Bu günki gün gözel paýtagtymyz Aşgabady Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň belent ýaňy gurşap aldy. Bu uly sport forumynyň şanyna 2016-njy ýylyň 5-nji maýynda gadymy Nusaý galasynda badalga berlen atly ýöriş hem şowly tamamlandy. Atly ýörişe gatnaşyjy ýigitlerimiz ýurdumyzyň bäş welaýatynyň çäginden geçip, buýsançly menzilleriň, şowhunly dabaralaryň şaýady boldular. Olar ýörişiň ahyrky tapgyrynda Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän dünýäde iň uly gaz käninde V Aziýa oýunlarynyň alawyny ýakyp, ony gözel Aşgabada sary alyp gitdiler . Biz bu dabara teleýaýlym arkaly tomaşa etdik. Ol dabara Aşgabadyň eteginde, Köpetdagyň ýaşyl arçaly baýyrlyklarynyň arasynda geçirildi. Merjen şäherimiz Aşgabat Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary gujak açyp garşylady. Ylaýta-da, “Aşgabat 2017 “-niň açylyş dabarasy ynsan kalplaryna egsilmez buýsanç duýgulary bilen ornaýar. Olimpiýa şäherçesiniň merkezinde ýerleşýän köp müň orunlyk uly stadionyň baýramçylyk çawy bütin şäheri gaplap alýar. Uly stadionyň bütin durky al-ýaşyl çyralara, äpet monitoryň elwan şöhlelerine beslenipdir. Açylyş dabarasynda Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa uly hormat bilen söz berildi. Gahryman Prezidentimiz sebitde şeýle uly sport forumyny geçirmäge Türkmenistana hukuk berilmeginiň özüniň türkmen döwletiniň halkara abraý-mertebesini belende galdyrýandygyny belledi. Milli Liderimiz V Aziýa oýunlaryna mahabat bermek üçin guralan atly ýörişiň hem şowly tamamlanandygyny nygtap geçdi. Bularyň hemmesi birleşip, “Aşgabat 2017-ä” hemmetaraplaýyn taýýarlyk işlerini ýokary derejede üpjün etdi. Arkadag Prezidentimiz V Aziýa oýunlarynda çykyş etjek türgenler üçin degerli şertleriň döredilendigini, Olimpiýa şäherçesinde sport desgalarynyň 30-dan gowragynyň bina edilendigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz dabarada Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny açyk diýip yglan etdi we oňa ak pata berdi. Dabarada V Aziýa oýunlarynda çykyş etjek 64 ýurduň, şeýle hem Okeaniýanyň hem-de bosgunlar toparynyň türgenleri sap-sap bolup tomaşaçylaryň öňünden geçýärler. Bularyň jemleýji topary hökmünde Türkmenistanyň türgenleriniň uly topary tomaşaçylaryň öňünden geçýär. Şonda egsilmez joşgun, şatlyk-şagalaň asmana galýar. “Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan” diýen joşgunly aýdym uly ruhubelentlik ýagdaýynda ýaňlanýar. “Aşgabat 2017”-niň çawy külli türkmen ilini, bütin yklymy gaplap aldy. Bu iri sport forumynyň halkara ynsanperwerlik häsiýetli ýörelgesi bar. Ol dünýä halklaryny dostluga-doganlyga, hoşniýetli hyzmatdaşlyga çagyrýar. Şu ýörelgäniň özi diňe sport dünýäsinde däl, eýsem halkara, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ulgamynda-da eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini belende galdyrýar. “Aşgabat 2017”-niň ýaňy yklymlar arkaly alyslara ýaýraýar.

Köneler, Akademik tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir