Hoş geldiň, sapa geldiň, Hoş geldiň, Aziada! Sportly gapa geldiň, Hoş geldiň, Aziada! Gollarda bar güýç-kuwwat, Türgenleriň köňli şat. Gujak açýar Aşgabat, Hoş geldiň, Aziada! Şatlyk gurşap çar ýany, Köpelýär türgen sany. Ýaňlandyrýar dünýäni, Hoş geldiň, Aziada! Myhman gelýär köp ýerden, Belent başlary merdem. Waspy ýürekden, serden, Hoş geldiň, Aziada! Arkadagly ýurt bizde, Sport toýy şu güýzde. Şan-şöhrat dünýämizde, Hoş geldiň, Aziada!

Köneler, Akademik tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir