiginiň aýdyň kepilidir. Biziň bagtyýar döwrümizde toýlarymyz toýa, baýramlarymyz baýrama ulaşýar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň güýzi has hem üýtgeşik boldy. Toýlarymyz goşa-goşadan geldi. Ine, 1-nji sentýabr - Bilimler we talyp ýaşlar güni. Sentýabr aýynyň 2-3-4-i bolsa milli Gurban baýramy. Ýene-de bu aýda dünýä ýaň saljak, Aziýa sebitinde ilkinji gezek Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna garaşylýar. Umuman, 2017-nji ýyl Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýyllaryň biri bolar. Ýurdumyzda bolup geçýän bu şatlykly wakalar biziň her birimiziň göwünlerimizi galkyndyrýar. Hemmämize mälim bolşy ýaly, 1-nji sentýabrda ýurdumyzda bilimler toýy toýlanýar. Ähli orta mekdeplerde, orta hünär okuw mekdeplerinde we ýokary okuw mekdeplerinde ilkinji jaň sesleri ýaňlanýar. Ýurdumyzyň ähli bilim ojaklary milli lybasdaky oglan-gyzlardan dolýar. Bu günki ilkinji jaňyň sesleri, esasanam, mekdebe birinji gezek gadam basýan çagajyklardyr talyp ýaşlar üçin has-da ýakymly bolýar. Arassaja geýnen, kalby tämiz çagalar ak mekdepleriň bosagasyndan ilkinji gezek ätleýärler. 1-nji synp okuwçylary özlerini has-da bagtyýar duýýarlar. Mekdebe ilkinji gezek gadam basan çagalara netbuk kompýuterleri sowgat berilýär. Bu bolsa olaryň gowy okamagyna, edepli-terbiýeli adamlar bolup ýetişmegine uly itergi berýär. Ata Watanymyzda ýaşlarymyzyň okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertler döredilýär. Soňky ýyllarda bilim ulgamynda uly özgertmeler durmuşa geçirildi. Mekdeplerde okatmagyň 12 ýyllyk bilim ulgamyna geçildi. Ýurdumyzda orta we ýokary okuw mekdeplerinde okatmaklygyň möhletleri we berilýän bilimiň mazmuny düýpli özgerdilýär. Iň gowy milli we dünýä tejribesini göz öňünde tutmak bilen, orta we ýokary okuw mekdepleri, mekdebe çenli bilim we terbiýe edaralary üçin täze okuw meýilnamalary işlenip düzülýär. Çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň täze okuw binalary yzygider gurlup ulanylmaga berilýär. Olaryň maddy-üpjünçilik binýady pugtalandyrylýar. Şeýle-de mekdeplerde okuw kitaplarynyň hili gowulandyrylýar, okuwçylar, talyplar okuw kitaplary bilen, ähli mekdepler iň täze kompýuterler, multimediýa enjamlary we zerur bolan beýleki kämil serişdeler bilen üpjün edilýär. Mekdeplerde okatmaklygyň täze işjeň usullary kämilleşdirilýär. Mundan başga-da ýaşlarymyzyň berk bedenli, sagdyn nesil bolup ýetişmegi üçin birnäçe sport desgalary, sagaldyş-dynç alyş merkezleri yzygider gurlup ulanylmaga berilýär. Gurulýan binalaryň her biri dünýä ülňülerine laýyk gelýär hem olarda milli aýratynlyklarymyz öz beýanyny tapýar. Elbetde, milli bilim ulgamynyň çalt depgin bilen ösdürilmegi netijesinde kämil bilimli, dürli dilleri bilýän, sagdyn ruhly, berk bedenli başarjaň ýaşlar ösüp kemala gelýär. Türkmen ýaşlary dünýä derejesinde geçirilýän halkara ders, taslama, internet we dürli sport bäsleşiklerine gatnaşyp, altyn, kümüş, bürünç medallaryna mynasyp bolýarlar. 2017-2018-nji okuw ýylymyz milli Gurban baýramymyz bilen utgaşyp geldi. Şu okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy “Merdana pederlerimiziň nusgalyk durmuş ýoly nesil terbiýesinde görelde mekdebidir” diýlip atlandyryldy. Sapagyň esasy maksady bolsa ýaşlarda Garaşsyz hem baky Bitarap Watanymyza, milli däp-dessurlarymyza, ruhy hem medeni gymmatlyklarymyza söýgi döretmekden, taryhy şahslarymyza, merdana ata-babalarymyza hormat duýgularyny ösdürmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli bolmagy bilen bir hatarda nesil terbiýesine-de aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlary ata-babalarymyzyň milli ruhunda terbiýelemek döwrüň möhüm meseleleriniň biridir. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň Gurban baýramy bilen goşalanyp gelmeginiň hem özboluşly aýratynlygy bar. Türkmen halky öz milli däp-dessurlaryny, dilini, dinini gadymdan bäri aýawly saklap gelýär we ony ýaş nesillerimize miras goýýarlar. Her ýylda bütin musulman dünýäsinde bellenilýän milli baýramlaryň biri bolan mukaddes Gurban baýramyny uly dabaralar bilen bellemek halkymyzda milli däbe öwrüldi. Çünki Gurban baýramy agzybirligiň, jebisligiň, asudalygyň, ynsanperwerligiň, birek-birege hoşniýetliligiň baýramydyr. Bu baýramyň üç günläp bellenip geçilmegi halkymyzyň ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyza, ýol-ýörelgelerimize goýýan hormatyny, sarpasyny görkezýär. Gurban baýramynda berjaý edilýän däp-dessurlarymyzy öwrenmek hem türkmen ýaşlary üçin zerur gymmatlyklaryň biridir. Ýaşlary ata-babalarymyzyň milli ruhunda terbiýelemek bolsa biziň her birimiz üçin mukaddes borçdur.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir