Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça ýaryşy 20-nji sentýabr çarşenbe güni geçirilip, onda sebitleýin möçberde täze ýedi sany şahsy çempion we iki sany topar yglan ediler. Ýapyk bina ýeňil atletika toplumynda geçirilýän dissiplinalaryň içinde iň köp garaşylýany erkekleriň arasyndaky 800 metre ylgamak boýunça ýaryş bolar. Meýdançada sişenbe günündäki ýarym finaly ýeňen Amir Moradi (Eýran) we Gerat Ekanaýaka (Şri-Lanka), şeýle-de olaryň garşydaşy bolan Aziýanyň ýapyk binalardaky çempionatynyň 2016-njy ýyldaky kümüş medalynyň eýesi katarly Jamal Haýren ýaryşar. Erkekleriň arasyndaky 1500 metre ylgamak ýaryşynda häzirki wagtdaky Aziýanyň açyk binalardaky çempiony Ajeý Kumar Saroý (Hindistan) Aşgabat 2017-niň ýapyk binalardaky ýaryşynda utmak üçin synanyşar, emma ol 2012-nji ýyldaky Aziýanyň ýapyk binalardaky oýunlarynyň ýeňil atletika çempiony Mohammad Otman Şawin (Saud Arabystan), 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky dünýä ýaryşynyň hytaýly ýeňijisi Çžaňg Daýu we Halkara Ýeňil atletika federasiýasynyň Ýetginjekleriň arasyndaky ýeňil atletika çempionaty boýunça ýeňijisi Hamza Driuş (Katar) bilen çekeleşikli garşylaşmaly bolar. Erkekleriň arasyndaky beýikligine bökmek ýaryşy sebitiň iň meşhur bökmek boýunça ýyldyzynyň ýokdugy sebäpli, özüniň şowhunlylygyny ýitirdi, emma 2017-nji ýylyň Halkara Ýeňil atletika federasiýasynyň bürünç medalçysy Maýd Eddin Gazal (Siriýa) pursatdan peýdalanyp, altyn medal üçin ýaryşar. 2009-njy ýylda Ýapyk binalardaky Aziýa oýnunlarynda ýeňiş gazanan we 2016-njy ýylda Riodaky Olimpiýa oýunlarynyň finalyna çenli çykmagy başaran Gazal Oýunlarda ýeňiş gazanmak üçin häzirki wagtdaky Merkezi Aziýanyň çempiony Husniddin Zaripow (Täjigistan), 2005, 2009-njy ýyllardaky Aziýanyň açyk binalardaky çempionlary Manjula Wiýeskaradan (Şri-Lanka) we Mahamat Allamin Hamdiden(Katar) üstün çykmaly bolar. Raşid Ahmed Al Mannaý (Katar) erkekleriň arasyndaky üçürdikläp bökmek ýaryşynda iň söýlen atletikaçy bolup görünýär. 2007-nji ýylda Ýapyk binalardaky Aziýa oýunlarynda beýikligine bökmek ýaryşynda hem rekorda goýan 29 ýaşly türgen 2016-njy ýylda Aziýanyň ýapyk binalardaky çempionatynyň üçürdikläp bökmek ýaryşynda bürünç medaly gazandy. Özbegistanly Ruslan Kurbanow, 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky üçürdikläp bökmek boýunça dünýä ýaryşynyň hytaýly ýeňijisi Wan Hançin we 2014-nji ýylyň Döwletler arkalaşygy oýunlarynyň bürünç medalynyň ýeňijisi Arpinder Singh (Hindistan) Al Mannaýy ýeňmegi özlerine maksat edindi. Zenanlaryň arasyndaky ýadro zyňmak ýaryşynda 2014-nji ýylda geçirilen Aziýanyň ýapyk binalardaky çempionatynyň bürünç medalynyň ýeňijisi Bian Ka (Hytaý) örän güýçli türgen bolup durýar. Ýaňy-ýakynda geçirilen 2017-nji ýyldaky Günorta-günbatar Aziýa oýunlarynyň kümüş medalynyň ýeňijisi Arirat Intadis (Taýland), şeýle hem Okeaniýanyň üç gezek çempiony bolan Jin Tiripi Tapoki (Kuk Adalary) we Li Sojuňg Bianyň iň güýçli garşydaşlary bolar. Zenanlaryň arasyndaky 800 metre ylgamak ýaryşynda 2017-nji ýyldaky Aziýa çemoionatynyň kümüş medalynyň ýeňijisi Gaýantika Artigala (Siriýa) iň görnükli ýaryşyjylaryň biri bolar we gyrgyzystanly jübütler bolan Gülşanoý Satarowa, Arina Kleşçukowa, şeýle-de Hytaýdan gelen türgen Çžaňg Guping bilen ýaryşar. Erkekleriň arasyndaky ýedi görnüşli ýaryş we erkekleriň hem-de zenanlaryň arasyndaky 4x400 metr estafeta ýaryşlarynyň ýeňijileri hem günüň soňky üç ýaryşynda kesgitlener.

Köneler, Akademik tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir