Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy hakydamyzda uzak wagt saklanar. Ol üç ýarym sagada golaý dowam edip, jadyly pursatlar deýin geçip gitdi. Döwlet Baştutanlary, resmi wekiliýetleriň ýolbaşçylary, köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri—hemmeler müňlerçe adamlaryň gatnaşmagynda döredilen ajaýyp şüweleňe haýran galdylar. Aşgabadyň 45 müň adamlyk Olimpiýa stadionyna gelen tomaşaçylaryň öňünde türkmeniň taryhyndan pursatlar, eziz Watanymyzyň şöhratly gahrymanlary, gadymy döwürde, antik, orta asyrlarda we täze taryhda beýik ata-babalarymyzyň esaslandyran kuwwatly döwletleri janlandy. Paryzdepäniň we beýik Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaýyň gadymy galalary, häzir bolsa Garaşsyz bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň günbatar bölegi pursatlaryň ilkinjisi boldy. Parfiýaly gözeller meşhur ritonlary bolan tansy ýerine ýetirip, ýetginjegiň ýigitlige çykmagyna bagyşlanan dessury berjaý etdiler. Enesi oglunyň kellesinden tahýasyny çykarýar hem-de ak gar ýaly telpegi geýdirýär, ýigidiň kakasy bolsa ogluna ajaýyp bedewi sowgat edýär. Ýaş ýigit ahalteke bedewini eýerläp, uly ýaşly adamlaryň jemgyýetiniň deňhukukly agzasyna öwrülýär. Ol indi Watan goragçysy, halkymyzyň nesilden-nesle geçirip gelen, aýawly saklan däp-dessurlaryny dowam etdiriji boldy. Geçen ýylyň maý aýynyň başynda Aşgabat şäheriniň günorta böleginde—biziň eramyza çenli birinji müň ýyllygyň sepgidinde gülläp ösen kuwwatly Parfiýa imperiýasynyň paýtagty—Nusaý döwlet taryhy-medeni goraghanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziadanyň açylmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli atly ýörişe badalga berdi. Atlylar eziz Watanymyzyň ähli welaýatlaryndan geçip, 17-nji sentýabrda Olimpiýa stadionyna Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdagyny hem-de Galkynyş gaz käninde ýakylan Aziadanyň alawuny getirdiler. “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň açylyş dabarasynda agzalyp geçilen gadymy döwletler hakynda etjek gürrüňimiz Parfiýa döwletiniň paýtagtyndan başlanýar. 1. Parfiýa Nusaýy—kuwwatly döwletiň ojagy “Nusaý” sözi gadymy klinopis ýazgylarynda we zoroastri Awestada duş gelýär, onda Nusaý barada aýdylýar, onuň üsti bilen Günorta Günbatara tarap ariý taýpalary geçipdir, Nusaýyň öri meýdanlary barada gürrüň edilip, olarda ady gadymy Gündogara ýaýran ahalteke bedewleri ösdürilip ýetişdirildi. Emma Nusaýyň dünýä meşhurlygy hiç haçan häzirki ýaly bolmady. 2007-nji ýylda bu taryhy ýeriň dünýä ähmiýetli ýadygärlik hökmünde ykrar edilmegi munuň sebäbi boldy. UNESKO-nyň Ýörite komiteti täze Zelandiýanyň Kraýstçýorç şäherinde 10 günläp geçiren XXXI maslahatynda Nusaýyň gadymy galalaryny “meşhur uniwersal ähmiýetli we umumadamzat gymmatlygy” hökmünde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizdi. Bu wakadan öň 2005-nji ýylyň baharynda türkmen hünärmenleri daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde taýýarlyk işlerini geçirdiler. Olaryň tagallalary bilen düzülen, Nusaý hakynda zerur bolan maglumatlary beýan edýän resminama çuňňur mazmunly bolan soň, UNESKO-nyň komiteti ony gürrüňsiz kabul etdi. Takmynan 22 asyr mundan öň kuwwatly Parfiýa imperiýasyny döreden Beýik Arşak nesilleriniň neberesiniň patyşa ojagy hökmünde dörän Nusaý Aşgabadyň eteginde, onuň Günorta Günbatar künjeginde ýerleşýär. Ol köne Nusaý we täze Nusaý diýlip atlandyrylýan iki galadan ybarat bolup, olar bir-birinden bir ýarym kilometr aralykda ýerleşýär. Olaryň arasyndaky meýdançada orta asyr şäheri ýerleşipdir, häzir bolsa ol Türkmenistanyň paýtagtynyň günbatar bölegi bolup durýar. Galalaryň ikisi hem uly bolmadyk çeşmäniň golaýynda, Köpetdagyň eteginde seleňläp görünýär. Olaryň emele gelen tebigy beýikliginden gözýetime çenli bereketli sähralyk uzalyp gidýär. Gadymy Nusaýyň belent galasynyň diwarlarynyň gerşinden Aşgabat şäheriniň belent jaýlary hem-de Gypjakdaky döwrebap metjidiň keşbi açylýar. Bu görnüş örän ajaýyp bolup, Nusaý galalarynyň UNESKO-nyň Sanawyna diňe medeni ýadygärlikler hökmünde däl-de, eýsem “medeni landşaftlar” toparynyň desgalary hökmünde hem girizilmegi tötänden däldir. Şeýlelikde, bu ýerde baryp 1980-nji ýylda döredilen Türkmenistanda ilkinji döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň köp ýyllyk işleri halkara derejesinde ykrar edildi. Bu ýyllaryň içinde onuň ýolbaşçylygy ozaly bilen ýadygärligiň zolagynda tebigy we taryhy gurşawy saklamak üçin ähli çäreleri gördi, bu bolsa Bagyryň ýaşaýyş jaýlary hem-de oba hojalyk meýdanlary bilen ýakynlygy nazara alanyňda aňsat iş bolmady. ...Biziň eýýamymyza çenli IV asyrda Ahemenidleriň imperiýasy grek-makedon goşunlaryň zarbalary astynda weýran boldy. Selewkidler—Aleksandr Makedonskiniň mirasdüşerleriniň döwründe Baktriýa, Parfiýa we Horezm özbaşdak döwletleri emele geldi. Olar öz ösüşinde antiki awtorlaryň işinde beýan edilen, dürli wakalara baý bolan taryhy ýoly geçdiler. 600 ýyla golaý (biziň eýýamymyza çenli III asyrdan biziň eýýamymyzyň III asyryna çenli) ýaşan Parfiýa has uly üstünlikleri gazanypdyr hem-de biziň eýýamymyzyň I asyrynda eýýäm dünýä agalygy ugrunda Rim bilen bäsleşipdir. Şondan soň Parfiýa uly imperiýa bolup, özüniň gülläp ösýän iň ajaýyp döwründe Orta Ýer deňzinden Demirgazyk-Günbatar Hindistana çenli uzalyp gidýärdi. Köpetdagyň gerşini ikä bölýän parfiýalylaryň mesgen tutan taryhy ýeri bolan Partawa onuň sallançagy, ilkibaşky merkezi bolupdyr. Ol çen bilen, Türkmenistanda häzirki Ahal welaýatynyň çäklerine hem-de Eýranyň Horasan welaýatynyň demirgazyk etraplaryna laýyk gelýär. Hut şu ýerde biziň eýýamymyza çenli 247-nji ýyllar töweregi aparnlaryň (ýa-da parlaryň) taýpasy öz Arşak diýen serdarynyň baştutanlygynda Garagumda mesgen tutan çarwalaryň iri birleşmesine öwrülip, Partawy (Demirgazyk Parfiýany) eýeledi. Selewkidleriň grek hökümdary öldürildi. Arşak özüni garaşsyz Parfiýanyň patyşasy diýip yglan etdi. Soňra Girkaniýany (Hazar deňziniň günorta-gündogar ýerleri) eýeläp, soňlugy bilen bu ýerde Parfiýa patyşalygynyň ilkinji paýtagty peýda boldy. Takmynan, şol döwürlerde ata-babalarymyzyň topragynda Arşakidleriň neberesiniň ygtyýarlyklarynyň dolandyryş hem-de ykdysady merkezi hökmünde Parfanis şäheriniň hem düýbi tutulypdyr. Ol gala diwarlary bilen gurşalyp alnan hem-de bir wagtlar onuň günorta burçunda oňat gurnalan diregi özünde jemleýän täze Nusaý şäherine kybap gelýär. Ondan hem günortarakda şäheriň çetindäki ýerlerde häzir Gadymy Nusaý diýlip atlandyrylýan patyşa galasy guruldy. Şol ýerde gazuw-agtaryş mahaly tapylan ýazuw resminamalarynyň netijesinde bu galanyň takyk ady: Mitridatkert kesgitlendi. Munuň özi onuň binýadyny patyşa Mitridat I degişli etmäge mümkinçilik berýär. Bu patyşa biziň eýýamymyza çenli 171-139-njy ýyllarda hökümdarlyk etdi. Birnäçe wagt soňra bu galanyň onuň adynyň hormatyna atlandyrylandygyny hem aradan aýryp bolmaz. Ýöne, Parfiýany dünýäde beýik döwlete öwren bu hökümdar, soňra bolsa Mitridat II hem (b.e. çenli 123-87 ýyllarda hökümdarlyk etdi), gürrüňsiz suratda, Mitridatkerti abadanlaşdyrypdyrlar. Parfawisiň şäher ýakalarynyň uzynlygy 7 kilometr bolan palçykdan salnan diwar gurşaýardy, ýanaşyk ýerlerdäki obalar bilen birlikde tutuş töweregi hem diwarlaryň halkasy bilen gurşalypdyr. Mitridat I patyşalyk eden döwründe Gündogarda Margiana, Baktriýadan alnan Aspion we Turiwa diýen uly bolmadyk ýerler (Maşat bilen Hyradyň aralygy) Parfiýa goşuldy. Günbatarda Midiýa basyp alyndy, b.e. çenli 141-nji ýylda bolsa eýýäm Mitridat I Wawilonyň patyşasy diýlip yglan edildi. Parfiýa patyşalygy Orta ýe Ýakyn Gündogaryň örän iri döwletine öwrüldi. Mitridat II goşuny dolulygyna täzeden gurady. Bu goşun şoňa çenli ýönekeý atly we meýletin pyýada goşun görnüşindedi. Parftýanyň goşunynda agyr ýaragly atlylar esasy güýji emele getirip başlady. Atlylar teňňe görnüşli bronlar bilen örtülgidi, kelläni depesi ýiti uçly başgap goraýardy. Bu agyr leşgerler naýza göterijilere (klibanariler) hem-de peýkam atyjylara (katafraktariler) bölünýärdi. Bu esgerleriň atlary hem teňňeli torlar bilen örtülgidi we olaryň metal maňlaýlyklary hem-de gursaklyklary bardy. Mitridat II döwründe Ermenistanyň bir bölegi Parfiýa patyşalygyna birikdirildi. Parfiýadan diplomatik ilçihanalar Rime hem-de Hytaýa ugraýardy. Akademik Wasiliý Bartoldyň sözlerine görä, Mitridat II “Gündogaryň döwleti – Hytaý bilen bolşy ýaly, Günbataryň döwleti—Rim bilen hem gatnaşyk eden ilkinji patyşadyr”. Ol özüne “patyşalaryň patyşasy” diýen derejäni ilkinji bolup aldy. Onuň döwründe parfiýalylar Rimiň serhetlerine çykdylar. B.e. çenli 65-nji ýylda Rim bilen ilkinji çaknyşyk bolup geçip, ol dünýäniň iki iri döwletiniň uzaga çeken göreşiniň başyny başlady. B.e. çenli 53-nji ýylda Parfiýanyň Orode I patyşalyk eden döwründe parfiýalylaryň topragyna öň ýanynda Spartagyň baştutanlygyndaky gullaryň gozgalaňyny derbi-dagyn eden Rim serkerdesi Mark Krass çozup girdi. Ýöne bu ýerde türkmen topragynda ýowuz Rim serkerdesiniň öňünde örän güýçli garşydaşy durdy. Plutarhyň sözlerine görä, parfiýalylaryň uçanda göze görünmeýän üýtgeşik peýkamlary garşydaşy dessine ýok edýärdi. Plutarh, hususan-da: “bir wagtyň özünde çalasynlyk bilen okdurylyp barmaga we yzyna öwrülmäge öwredilen parfiýalylar atly bölümlerini duşmany peýkamlar bilen päsgelçiliksiz ýok edip bilmek üçin ýerbe-ýer goýýardy...” diýip ýazypdyr. Rimliler hüjüm edende parfiýalylar giň meýdana pytrap, gaçyp barýan görnüşi döredipdirler. Sähralylaryň söweş usuly bilen nätanyş Krass kowga girişýär. Şunda rimliler esasy güýçlerinden daşlaşýar. Parfiýaly atlylar duşmany agyr ýaragly esgerlerine çenli getirýärler. Giň düzlüklere ýaýran atlylar buýruk boýunça birleşip, naýza göterijileri hem-de peýkam atyjylary öňüne tutunyp, duşuşmaga taýýarlanýardylar. Parfiýaly ryçarlar ýüzbe-ýüz söweşe girip, sanlyja pursatda rimlileri derbi-dagyn edip, olaryň öňdäki bölümlerini ýok edýärler. Şol söweşde rim esgerleriniň 6 müňe çenlisi, şol sanda Mark Krassyň özi hem wepat boldy. Soňky günlerde parfiýalylar Spartagyň baştutanlygyndaky gullaryň gozgalaňyny şol pursata çenli üstünlikli basyp gelen şöhratly rim goşunlarynyň galan böleklerini ýok etdiler. Ýesir alnan rim esgerleriniň dokuz müňüsini Margiana göçürip ugratdylar. Ele alnan Rim baýdaklary Parfiýa buthanalaryna paýlanyp berildi. Parfiýa dünýäde iň güýçli döwlet boldy. Rim taryhçysy Pompeý Trogyň (b.e. I asyr) ýazyşy ýaly, “...rimliler bilen dünýäni bölünişmekde parfiýalylar indi Gündogaryň üstünden hökümdarlyga eýedi”. Mitridatkert haçandyr bir wagtlar geçip bolmajak berk, jemi 43 sany gala berkitmeleri bolan beýik diwar bilen gurnalypdyr. Bu ýerdäki desgalaryň ählisi çig kerpiçden we palçykdan salnany üçin öz ilkibaşky keşbini ýitiren hem bolsalar, olardan galan bölekler şonda-da, aklyňy haýran galdyrýar. Äpet uly krater mysaly, köne Nusaý ýerden belentlige galyp dur, onuň darak görnüşli gala diwarlaryndan bolsa, daglaryň hem-de Köpetdagyň eteginiň düzlükleriniň uly gözýetimi açylýar. Galanyň içine göz aýlap, ol ýerde bolan binalaryň galyndylaryny görmek bolýar. Ilkinji nobatda, ol atlandyrylyşy ýaly merkezi toplumdyr. “Minara görnüşli desga” onuň merkezi bolup durýar. Onuň 15 metrden pes bolmadyk beýiklige eýe bolan bu toplumyň esasy binasy bolandygy gürrüňsizdir. Onuň ýüz tarapyny binagärlik şekiller, şeýle hem saklanyp galan böleklerden çen tutsaň, harby pursatlary şekillendirýän mazmuny özünde jemleýän tamyň ýüzüne çekilen polihrom suratlar bezäpdir. Gazuw-agtarylyş geçirilende, bu ýerde binagärlik bezegleriniň örän köp serişdeleri: kapitelleriň, bezeg plitalaryň galyndylary, parapetleriň dişjagazlary hem-de daşky bezeg işlerinde giňden peýdalanylan beýleki terrakot önümleri tapylypdyr. Bu ýerde palçykdan edilen döwlen heýkeller hem bardy. Olar parfiýalylaryň egin-eşigindäki ýa-da harbylaryň lybaslaryndaky adam keşbinden ölçegi boýunça has ulurak bolan doly boýuna adamlary şekillendiripdir. Köne Nusaýyň demirgazygyndaky binagärlik toplumy daş-töweregini hojalyk- durmuş maksatly desgalar gurşap alan “uly inedördül öýden” ybaratdyr. Bu öýüň gurluşy mundan köp asyr ozal dörän ýerli binagärlik däplerini ösdürýär. Hut şu ýerde hem arheolog gözleg işleri geçirilen mahalynda parfiýa sungatynyň pil süňkünden ýasalan, bütin dünýä belli bolan ajaýyp ritonlary tapyldy. Häzirki wagta çenli doly öwrenilmedik hem-de köp babatda syrly bolan galýan bu desgalar bir gezeklikde we hemişelik dikeldirmändir. Olar ýüzýyllyklaryň dowamynda birnäçe gezek gurluş böleklerini we bezegleri öz içine alýan özgertmeleri hem-de dikeldiş işlerini başdan geçiripdirler. Ýöne alymlary olaryň ähmiýeti baradaky soraglar has gyzyklandyrýar, Köne Nusaýyň haýsy maksat bilen gurlandygy baradaky jedeller bolsa henizlerem dowam edýär. Alymlar ähli arheologik tapyndylary jikme-jik seljermegiň esasynda, şeýle hem Nusaýyň desgalaryny Parfiýa döwründe Merkezi Aziýada, Eýranda we Siriýada bolan beýleki binagärlik ýadygärlikleri bilen deňeşdirmegiň netijesinde Nusaýyň merkezi toplumyndaky üç sany esasy jaýy özünde gahrymançylykly ýörelgeleri jemleýän zoroastrizm medeniýeti bilen baglanyşdyrmaga ýykgyn edýärler. Başgaça aýdanyňda, bu ýerde söweşlerde meşhur bolan patyşalary we gahrymanlary hudaýlaşdyrmak we hormat goýmak dessury emele gelipdir. Ellin Gündogarynyň dinastiýa medeniýeti, hususan-da, häkimiýetiň mukaddesleşdirilmegi, hökümdaryň hudaý tarapyn saýlanylýandygy baradaky ideýalar mukaddes kitap bolan Awesta daýanýan ýerli türkmen ideologik ugurlaryň ösdürilmegi netijesinde emele gelipdirler. Bu ýerde taryhy delilleriň birgideni nebere ýörelgesiniň ösendigine, şeýlelikde, olar üçin ýörite desgalaryň niýetlenendigine şaýatlyk edýär. Tutuş Nusaý, şeýle hem bu ýerdäki aýry-aýry desgalar we tapyndylaryň toplumlary köp gezek ýörite makalalaryň we birgiden monografiýalaryň esasy beýanatlary bolupdy. Olar mundan beýläk hem şeýle bolar. Çünki häzirki wagtda arheologlaryň tagallalary netijesinde, hakykatda heniz doly öwrenilmedik bu täsin galanyň syrly tutulary kem-kemden açylýar. Onuň jümmüşi ozalkysy ýaly gadymy köşkleriň we ybadathanalaryň sungat eserleriniň, Parfiýa patyşalygynyň jesetlerini özünde gizläp saklaýar. Mundan iki müň ýyl ozal ýaşap geçen grek geografy we syýahatçysy Isidor Harakskiý olaryň tabytlarynyň hut şu ýerde ýerleşýändigini görkezýär. Mundan birnäçe ýyl ozal Russiýadan gelen dikeldijiler köne Nusaýyň jaýlarynyň diwarlaryny birmahallar bezän reňkli suwag nagyşlarynyň saklanyp galan bölekleriniň uzak wagtlap saklanyş işini amala aşyrdylar. Häzirki wagtda biziň döwrümize gudrat bilen diýen ýaly gelip ýeten Parfiýa suratkeşliginiň nusgalary paýtagtymyzdaky muzeýleriň ikisinde saklanyp, olar ylmy taýdan öwrenilmäge elýeterlidir. Daşary ýurtly hünärmenleriň pikirlerine görä, bu tejribe çig kerpiç suratkeşligini dikeltmek we uzak wagtlap saklamagyň dünýä tejribesini baýlaşdyrdy. Nusaýyň fleskalary Pompeýiň diwar suratkeşligine kybapdaşlykda dünýä medeniýetiniň gymmatlygyna öwrüldiler. Parfiýa sungatynyň we binagärliginiň özboluşly täsirliligi örän güýçli we özüne çekijidir. Şoňa görä-de köp nagyşlaryň äheňleri, binalaryň gurluş usullary we düzümleri asyrlaryň üstünden aşyp, türkmen däpleriniň içine berk girip gidipdir. Ritonlar üstleri açylandan soňra geçen bary-ýogy ýarym asyr wagtyň içinde milli özboluşlylygyň aýrylmaz bölekleri hökmünde Türkmenistanyň gadymy medeniýetiniň hakyky nyşanlaryna öwrüldiler. “Aşgabat 2017” oýunlarynyň dabaraly açylyşyndaky tans mahalynda Parfiýa gyzlary ellerinde hut şu ritonlary sakladylar. Munuň özi şol we beýleki taryhy ýadygärligiň gymmatyny kesgitlemekde örän möhüm görkezijidir. Ol gadymy geçmişiň ýatdan çykarylman, eýsem, häzirki zaman durmuşyna sazlaşykly ornaşdyrylandygyny görkezýär. Türkmenistanda Nusaý sözüniň özi eýýäm öňden bäri şekile öwrüldi. Bu ýerde futbol topary we myhmanahana, dükanlar we restoranlar, hususy kärhanalar we harytlar hut şeýle atlandyrylýar. Bularyň hemmesi gadymy şäheriň meşhurlygyny has-da artdyrýar. Indi olar Gadymy Gündogaryň ajaýyp taryhy ýadygärlikleri hökmünde Merkezi Aziýa boýunça halkara maglumat kitapçalarynda we ýol görkezijilerinde ýatlanylýar. Nusaýyň patyşa hazynasyndan bolan gymmatly ritonlar toplumy, mermer heýkeller, kümüş we daş önümler Türkmenistanyň milli muzeýiniň zallaryny bezeýärler. Şekillendiriş sungaty muzeýinde bolsa Parfiýa diwar suratkeşliginiň seýrek nusgalaryny we Nusaý ybadathanalarynyň daşdan ýasalan binagärlik bezeglerini görmek boýlar. Bu tapyndylaryň üsti mundan beýläk hem artar. Çünki Nusaýyň arheologik ojak hökmünde uly gelejegi bar. Hut şoňa görä-de, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow kuwwatly Parfiýa döwletiniň paýtagtynyň ýerleşen çäginden V Aziýa oýunlaryna 500 günüň galmagy mynasybetli atly ýörişe badalga berdi. Bu ýörişe gatnaşyjylar ýurdumyzyň ähli sebitleriniň içinden geçip, öňde boljak wakalara garaşmakdan tolgunýan Olimpiýa stadionyna Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdagyny, şeýle hem olar bilen birlikde alawy getirdiler. Ol alawyň kömegi bilen bolsa häzirki wagtda türkmen paýtagtynda geçýän “Aşgabat 2017” oýunlarynyň Olimpiýa alawy ýakyldy.

Köneler, Akademik tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir