Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasy Watanymyzy innowasiýa tehnologiýalaryna esaslanýan, senagat taýdan ösen ýurda öwürmäge we onuň mundan beýläk hem dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna gönükdirilendir. Şunda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmak, bazar gatnaşyklarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagy Arkadag Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynda ileri tutulýan ugurlardyr. Olar çaltlaşdyrylan ykdysady ösüşi üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzyň ägirt uly tebigy gorlaryny, önümçilik we döredijilik mümkinçiliklerini, ykdysadyýeti dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny işjeň ulanmaga ýardam etdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barlan işjeň ykdysady syýasatyň öz aýratynlyklary bardyr. Bu döwürde köp sanly önümçilik kuwwatlyklary döredildi, ýokary hilli önümleriň eksport edilýän möçberleri has-da artdyryldy, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek işjeňleşdi, hususy telekeçiligi goldamak güýçlendi, iň gowy daşary ýurt tejribeleri önümçilige işjeň ornaşdyryldy, gaýtadan işleýän pudaklary güýçlendirmäge aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda dünýä ýurtlarynda dowam edýän global ykdysady çökgünligiň emele getiren käbir daşky kynçylyklaryna garamazdan, ýurdumyzyň ykdysadyýeti depginli ösdürilýär, bazar gatnaşyklary pugtalandyrylýar, ileri tutulýan ugurlara goýulýan maýa goýumlar yzygiderli artdyrylýar. Soňky ýyllarda abraýly halkara maliýe guramalarynyň, şol sanda Bütindünýä bankynyň, Halkara pul gaznasynyň (HPG), BMG-niň esasy agentlikleriniň we düzümleriniň berýän ýokary bahalary we oňyn çaklamalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Ol 2016-njy ýylyň dekabr aýynda HPG tarapyndan halkara jemgyýetçilige ýaýradylan Internet habarynda ýene-de bir gezek tassyklandy. HPG-niň Türkmenistan baradaky habarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň makro görkezijileri seljerilýär. Ol habarda aşakdakylar aýratyn bellenildi: — beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, 2016-njy ýylda Türkmenistana hem daşarky oňaýsyz ýagdaýlaryň täsiri dowam etdi. Ýurtda diwersifikasiýa gönükdirilen düzümleýin özgertmeleriň we karz syýasatynyň netijesinde ykdysadyýetiň içerki uglewodorod däl ulgamynyň pudaklarynda ösüş gazanyldy, ýöne daşky oňyn däl sebäpleriň täsirleri häzirki wagtda doly aradan aýrylmady; — ýurtda importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen ýerli önümçilik höweslendirildi hem-de döwlet maýa goýum harajatlarynyň azaldylmagyna gönükdirilen işjeň ykdysady syýasat durmuşa geçirildi; — ýurtda hakyky jemi içerki önümiň (JIÖ) öňki ýyla garanyňda 2015-nji ýylda 6,5 göterim ösendigi, şeýle hem, 2016-njy ýylda azyndan 6,2 göterim ösüşiň bolmagynyň çaklanylýandygyny hasaplamalar görkezdi. Häzirki zaman şertlerinde dünýä ýurtlarynyň aglaba köpüsinde 2016-njy ýylda JIÖ-niň ösüşiniň 2-3 göterim bolmagyna garaşylýan döwürde Türkmenistanyň bu görkezijisi gowy görkeziji hasaplanylýar. Hususan-da, Bütindünýä bankynyň, HPG-niň habarlaryna görä, 2015-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini 2,4 %-e deň boldy, 2016-njy ýylda onuň 2,9 %-e barabar bolmagyna garaşylýar. Ýurdumyzda gazanylýan ykdysady üstünlikler hormatly Prezidentimiziň anyk hasaplamalara esaslanýan we deňagramly, çuňňur oýlanyşykly ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça dolandyryşyň ähli düzüminiň sazlaşykly işi, bar bolan tebigy baýlyklaryň, zähmet gorlarynyň rejeli ulanylmagy netijesinde mümkin boldy. Şeýle täzeçil syýasat dünýä ýurtlarynda bolup geçýän maliýe-ykdysady çökgünligiň ýaramaz täsirini düýpli gowşatmaga hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk hem birsyhly ösmegi üçin berk binýat döretmäge ýardam berdi. Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde makrogözegçilik we makrosazlaşdyrmak boýunça anyk çäreler öz wagtynda geçirildi we bu ugurda alnyp barylýan işler yzygiderli kämilleşdirildi. Arkadag Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini ýokary depginlerde alyp barmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýetiň düzümini diwersifikasiýalaşdyrmak, bäsleşige ukyply taýýar önümleri giň möçberde öndürmek we olary dünýä bazarlaryna çykarmak babatda esasy wezipeler 2007—2008-nji ýyllarda anyk kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan bu wezipelerini durmuşa geçirmek ýurdumyzyň ykdysadyýetini maksatnamalaýyn esasda, arabaglanyşykly we utgaşykly ösdürmegi we onda bazar gatnaşyklaryna esaslanýan özgertmeleriň durmuşa geçirilmegini talap etdi. Netijede, ykdysadyýetiň ähli ýaýrawlarynda alnyp baryljak işler bir resminama jemlendi we ol “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” öz beýanyny tapdy. Soňra Milli maksatnamanyň esasynda sebitleriň we pudaklaryň ösüş maksatnamalary taýýarlanyldy. Bu maksatnamalarda bellenen wezipeleriň anyk möhletlerde amala aşyrylmagy Prezident maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen utgaşdyryldy. Ýurdumyzda bu ugurda soňky on ýylyň dowamynda alnyp barlan ykdysady syýasatyň ylmy nazaryýeti ykdysady ylymlaryň doktory, akademik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylda ylmy jemgyýetçilige gowşan “Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna” atly ylmy monografiýasyna we iki jiltlik “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy” atly okuw gollanmasyna esaslanýandyr. Arkadag Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan ýurdumyzy maksatnamalaýyn ösdürmek syýasaty, ilkinji nobatda, ýurduň ykdysady howpsuzlyk meselesini doly çözýär. Umuman, ykdysady howpsuzlyk bilen bagly meseleler syýasy özbaşdaklygy gazanan her bir döwletiň içeri we daşary ykdysady strategiýasynda möhüm orunlaryň birini eýeleýär. Çünki ýurduň milli howpsuzlygynyň düzüm bölegi bolmak bilen, ol, ilkinji nobatda, syýasy garaşsyzlygy ykdysady taýdan pugtalandyrmaga, onuň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Häzirki döwürde dünýä derejesinde we ýurdumyzda kemala gelen durmuş-ykdysady şertleri nazara alyp, ykdysady ulgamyň howpsuz ösüşini üpjün etmek meselesi öz wajyplygy bilen tapawutlanýar. Dünýä ösüşiniň häzirki döwri globallaşmak hadysasynyň barha güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilip, onuň netijesinde emele gelen maliýe-ykdysady ýagdaýyň ýurtlaryň ykdysady ösüşine, halkara ykdysady gatnaşyklara täsir edýändigini görkezýär. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen bu ýagdaý döwletiň milli garaşsyzlygy, onuň milli bähbitleri baradaky mesele babatda täzeçe çemeleşmeleriň ulanylmagyny şertlendirýär. Şunda ylmy nukdaýnazardan ýurduň milli bähbitleri häzirki zaman durmuş-ykdysady şertlerde döwletiň durnukly ösüşi üçin möhüm bolan hususy bähbitleriň kesgitlenmegini we öňe sürülmegini aňladýar. Ýurduň syýasy we ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etmekde bu bähbitleriň ähmiýeti örän uly bolup, olaryň amala aşyrylmagy döwletiň milli howpsuzlygynyň, şol sanda ykdysady howpsuzlygynyň pugtalanmagyna ýardam berýär. Halkara tejribede ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmekde ykdysady howpsuzlyk netijeli gurallaryň biri hasaplanýar. Dünýä ýurtlarynyň özara baglanyşygynyň çuňlaşýan şertlerinde belli bir döwletiň howpsuz ösüşini üpjün edýän milli bähbitleri, beýleki ýurtlaryň bähbitlerini we tutuş dünýä ulgamynyň bähbitlerini sazlaşdyrmak meselesi barha derwaýys häsiýete eýe bolýar. Milli bähbitleriň ýurduň ykdysady howpsuzlygynyň esaslaryny emele getirýändigini nazara alsak, onda içki mazmuny boýunça çylşyrymly, ähmiýeti boýunça möhüm bolan bu meseläniň çözgüdi dünýä ýurtlarynyň we dürli halkara guramalaryň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär. Hususy milli bähbitleriň ýurduň ösen derejesine baglylykda kesgitlenýändigi aýratyn bellärliklidir. Hususan-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamagyň, ýurdumyzyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmagyň döwletimiziň esasy maksady bolup durýandygy bellenilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasat ugurlary hem hut şu bähbitlerden ugur alýar. Şunda ýurdumyzyň çäk bitewüligini, milli howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly meseleler syýasy bähbitleriň özenini düzýän bolsa, onda milli ykdysadyýetimiziň ösüşe ukyplylygyny üpjün etmek, onuň beýleki ýurtlaryň ykdysadyýetine garaşlylygynyň derejesini peseltmek döwletimiziň ykdysady bähbitlerini emele getirýär. Ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagy öz gezeginde milli bähbitleriň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna getirdi. Häzirki döwürde Türkmenistan diňe bir öz milli bähbitlerinden ugur alman, eýsem, beýleki ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerini sazlaşdyrmaga çalyşýar. Bu aýratynlyk hormatly Prezidentimiziň “Ösüş arkaly parahatçylyk” ýörelgesinde öz aýdyň beýanyny tapýar. Biziň ýurdumyzdan dünýäniň dürli yklymlaryna uzaýan täze ulag geçelgeleriniň, gaz geçirijileriň, elektrik geçirijileriniň gurulmagy we bu işleriň häzirki döwürde hem dowam etdirilmegi diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş Ýer togalagynda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde Arkadag Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň rowaçlanýandygyny görkezýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň amala aşyrýan milli bähbitleriniň esasy aýratynlygy onuň ulgamlaýyn häsiýetde bolmagy bilen baglydyr. Şunda ýurduň içki ösüşine möhüm ähmiýet berilýär, ýagny milli bähbitler ýurduň ykdysady garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny üpjün etmegiň esasy şerti hökmünde kesgitlenilýär. Amatly daşary şertleriň döredilmegi bolsa daşary syýasat strategiýasynyň esasy wezipesi bolup durýar. Häzirki döwürde halkara ykdysady gatnaşyklaryň geografiýasynyň has-da giňelmegi, ýagny daşary ýurt maýa goýumlarynyň milli ykdysadyýetimize giňden çekilmegi, bilelikdäki iri ulag taslamalarynyň amala aşyrylmagy, gaz geçirijileriň köpugurly ösüşi açyk ykdysadyýetli döwlet hökmünde Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmegini talap edýär. Ykdysady howpsuzlyk ykdysadyýeti dolandyrmagyň çökgünlige garşy gönükdirilen esasy ugurlarynyň biri hasaplanýar. Dowamlylygy we çuňlugy dürli bolan ykdysady çökgünlikleriň ýüze çykmagy islendik garyşyk ykdysadyýet üçin häsiýetli bolup, amala aşyrylýan ykdysady işde bu anyk sebäpler bilen şertlendirilen ösüş meýilleriniň nazara alynmagy möhüm bolup durýar. Ykdysadyýeti durnukly ösýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň öz maliýe, azyk, energetika, maglumat, ekologiýa howpsuzlygyny has-da ygtybarly üpjün etmek zerurlygy ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň geljekki durmuş-ykdysady ösüşine degişli strategik maksatnamalar, kadalaşdyryjy hukuk namalar işlenip taýýarlanylanda, kabul edilende we ýerine ýetirilende, olara ilki bilen, ykdysady howpsuzlyk nukdaýnazaryndan baha berilýär. Ol ýagdaýlar bolsa daşky sebäpleriň ýaramaz täsirini azaltmaga ýa-da olary doly aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Dünýäde ýüze çykan maliýe-ykdysady çökgünlik şonuň bilen bagly ýüze çykýan ýagdaýlaryň her bir ýurduň ykdysadyýetine täsir etmäge ukyplylygyny görkezdi. Şol bir wagtda bu ýagdaý milli ykdysady howpsuzlygy üpjün etmek meselesiniň, ilkinji nobatda, her bir döwletiň wajyp wezipesi bolup durýandygyny ýene bir gezek görkezdi. Ýurduň ykdysady özbaşdaklygyny berkitmek meselesi öz içki mazmuny boýunça milli ykdysady howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen döwlet çäreleriniň biridir. Şeýle ýagdaýyň geçiş döwrüni başdan geçirýän ähli ýurtlar üçin häsiýetli bolandygy aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygy häzirki döwürde hereket edýän ykdysady we hukuk gurallary arkaly üpjün edilýär. Ýokarda belläp geçen ýurdumyzyň sebitlerini, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny ösdürmek boýunça kabul edilýän maksatnamalarda göz öňünde tutulýan çäreler, ilkinji nobatda, ykdysady howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny doly derejede üpjün edýän agrosenagat we ýangyç-energetika toplumlarynyň, ulag we önümçilik pudaklarynyň, maliýe ulgamlarynyň düzüm birlikleriniň durnukly işlemegine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde milli ykdysady ulgamda gazanylýan üstünlikler ýurdumyzda ykdysady howpsuzlygyň doly üpjün edilýändigini we ony mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda düýpli işleriň yzygiderli amala aşyrylýandygyny görkezmek bilen, hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň anyk netijeleriniň dünýä ýüzünde ykrar edilýändigini alamatlandyrýar.

Köneler, Akademik tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir