Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy halkymyzyň baş saglygy , olaryň rahat asuda ýaşamagy , daşary ýurtlar bilen dosdana gatnaşyklary ýola goýmagy –bularyň ählisi Aziýada-2017-niň baş maksady. Ýurdumyzda sporty ösdürmegiň esasy maksady halkyň sagdynlygyny, ruhubelentligini ýokary derejä galdyrmak, halklary birek- biregi bilen dostlaşdyrmak, doganlaşdyrmak. Eziz Arkadagymyzyň türkmeniň taryhynda ilkinji gezek uly bir taryhy wakanyň-Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramaga ýol açandygyna buýsanyp, milli Liderimize bimöçber alkyşlar aýdýarys. Altyn medala mynasyp bolan türkmen türgenlerimiziň arasynda Saýatly Seýdi Batyrow ýaly ildeşlerimiziň bolmagy biziň depämizi göge ýetirdi. Ol milli göreşi boýunça 100 kg agram derejede 1-nji orny eýeläp, altyn medala mynasyp boldy. Ildeşimiz Jahan Muhammedowa milli göreş boýunça 74 kg agramda 3-nji orun eýeläp, bürünç medala mynasyp boldy. Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat şaherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda parahatsöýüjilik, dostluk, sagdynlyk dabaralanýar. Şol bir wagtda bütin Aziýa ilatynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga çekmäge badalga berilýär. Myhmansöýerlik, pespällik, sowukganlylyk, ruhubelentlik ýaly beýik häsiýetleri özünde jemleýän Türkmeniň Diýaryna Aziýada 2017-ä gelen myhmanlar türkmeniň beýik halkdygyny ýene bir ýola dabaralandyrarlar. Olar öz ýurtlaryna türkmen hakynda ýakymly ýatlamalary alyp giderler. Şeýdip türkmeniň şan-şöhraty alyslara aşar. Aşgabat 2017-niň oýunlarynda ildeşlerimize ýeňişler ýar bolsun!

Köneler, Akademik tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir