Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça zenanlar ýygyndysynyň kapitany Aýna Gökowanyň ýeke täk maksady altyn medaly gazanmak. Olar bu ynam bilen 3x3 basketbol oýnunyň çärýek finalyna ýetdiler. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türkmen basketbolçylary Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndysynyň garşysyna oýnarlar. 23-nji sentýabrda, şenbe güni sagat 20:30-da geçiriljek oýunlaryny görmäge geljek tomaşaçylardan ýaňa 3x3 basketbol arenasynda hiç hili boş orun bolmaz. Türkmenistanyň ruhubelent kapitany Gökowa öňlerinde garaşýan ýarym finala çykmak ugrundaky oýunlaryny göz öňüne tutup, şeýle diýýär: “Haçan-da seni goldaýan jänköýerleriň öňünde oýnanyňda, ýeňliş hakynda pikir hem etmeýärsiň.” “Biz saýlama tapgyrda Siriýanyň basketbol ýygyndy toparyndan ýeňlenimize diýsek gynandyk, bu ýeňlişimize gaharymyz hem geldi. Emma muňa garamazdan, biz topar bolup, bir netijä geldik. Üstünligi gazanmagyň ýeke-täk bir ýoly bar, ol hem oýunlaryň her birini göýä, ömrüňde iň soňky oýnuň ýaly göz öňüne getirip oýnamaly diýen karara geldik” diýip, toparyň kapitany öňlerinde goýan maksady hakynda gürrüň berdi. 25 ýaşly Aýna Gökowa öz topary bilen 2013-nji ýylda Halkara Basketbol federasiýasynyň Kataryň paýtagty Dohada geçiirilen Aziýanyň 3x3 basketbol ýaryşynda bürünç medaly gazandy. “Bu ýöne bir basketbol oýny däl, bu 3x3 basketbol oýny. Bu oýun edil boks ýaly. Ýaşaýyş üçin göreş diýseňem boljak” diýip Aýna Gökowa belledi. Eýranly basketbolçy zenanlar maý aýynda Halkara Basketbol federasiýasy tarapyndan oýun geçirilýän wagty oýunçylaryň hijap daňynmagyna, ýagny musulman zenanlaryň başyny örtýän ýaglygy daňynmaga rugsat berýän çözgüdi kabul edendiklerine örän begenýärler. “Biz hijably oýnap biljekdigimize örän begenýäris we tolgunýarys. Täze kabul edilen düzgünleriň kömegi bilen biz ýurdumyzyň çäginden daşynda-da ýaryşyp bilýäris hem-de özümiziň başarnygymyzy synap bilýäris” diýip, oýunçy Gelareh Kakawanpour şatlygyny paýlaşdy. Eýran Yslam Respublikasynyň basketbol ýygyndy toparynyň kapitany Rozhano Mahmoudi begenjini şeýle beýan edýär: “Men hemişe bu barada arzuw edýärdim. Hijap daňynmaga berlen rugsat hakynda eşidenimde, şeýle bir begendim, şatlygymy beýan etmäge hiç-hili söz tapamok”. “Men okan wagtymda-da, işlänimde-de we basketbolda türgenleşik geçenimde-de hemişe hijabymy daňynýardym. Emma halkara derejesinde oýunlar geçirilende hijab daňynmaga rugsat berilmeýärdi. Bu diýseň adalatsyzlykdy. Hijap daňynmaga rugsat berilmezligi diňe bir basketbol oýny üçin däl-de, eýsem tutuş Yslam ýurtlary üçin hem adalatsyzlykdy” diýip, toparyň kapitany belleýär. 1/8 oýunlary 23-nji sentýabrda, şenbe güni 3x3 basketbol arenasynda sagat 18:00-dan 22:00-a çenli dowam eder.

Köneler, Akademik tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir