Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ilkinji gününde sportuň jiu-jitsu we türkmen milli göreşi görnüşleri boýunça ýaryşlaryň jemi jemlenip, medal gowşurylyş dabaralary, şeýle hem, futzal boýunça zenanlaryň hem-de erkekleriň arasyndaky ýaryşlaryň birinji tapgyry geçirildi. Ýer eýesi Türkmenistan ýaryşy örän täsirli başlady we hem jiu-jitsu, hem türkmen milli göreşi boýunça ençeme medally orunlary eýelemegi başardy. Türkmen türgenleriniň Oýunlaryň birinji gününde görkezen ussatlygynyň netijesinde 16-sy altyn medal bolmak bilen birlikde jemi 37 medal gazandylar. Özbegistanyň milli ýygyndy topary bolsa 13 medala mynasyp bolup, toparlaýyn umumy hasapda ikinji orny eýeledi.

Köneler, Akademik tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir