Bellikler: Guşakly göreş, Ýeňil Atletika, Jiu-Jitsu, Taekwondo, Welosport, Agyr atletika, 3x3 basketbol, Bilýard sporty, Taýboksy, Futzal, Tennis Sişenbe güni Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda gyzgalaňly ýaryş günleriniň ýene biri bolup, bu günüň dowamynda sportuň 11 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi we olaryň ýarysyndan gowragynyň, ýagny guşakly göreş, ýeňil atletika, jiu-jitsu, taekwondo, welosport (trek) we agyr atletika ýaly görnüşleriniň netijeleri boýunça medal gowşurylyş dabaralary geçirildi. Sportuň üç görnüşi, ýagny guşakly göreş, 3x3 basketbol we bilýard sporty boýunça bolsa Aşgabat 2017-de ilkinji ýaryş güni tamamlandy. 3x3 basketbol, bilýard sporty, futzal, tennis we taýboks boýunça saýlama tapgyrlar geçirildi. Ýer eýesi Türkmenistan toparlaýyn umumy hasap boýunça uly tapawut bilen Aşgabat 2017-de birinji orny eýeläp gelýär. Türkmenistanly türgenler jemi 89 sany medala, şol sanda 43 sany altyn medala mynasyp boldular. Türkmen göreşçileri guşakly göreşiň erkin görnüşinde jemi gowşurylan altyn medallaryň 14-sinden 13-sini almagy başardylar. Türkmen milli ýygyndy topary üçin ýeňişden doly Aşgabat 2017 oýunlary dowam edýär. Sişenbe güni ýeňil atletika boýunça ýaryşda ady belli türgenler öňe saýlanmagy başardylar. 2012-nji ýylda Londondaky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi gazagystanly Olga Rybakowa Aşgabat 2017 oýunlarynda iki günüň dowamynda ikinji altyn medaly gazanmagy başardy. Mundan başga-da, 2017-nji ýylda London şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda üçünji orny eýelän Abdalelah Harun A Hassan (Katar) 400 m aralygy 45,68 sekundda ylgap geçip, Oýunlaryň rekordyny goýdy. Şol bir wagtyň özünde Gazagystandan gelen Wiktoriýa Zýabkina we Eýrandan gelen Hassan Taftian Aşgabat 2017-de 60 m aralykda ýaryşdan soňra degişli yzygiderlikde iň tiz ylgaýan erkek we zenan diýen ada mynasyp boldular. Eýranyň jemi 29 medal gazanan milli ýygyndy topary medal hasaby boýunça ikinji orny eýeleýär. Sişenbe güni geçirilen ýaryşlardan soň jemi 22 medaly almagy başaran Gazagystanyň ýygyndy topary häzirki wagtda toparlaýyn umumy hasapda üçünji orna mynasyp boldy.

Köneler, Akademik tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir