Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sportuň gysga aralyga ýüzmek görnüşi boýunça ýaryşy 22-nji sentýabr, anna güni başlaýar. Ajaýyp Olimpiýa suw toplumy ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin örän amatly desgadyr. Ýaş türgenler howuzda özüni synamak we tejribesini artdyrmak üçin ýüzýän bolsa, bir sany taýlandly baý tejribesi bolan türgen özüniň ussatlygyny görkezmek üçin ýüzer. Erkin ýüzüş boýunça hünärmen, iki gezek Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi bolan 31 ýaşly Natanan Junkrajang ýakynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen Günorta-gündogar Aziýa oýunlary 2017-de dört kümüş we iki bürünç medaly gazandy. Ol: “Aşgabat 2017 biziň toparymyz üçin iri çäre bolup durýar we biz bar güýjümiz bilen muňa taýýarlandyk” diýip belledi. Soňra Natanan: “Günorta-gündogar Aziýa oýunlary 2017-den bäri men ýene-de ýaryşmaga taýýardyryn. Men özümiň üstünlikli çykyş etjekdigime ynanýaryn we howuzda uly höwes bilen ýaryşaryn” diýip, sözüni tamamlady. Bu zenan türgen Aşgabat 2017-de anna güni geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň 7-sine gatnaşar, ýagny zenanlaryň arasyndaky 50 metre erkin ýüzüş we 4mx50 aralygynda toplumlaýyn estafeta görnüşlerdir .Gazagystan, Özbegistan we Hytaý Aşgabat 2017 oýunlaryna iň güýçli ýüzüjilerini gatnaşdyrar. Gonkong, Hytaý bolsa, 26 sany türgeni bilen Suw sport toplumyndaky iň uly topar bolar. Anna güni sportuň jemi 11 görnüşi boýunça ýaryş geçiriler. Bu 11 görnüşden 8-si, ýagny sportuň guşakly göreş, bilýard sporty, bowling, kuraş, taekwondo, gysga aralyga ýüzmek, welosport (trek) we agyr atletika görnüşleri boýunça medal ýaryşlary geçiriler. Sportuň 3x3 basketbol, küşt we tennis görnüşleri boýunça deslapky tapgyrlar dowam edýär. Türkmen topary ýaryşyň anna gününi 59 altyn, jemi 148 medal orunlary bilen başlaýar. Eýran 16 we Taýland 13 altyn medala eýe bolmak bilen, aralarynda uly bäsdeşlik bardyr.

Köneler, Akademik tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir