Türkmenistanly türgenler Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde hepdäniň sişenbe güni geçirilen guşakly göreş sporty boýunça jemi 13 sany altyn medaly gazanmagyň hötdesinden geldiler! Başa-baş söweş sungaty toplumynda geçirilen ýaryşyň dowamynda ilkinji altyn medaly eýelemegi türkmenistanly Laçyn Badaglyýewa başardy. Laçyn zenanlaryň arasynda 50 kg agyrlyk derejesine çenli geçirilen ýaryşda özbegistanly garşydaşy Şahzoda Ergaşewa bilen 4-4 utukly tapgyrdan soňra, arassa tehniki artykmaçlygy bilen tutluşygyň ýeňijisi boldy. Türkmenistanly Zarina Abdyrahmanowa Eýran Yslam Respublikasyndan gelen türgen zenan Zahra Ýazdaniçerati bilen 55 kg agyrlyk derejesi boýunça bolan tutluşykda 7-2 utuk bilen ýeňşi öz eline aldy. Zuhra Madraimowa (TKM) garşydaşy Roza Taspulatowa (TKM) bilen 63 kilograma çenli agyrlyk derejesinde geçirilen tutluşykda 7-0 utuk gazanyp, özüniň altyn medala birkemsiz mynasypdygyny ähli tomaşaçylara subut etdi. Nasiba Surkiýewa (TKM) 70 kg-a çenli agyrlyk derejesinde Perizat Zakypbekowa (KAZ) bilen bolan tutluşykda 8-0 hasap bilen öz topary üçin dördünji altyn medaly gazanmagy başardy. Bu bolsa, Nasibanyň Aşgabat 2017 oýunlarynyň çäginde gazanan üçünji altyn medaly boldy. 65 kg çenli agyrlyk derejesinde çykyş eden Dinara Hallyýewa bolsa öz ýeňşi bilen, guşakly göreş boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparyna bäşinji altyn medaly goşmagy başardy. 55 kg agrama çenli erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda Mälik Annabaýew (TKM) garşydaşy Tagantäç Güýçmämmedow (TKM) bilen tutluşykda ilkibaşda utuk gazanmagy başaran hem bolsa, Tagantäç garşydaşyna ussatlyk bilen gaýtargy berip, 6-1 hasap bilen ýaryşyň altyn medalçysy boldy. Arslan Aşyrgeldiýew (TKM) 60 kg-a çenli agyrlyk derejesinde Agageldi Tagandurdyýew (TKM) bilen ýaryşyp, garşydaşyny ýaryş düşekçesine ýykdy we 5-0 hasap bilen tutluşygy altyn medaly utmak bilen tamamlady. Erkekleriň arasynda 65 kg-a çenli agyrlyk derejesinde çykyş eden Tirkişgeldi Aýazow (TKM) Begenç Ýagmyrow (TKM) bilen tutluşykda ulanan täri garşydaşyny ýeňmäge täsir etmedi, netijede Begenç 7-0 hasap bilen Tirkişgeldiniň aňsat hötdesinden geldi we altyn medal bilen janköýerlerini begendirdi . Ýagşymyrat Annamyradow (TKM) 70 kg-a çenli agyrlyk derejesinde garşydaşy Hysnidin Ruziýewi (UZB) iki sapar düşekçä ýykyp, 7-0 hasap bilen Türkmenistanyň adyna ýene bir “altyny” goşdy. 80 kg-a çenli agyrlyk derejesinde çykyş eden Ruslan Tawaldiýew (KGZ) garşydaşy Sylapberdi Nuryýewden (TKM) öňde barýardy. Emma türkmen pälwany garşydaşyny ýokary göterip, ýaryş düşekçesine zyňanyndan soňra bolsa, 3-1 hasap bilen türkmen ýygyndy toparynyň guşakly göreş boýunça toplan “altynlaryna”, ýene-de bir altyn medaly goşmagyň hötdesinden geldi. Arslan Ybraýymgulyýew (TKM) 90 kg-a çenli agyrlyk derejesinde Ýersultan Muzapparowa (KAZ) garşy tutluşyk başlan dessine, wagt ýitirmän eserdeňlik bilen öwrenen tärlerini ulanmaga başlady, emma gazak türgeni aldyrarly däldi. Adyna mynasyp türkmen pälwanynyň garşydaşyny aýlap ýere zyňyp, utuk hasabyny 10-2 edeninde welin, altyn medala kimiň has mynasypdygy mese-mälim belli boldy. 100 kg agyrlyk derejesine çenli geçirilen final ýaryşynda Seýdi Batyrowyň (TKM) ildeşi Hoşgeldi Hanaýew (TKM) bilen geçirilen tutluşygynda 4-1 hasap bilen, Seýdi altyn medalyň eýesi boldy. 100 kg agyrlyk derejesinden ýokary geçirilen ýaryşda Myrat Jumaýew garşydaşy Şerzodjon Rahymowdan (UZB) 5-0 hasap bilen üstün çykyp, türkmenistanly türgenleriň sişenbe güni gazanan iň soňky altyn medalyny almagy başardy.

Köneler, Akademik tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir