Ýurdumyzyň paýtagty gözel Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary uly ruhubelentlik ýagdaýynda başlandy. Türgenlerimiz ýaryşyň ilkinji günlerini hem uly ýeňişlere beslediler. Ýurdumyz boýunça ilkinji gazanylan altyn medallara biziň welaýatymyzdan ezber pälwan gyzlar Laçyn Badaglyýewa bilen Zuhra Madraimowa dagynyň goşandy bar. Bu ýaryşda ilkinji altyn medala mynasyp bolmak bagty Laçyn Badaglyýewa miýesser etdi. Ol erkin göreş boýunça 52 kilogram agramda orta çykyp, garşydaşyny ýeňlişe sezewar etdi we ýurdumyz boýunça birinji bolup altyn medala mynasyp boldy. Laçyn ikinji altyn medaly türkmen milli göreşiniň nusgawy görnüşi boýunça aldy. Üçünji altyn medaly bolsa guşakly göreş boýunça gazandy. Laçyn Badaglyýewa welaýatymyzyň Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysydyr. Ol 2011-nji ýyldan bäri sportuň dzýu-do, sambo görnüşleri bilen meşgullanyp gelýär. Laçyn ussat tälimçi Begenç Melikowyň elinde tälim alyp, göreş sungatynyň çylşyrymly emellerini özleşdirdi. Türgen Zuhra Madraimowa hem V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edýär. Ol hem erkin göreş boýunça 57 kilogram agramda çykyş edip, altyn medal almagy başardy. Pälwan gyzymyz welaýatymyzyň Baýramaly şäheriniň ýaşaýjysydyr. Ol türkmen milli göreşiniň nusgawy görnüşi boýunça-da şowly çykyş etdi. Zuhra Madraimowa garşydaşyndan üstün çykyp, şu görnüş boýunça hem ilkinji bolup altyn medala mynasyp boldy. Ol üçünji altyn medala bolsa guşakly göreş boýunça eýe boldy. Milli göreşiň nusgawy görnüşinde tagtabazarly pälwan ýigit Derýa Abdyýewiň hem üstünlikli çykyş edýändigini aýtmak gerek. Türgen şu görnüş boýunça 75 kilogram agramda orta çykyp, üçünji orny aldy we bürünç medala eýe boldy. Wekilbazar etrabyndan Aýsoltan Garçowowa we Serhetabatdan Mekan Nurjykow hem sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça altyn meldal aldylar.

Köneler, Akademik tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir