Türkmenistan ilata hyzmat etmek ulgamyna täze tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýar. Sentýabrda Aşgabadyň jemgyýetçilik ulag ulgamyna tölegiň elektron görnüşiniň girizilip başlanmagy bu ugurdaky nobatdaky ädim boldy. Täze ulgam tiz wagtda nagt serişdeler bilen hasaplaşmagy aradan aýyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa sürüjiler we ýolagçylar üçin töleg amatlyklaryny ýokarlandyrar. Eýýäm häzirki wagtda şäheriň dürli satuw nokatlarynda elektron kartlarynyň üç görnüşi, ýagny umumy, mekdep okuwçylary üçin, şeýle hem pensionerler üçin görnüşleri peýda boldy. Täze kartlar elektron gapjyk ýörelgesi esasynda hem hereket edýärler. Olar hasaplaýjy enjamlar (walidator) bilem özara galtaşanda nagt serişdeler awtomatik ýagdaýda alynýar. Ol enjamlar paýtagtyň awtobuslarynyň ählisinde gurnalandyr. Şunlukda ýol üçin tölegiň bahasy ozalkysy ýaly 30 teňňe bolmagynda galýar. Mekdep okuwçylary we pensionerler üçin elektron kartlary başgaça peýdalanylýar—olar aýda bir gezek degişlilikde 1 we 2 manat möçberinde doldurylýar. Bu amal karty ulanyjylara töleg geçirilenden soňky 30 günüň dowamynda jemgyýetçilik awtoulagyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Şondan soňra bu kartyň üstüni poçta bölümlerinde, “Senagat” bankyň bölümlerinde, şeýle hem jemgyýetçilik ýerlerinde ýerleşýän öz-özüňe hyzmat edişiň awtomat terminallarynda dolduryp bolar. Täze tehnologiýa boýunça gatnaw üçin tölegiň usuly hem ýeňilleşdirilendir. Ýolagçylar awtobusuň öňki gapysyndan girip, elektron karty walidatora golaýlaşdyrmalydyr. Enjam ýaşyl yşygy ýakyp, geçirilen şowly amal barada dessine habar berýär, şeýle hem kartyň eýesiniň pul serişdesiniň mukdary baradaky maglumaty ekranda görkezýär. Ýolagçylar düzgüne laýyklykda ulag serişdesiniň yzky gapysyndan çykarlar. Tölegiň elektron ulgamy şäherde amatly çalt we howpsuz gatnamak üçin şertleri döretmek bilen jemgyýetçilik ulagyny peýdalanyjylaryň duş gelip biläýjek ähli ýagdaýlaryny göz öňünde tutýar. Kartyndaky hasabynyň üstüni öz wagtynda dolduryp bilmedik ýolagçylar ýene-de birnäçe gatnawy karzyna amala aşyryp biler. Kart pul serişdeleri bilen doldurylandan soň, bergi awtomatik ýagdaýda üzlüşilýär. Bu elektron ulgamynyň girizilmegi hemra nawigasiýasynyň kömegi bilen işe gözegçiligi hem göz öňünde tutýar. Ol awtobusuň gatnaw ugurlaryny yzarlaýar, ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek üçin geljekde ulanyljak ähli maglumatlary ýazýar we işleýär. Awtoulag ministrliginiň hünärmenleri “Big data” tehnologiýasyny ulanmak bilen jemgyýetçilik ulagynyň işiniň iň oňat ugruny işläp taýýarlaýarlar. Bu iş belli bir kesgitlenen wagtda ýolagçylaryň akymynyň dykyzlygyna baglylykda awtobuslaryň mukdaryny gysgaltmaga we artdyrmaga mümkinçilik berer. Işi simsiz ulgam boýunça üpjün edilýän walidatorlar gatnaw üçin töleg baradaky maglumatlary “Senagat” bankyna—elektron töleg ulgamynyň girizilmegi bilen bagly işleri esasy ýerine ýetirijä iberer. Maglumatlary şol bada alan bank işgärleri jemgyýetçilik ulagynyň işini ýeňilleşdirip, pul serişdeleriniň alynmagy bilen hasaplaşygy geçirip bilerler. Mundan başga-da, tölegiň galtaşyksyz tehnologiýasy usuly esasynda işleýän bank kartlarynyň täze görnüşlerini dolanyşyga girizmek boýunça anyk çäreler görülýär. Munuň özi gatnaw üçin kart eýesiniň esasy hasabyndan göni hasaplaşmaga mümkinçilik berer.

Köneler, Akademik tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir