Döredijilik işgärlerine bildirilýän ynam, şeýle-de, ýörite tabşyryk bilen baglanyşykly Lebap welaýatyna barýaryn. Türkmen gündogarynda şeýle sapar bilen mundan sähel wagt ozal hem bolandygyma garamazdan, ýene bolmak juda gyzykly. Şoňa görä, höwes bilen barýaryn. Welaýatyň taryhy, tebigy gözellikleri, şu günki özgerişleri, ösüşleri, zähmetsöýer adamlary hakynda her taraplaýyn aýtmak üçin bir ýa iki saparyň ýeterlik däldigi düşnüklidir. Hakykatdan-da, munuň özi örän çylşyrymly hem şöhratly taryhymyz, sansyz gözellik bolup öwşün atýan topragymyz, rysgal derýasy bolup joşýan baýlyklarymyz, bir ýerde durmaýan, dyngysyz özgerýän we ösýän durmuşymyz baradaky dowamly iş. Öwrenip, waspyny aýdyp tükedip bolmajak iş. Zehinden hem başga irginsiz zähmeti talap edýän iş. Eýsem-de bolsa, öz halkyňa, öz ýurduňa, öz mähriban topragyňa bolan söýgi güýç hem gaýrat berýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň her birinde sansyz gözellikler bar, özgerişler gaýnap joşýar. Nesip bolsa, ol ýerleriň ählisine bizem bararys, gören-eşidenlerimiz hakynda ýürek sözümizi ýazarys. Edil häzir bolsa Aşgabadyň ajaýyp howa menzilinden döwrüň iň kämil uçaryna — “Boinge” “atlanyp”, gündogar sebite ugraýaryn. Daňyň ümüş-tamşynda uçar geçen ýyl dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berlen Aşgabat Halkara howa menziliniň binalarynyň gapdaly bilen ýöräp, öz ýoluny saýlaýar we göge göterilýär. Anha, aşakda merjen şäherimiziň — mähriban paýtagtymyzyň çyralary lowurdap, sansyz ýyldyz bolup görünýär. Belki, paýtagtyň aýna ýaly lowurdap duran ýüzüne gökdäki ýyldyzlaryň suraty düşýändir?! Edil beýle däl. Olar gijelerine gögüň ýyldyzlary bilen göz gypyşýar. Aşgabadyň ýyldyzlary känmi ýa asmanyň ýyldyzlary? Muny aýdyp bilmersiň. Olary şu mahal sanap ýetişjek gümanyň hem ýok. Meger, ýörite iş edinip hem olaryň sanyny çykaryp bolmaz. Ine, onsoň gözüň görýänine ynanyp çen etseň: “Aşgabadyň ýyldyzlary kän bolsa gerek!” diýersiň. Uçar gögüň ýüzüni syryp, uzak ýoly ýakyn edip barýar. Birmahallar munça ýoly telim ýerde düşläp, dem-dynç alyp, ençeme günüň dowamynda geçipdirler. Biz welin, nesip bolsa, bir sagada galman, Türkmenabadyň howa menziline ýeteris. Häzirki zaman uçarynyň rahatlygy hakynda näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Çaý ýa kofe küýseýärmiň, suw ýa miwe şiresini içjekmi, diýdigiň — biter. Täze gazetlere göz gezdirjekmi, öňüňde häzirdir. Belki, birsalym gözüňe dynç berersiň, irkilersiň. Meni welin, bu wagt döwrüň ägirt uly üstünlikleri hakynda ýazmak hyjuwy ähli zatdan beter özüne çekýär. Hut şu ýerde — zeminden sekiz kilometr çemesi ýokarda uçup barýarkak hem şol barada pikirlenýärin. Taryhy döwrümiz hakynda oýlanýaryn. Döwrümizi beýik döwür edýän Gahryman Arkadagymyzyň tükeniksiz iş-aladalary hakynda oýlanýaryn. Taryhy döwrümiziň aýratyn taryhy pursatlary hakynda oýlanýaryn. Taryhy döwrüň aýratyn taryhy pursatlary! Şeýle pursatlary eçilýän wakalar bizde az däl. Ol wakalar döwrümizi, ömrümizi bezeýär. Ol wakalar halkymyzyň ykbalyna ýagty saçýar. Geçen ýakyn günlerde bolup geçen wakalar. Olary nädip unudarsyň?! Ol wakalaryň ýakymy ýüreklerimizden hiç mahal aýrylmaz. Ol wakalar baradaky ýakymly ýatlamalar hakydalardan hiç mahal öçmez. Ol wakalary taryhymyzyň iňňän möhüm sahypalarynyň hatarynda geljek nesiller yhlas bilen öwrenerler. Hawa, şu wagt men şolary ýatlaýaryn — taryhy döwrüň şol aýratyn taryhy pursatlaryny ýatlaýaryn. 12-nji fewralda halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Prezidentligine gaýtadan saýlan pursatlaryny, 17-nji fewralda hormatly Prezidentimiziň bu belent döwlet wezipesine girişen pursatlaryny ýatlaýaryn. * * * Hakykatdan-da, şeýle: hatda taryhy döwrüň hem aýratyn taryhy pursatlary bolýar. Şeýle pursatlary berýän döwürde ýaşamak — bagt. Döredijilik adamy üçin şeýle pursatlar has möhüm, has gymmatly. Allatagala ömür berip, ýaşap ýörseň, ýene ençe-ençe ýyldan hem zehiniňe joşgun salar, eseriňe gönezlik bolar. Biz, ine, şeýle pursatlara gözli şaýat bolduk. Şeýle pursatlary başdan geçirdik. Şeýle pursatlaryň içinde ýaşadyk. Aýanlyk, açyklyk, giň dalaşgärlik, demokratik ýörelgelere daýanmak esasynda geçirilen Prezident saýlawlarynda halkymyz agzybirligini, jebisligini, düşünjeliligini, ösen dünýä laýyk pikirlenişini, parasatyny baýdak edip göterdi. Şeýdip, öz erk-islegini beýan etdi. Öz ýagty ykbalynyň nämelerden ybaratdygyna göz ýetirýändigini, nesilleriniň bagtly geljegini özüniň kesgitläp bilýändigini görkezdi. Özüne iň ýakyn, iň ynamdar ynsan üçin ses berdi. Gahryman Arkadagymyz üçin ses berdi. Munuň özi biziň her birimiziň durmuşymyzdaky, tutuş halkymyzyň durmuşyndaky aýratyn taryhy pursatlardyr. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli dabaralar hem aýratyn taryhy pursatlary özünde jemledi. Şol gün, edil Prezident saýlawlary wagtyndaky ýaly, bütin halkymyzyň, dünýäniň ünsi Aşgabada gönükdi. Hemmeler teleýaýlymlar arkaly şol pursatlary görmäge howlukdy. Eýsem-de bolsa, şeýle pursatlara juda ýakyn durmagyň, gözli şaýat bolmagyň, şeýlelikde, şeýle pursatlary başdan geçirmegiň, olaryň içinde ýaşamagyň ähmiýetini, buýsanjyny, bagtyýarlygyny haýsy söz bilen düşündirersiň?! Ömrüň aýratyn möhüm pursatlary, ykbalyň eçilen aýratyn gymmatly peşgeşi! Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli Ruhyýet köşgünde bolan dabaralara gatnaşmaga nesibesi çeken adamlar, gör, nähili buýsançly, bagtly adamlar! Şol pursatlar özümiň şu bagtyýar adamlaryň biridigim hakynda oýlandym. Adamyň käte öz bagtyna düşünmeýändigi, ony duşundan geçirýändigi, ýa-da bolmasa, halys öwrenişmekden ýaňa, ony bolaýmaly ýagdaý, adaty zat ýaly kabul edýändigi, şeýdibem onuň gadyryny bilmeýändigi hakynda oýlandym. Eýsem-de bolsa, gadyryny bilmeli zadyň gadyryny bileniňde, söýmelini söýeniňde, diňe şonda hakyky adam bolup bolýar. Diňe şonda bagtly adam bolup bolýar. Diňe şonda bagtyňy gorap bolýar. Ähli babatda şeýle. Ýurduň mynasyp raýaty bolmak üçin hem şu mukaddes düşünjä eýermek zerur. Ýurduny beýgeldýän millet bolmak üçin hem şu mukaddes düşünjä eýermek zerur. Ýurduny beýgeldýän millet! Türkmen bu gün ýurduny beýgeldýär! Şeýdip özüni beýgeldýär! Şeýdip bagtyny goraýar! Ol öz bagtynyň nämelerdedigine juda gowy düşünýär. Şonuň üçin hem ýurdunyň gadyryny bilýär, ýurduny söýýär. Şonuň üçin hem milli Lideriniň gadyryny bilýär, milli Liderini söýýär. Türkmen öz ýurdy bilen bile biten ýaly! Bu ýurt — türkmeniň ýeri, ata-baba halal topragy. Türkmen özüniň bütin şöhratly geçmişiniň, ýeneki arzuw-maksatlarynyň şu toprak bilen baglydygyny bilýär. Türkmen öz milli Lideri bilen bir jan-bir ten! Türkmen öz saýlan Baştutanynyň öz wepadar Ogludygyna ynanýar, öz Arkadagydygyna ynanýar. Ähli arzyly menzillere diňe şu bitewülik bilen ýetip boljakdygyna ynanýar. Şeýdip, türkmen dünýäde öz mertebesini beýgeldýär. Şeýdip, türkmen dünýäde öz döwletini beýgeldýär. Goja taryh şaýatdyr: ähli asyrlarda we ähli döwürlerde milleti jebisleşdirýän güýç milletiň öz içinden çykýar. Durmuşyň bu ýazylmadyk kanuny bütin berkligi bilen biziň zamanamyza-da degişlidir. Özüni synmaz ynamyň, beýik maksadyň daşynda jebisleşdirýän güýji türkmeniň özi dünýä berdi. Türkmen Gahryman Ogluny dünýä berdi. Milletiň Gahryman Arkadagy asyrlaryň jümmüşlerini syryp, berkäp, kämilleşip gelen milli parasat bilen, adamzadyň şu günki iň öňdebaryjy tejribesi bilen halkyny galkyndyrýar. Hormatly Prezidentimiz öz bütin işiniň halkynyň ykbaly bilen baglydygyny aýdýar. Ähli aladasynyň öz halky hem ýurdy baradaky aladalardygyny aýdýar. Beýik maksatlara ýetmegiň ýolunda hemişe halkyna bil baglaýandygyny aýdýar. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly atamyzyň: Döwlet gonsa bolajagyň başynda, Hemaýatly ili gerek daşynda — diýen setirlerini ýatlan wagtynda-da şu parasaty öňe tutýar. Gahryman Arkadagymyz: “Siziň bildiren uly ynamyňyza men ýokary baha berýärin” diýen wagtynda-da şu parasaty öňe tutýar. Gahryman Arkadagymyz: “Biz merdana halkymyzyň çäksiz beýikdigine, ata Watanymyzy başymyza täç edip ýaşaýandygymyza buýsanmaga doly haklydyrys” diýen wagtynda-da şu parasaty öňe tutýar. Gahryman Arkadagymyz: “Men mähriban halkyma, onuň ägirt uly döredijilik kuwwatyna, egsilmez mümkinçiliklerine, bagtyýar hem-de nurana geljegine berk ynanýaryn!” diýen wagtynda-da şu parasaty öňe tutýar. Gahryman Arkadagymyz: “Men mähriban halkym bilen, hormatly adamlar, siziň bilen el-ele berip, yhlasly zähmet çekip, öňümizde goýan belent wezipelerimizi üstünlikli amala aşyrjakdygymyza, eziz Watanymyzy dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwürjekdigimize berk ynanýaryn” diýen wagtynda-da şu parasaty öňe tutýar. Gahryman Arkadagymyz: “Şeýlelikde, ýakyn ýyllarda ata Watanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana we mähriban halkyma beýik üstünlikler, nurana geljek garaşýar” diýen wagtynda-da şu parasaty öňe tutýar. Milletiň ynanjy, arzuw-maksatlary, garaýyşlary milli Lideriň ynanjy, arzuw-maksatlary, garaýyşlary bilen bir akaba birleşýär, joşly derýa bolup, möwçli umman bolup tolkun atýar, ýaşaýşa görk berýär, dünýä içre üýtgeşik dünýä bolup ýalkym saçýar. Ine, onsoň arkaýyn şeýle diýip bolar: HALK, WATAN, ARKADAG! Ýurduň ösüşleri, milletiň nurana geljegi şu mukaddes bitewülikdedir. Bu ozaldan gelýän parasat. Ýaşamagyň, güýçden gaçmazlygyň kadasy. Il bolmagyň, döwlet bolmagyň düzgüni. Jebis bolmagyň, güýç-kuwwat bolmagyň ýörelgesi. Maksat tutunmagyň, maksada ýetmegiň ýoly... Oguz han ogullaryna agzybir bolmagy ündäpdir. Agzybir bolsalar, olaryň egilmez, döwülmez, synmaz boljakdygyny düşündiripdir. Oguz han halkyna agzybir bolmagy ündäpdir. Agzybir bolsa, beýle iliň döwletliligiň, mertebeliligiň, erkinligiň hem rahatlygyň hözirini görüp ýaşajakdygyny düşündiripdir. Biz bolsa ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgesiniň öz döwrümizde dowam etdirilýändigine, mukaddes wesýetleriniň berjaý edilýändigine — ilimiziň öz mähriban Arkadagynyň daşynda jebisdigine, ýurdumyzyň abadandygyna buýsanyp şeýle diýýäris: Arkadaga saglyk diläp her sagat, Nurana geljegi gurýas parahat. Dünýäni sarsdyran keremli şalar Bu döwri görsedi — aňk bolup galar. Görerdiler olar: bu merdana Är Bütin dünýäň ýürek sesini duýýar. Görerdiler olar: şu gaýratly Är Äleme nusgalyk eýýamy gurýar. Görerdiler ýene şeýle bir bagty: Oň daşynda jebis agzybir halky. Prezident ýöredýär hak-adalaty, Razy ondan ýurduň her bir raýaty. Ilin jandan söýýär Gahryman Gerçek, Şoldur ýurdy ösüşlere ýetirjek! Has uly geljegi gurýas indi biz, Öz saýlan Arkadag Prezidentimiz Mydam ýagşylygy besläp göwünde, Beýik iş bitirýär dünýäň öňünde. Oň bilen täzeden ýagtyldy dünýä, Ol nurly bir Kuýaş bolup görünýä! Akmyrat HOJANYÝAZ. “Türkmenistan”.

Köneler, Akademik tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir