Ýerli ussat türgen Zuhra Madraimowa Aşgabat 2017-niň guşakly göreşi boýunça ýaryşynyň birinji gününde Türkmenistan Watanyna ikinji altyn medaly sowgat etmek üçin ähli gujur-gaýratyny jemlär. Sişenbe güni guşakly göreşiň erkin usuly boýunça ýaryşa ähli agram derejelerde gatnaşan we tapawutlanan türgenlere altyn medallar gowşurylar. Erkekler -55kg, -60kg, -70kg, -80kg, -90kg, -100kg, +100kg agram derejeleri boýunça öz ussatlyklaryny görkezerler. Zenanlaryň arasyndaky ýaryş bolsa -50kg, -55kg, 60kg, -65kg, -70kg we +70kg agram derejeleri boýunça geçiriler. Şenbe güni türkmen milli göreşi boýunça ýaryşda altyn medala mynasyp bolan Z. Madraimowa - guşakly göreşiň erkin usuly boýunça ýaryşa 60 kg agram dereje boýunça gatnaşar. Onuň esasy garşydaşy gyrgyztanly Meerim Momunowa. “Mery” at bilen tanalýan M. Momunowa 2015-nji ýylda Aziýanyň çempiony diýen ada mynasyp boldy. Soňra 2015-2016-njy ýyllarda iki ýyl yzly-yzyna ýurt derejesinde geçirilen ýaryşlaryň ýeňijisi boldy. Şeýle hem, Meerim 2016-njy ýylda geçirilen dzýudo boýunça mili çempionatda ýeňiş gazanmagy başardy. Şol bir wagtda Mongoliýanyň basketbol toparynyň sport ýyldyzy we FIBA-nyň dünýä sanawynda şahsylykda 95-nji orny eýelän Tsenguunbaýar Gotowyň aýtmagyna görä, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň çäginde eýýäm üçünji gezek geçirilýän sportuň 3x3 basketbol görnüşi boýunça ýaryşy taryhy wakalaryň biri bolar. Ýaryşyň birinji gününde, ýagny sişenbe güni, Mongoliýanyň topary Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň toparlary bilen oýnar. Gotow wajyp oýunlaryň başlamagynyň bir gün öň ýany: “Aşgabat şäherinde geçirilýän Oýunlara mynasyp basketbol toparlary gatnaşýar. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň, Kataryň, Taýlandyň toparlaryny görkezmek bolar. Biziň toparymyz hem mynasyp bäsdeşleriň arasynda durýar. Emma, ýaryşyň soňy hemişe garaşylmadyk netijeler bilen tamamlanýar” diýip gürrüň berdi. Mundan başga-da, sişenbe güni sportuň bilýard görnüşi boýunça ýaryşa badalga berler. Aşgabat 2017 oýunlarynda Bruneý Darussalamdan gelen bilýard oýnunyň taýsyz ussady Ahmad Taufik Bin M Murni erkekleriň arasynda 9 şarly pul bilýardy boýunça şahsy ýaryşa gatnaşar. Şeýle hem, bäsleşigiň birinji gününde erkekleriň arasynda 6 gyzyl şarly snuker, şahsylykda dinamiki rus piramidasy we şahsylykda 3 karambol görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler.

Köneler, Akademik tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir