Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýol-ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak meselesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň esasy öňe sürýän strategik ugurlarynyň biri bolmak bilen, diňe ýurt ýa-da sebit möçberde däl, eýsem, dünýä möçberinde hem hyzmatdaşlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde, howpsuzlygy, parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistanyň Prezidentiniň gatnaşmaklarynda Amyderýanyň üstünden geçýän iki köpriniň — demir ýol hem-de awtomobil köprüleriniň açylmagy, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ýakynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şol güni Ulaglar ulgamynyň işgärleriniň güni hökmünde bellemek baradaky teklibi munuň şeýledigine doly güwä geçýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda durmuş maksatlaryna gönükdirilen bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasyny emele getirmek babatda ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Ýylsaýyn ykdysady pudaklaryň maddy-tehniki binýady berkidilýär, giň möçberli önümçilik we durmuş maksatly özgertmeler amala aşyrylýar. Bu özgertmeleriň ahyrky maksady ýurdumyzda durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça möhüm ähmiýetli halkara başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji we 66-njy, 68-nji, 69-njy, 70-nji mejlislerinde, GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitlerinde, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynda we beýleki ýokary derejeli forumlarda beýan edildi. 2014-nji ýylyň 3—4 sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen “Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny” atly ýokary derejeli halkara maslahat geçirildi. Maslahatda Ýewraziýa yklymara ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmeginiň meseleleri, halkara ýük gatnawlarynyň ekologiýa we howpsuzlyk meseleleri, halkara üstaşyr gatnawlaryň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň meseleleri, ulag hyzmatlarynyň tehnologiýalaryna degişli innowasiýalar hakynda düýpli pikir alşyldy. Maslahatyň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Şu Jarnamanyň esasynda 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen taýýarlanan “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Rezolýusiýasy biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen we dünýä döwletleriniň 83-siniň awtordaşlygynda 2015-nji ýylyň dekabr aýynda ulaglaryň ähli görnüşi boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň oňyn tagallalarynyň birleşdirilmegini maksat edinýän “Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgelerini goldamakda ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça köpugurly hyzmatdaşlyk ugrunda” atly Kararnama kabul edildi. Türkmenistanda 2016-njy ýylyň 26—27-nji noýabrynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bu maslahatda durnukly ulagyň konsepsiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň maliýe netijeliligi, hereket howpsuzlygyny we pudagyň energiýa netijeliligini üpjün etmekde döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Ählumumy ulag we logistika ulgamlarynyň ösmegine ýol açýan global mümkinçiliklere garaldy. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, XXI asyryň ählumumy ulag strategiýasy — bu goşulyşmagyň, döwletleriň we sebitleriň geografiki hem-de düzümleýin mümkinçiliklerini, tehniki we tehnologik kuwwatyny birleşdirmegiň strategiýasydyr. Geljekki döwürde iri halkara we sebitleýin deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol we howa ulgamlaryna çykmak arkaly ulag gatnawlarynyň ulgamyny sazlaşdyrmak, olaryň her biriniň artykmaçlyklaryndan peýdalanmak bilen baglanyşyklydyr. Ýewraziýa yklymynda täze halkara ulag ugurlaryny kemala getirmek meselesi, halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi bolsa dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagy bilen şertlendirilýär. Şunuň bilen baglylykda, köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň düzümi geosyýasy durnukly ösüşiň möhüm şerti, kuwwatly birleşdiriji serişde bolup durýar. Bu bolsa Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleri üçin uly ykdysady mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň ulag ulgamy durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy şerti hökmünde ýurduň bitewi ykdysady giňişligini döretmekde, sebitara we halkara ulag-ykdysady gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde, önümçilik toplumlaryny amatly ýerleşdirmekde, tebigy serişdeleriň ulanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda, telekeçiligi ösdürmekde we halkara gatnaşyklary giňeltmekde örän möhüm orun tutýar. “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” Türkmenistan Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş umman we Günorta Aziýa ykdysady ulgamlarynyň özara gatnaşyklarynyň yklymara ykdysady köprüsi hökmünde kesgitlenilýär. XXI asyryň ulag arhitekturasy — bu sebitleri, serişde, önümçilik we adam kuwwatlyklaryny birleşdirmegiň arhitekturasydyr. Türkmenistanyň binýadynda möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda kuwwatly ulag ulgamyny döretmek eýýäm iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ulgamda işe girizilen örän ähmiýetli taslamalaryň biri — «Demirgazyk — Günorta» transmilli demir ýolunyň gurulmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Bu ýoluň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen Gündogar — Günorta we Günorta — Gündogar Aziýa ugry boýunça harytlaryň iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik döreýär. Bu transkontinental demir ýoly Baltika döwletleriniň, Demirgazyk Ýewropa döwletleriň, Ortaýer deňzindäki döwletleriň, Türkiýanyň, Kawkaz ýurtlarynyň, esasan hem Pars aýlagynyň, Hindistanyň, Pakistanyň, Hytaýyň, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň merkezlerini birikdirer. Bu ýerde hem uly geoykdysady sebit emele gelýär. Transkontinental demir ýolunyň diňe ykdysady däl, eýsem, syýasy bähbidi hem uludyr. Çünki bu ýoluň gurulmagy bilen halklaryň arasyndaky doganlyk-dostluk, diplomatik gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin amatly şertler döredilýär. Halkara demir ýollaryň gurluşygynda ýene bir uly taslamalaryň birine — 2013-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleriniň Aşgabatda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygynyň barşynda gol çekilen ähtnama laýyklykda, şol ýylyň iýun aýynda Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan halkara demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Bu demir ýol Hytaýyň köp şahaly demir ýol ulgamyna we onuň üsti bilen Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletlerine çykmaga mümkinçilik döreder. 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň Ymamnazar demir ýol menzilinde transmilli polat ýoluň birinji nobatdakysy — Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesini işe girizmek dabarasy boldy. Sebit ýollarynyň “altyn halkasyna” öwrüljek täze Atamyrat — Ymamnazar — Akina ýolunyň işe girizilmegini alamatlandyrýan dabaralara Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Gani gatnaşdylar. Ymamnazar gümrük nokady nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ugratmak boýunça işlere niýetlenilýär. Bu halkara demir ýolunyň işe girizilmegi Owganystanda hem uly durmuş-ykdysady netijeleri üpjün eder, täze iş orunlaryny döreder. 2016-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistandan Eýrana tarap Sarahs demir ýol menziliniň üsti bilen synag-konteýner otlusy geçdi. Ol Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça ilkinji gatnawy amala aşyrdy. Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil ýol köprüleriniň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen demir ýol we awtomobil ýoly boýunça Özbegistana, Täjigistana, Gyrgyzystana, Gazagystana, Hytaýa tarap täze üstaşyr gatnaw ugurlary açyldy. Türkmenistan üçin bu täze demir ýol we awtomobil ýol köprüleriniň işe girizilmegi biziň ýurdumyzyň demir ýol we awtomobil ulag ulgamyny Özbegistanyň demir ýol we awtomobil ulag ulgamyna çatmaga mümkinçilik döredip, ýük we ýolagçy dolanyşygynyň köpelmegine getirip, milli we goňşy döwletleriň senagatynyň we oba hojalygynyň ösmegine, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň artmagyna, jahankeşdeligiň we raýatlaryň mobilliginiň ýokarlanmagyna güýçli itergi berer. Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan döwletleri deňze çykalgasy ýok döwletlere degişli, şol sebäpli Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan halkara demir ýolunyň gurulmagy, Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil ýol köprüleriniň gurulmagy bu ýurtlara Hazar deňzine tarap ýol açýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan gämiler Wolga-Don kanalynyň üsti bilen Azow we Gara deňzine tarap, ondan aňry bolsa Ortaýer deňzine tarap çykalga döreder. Bu ulag-üstaşyr geçelgesi Merkezi Aziýa döwletleriniň önümleriniň eksporty üçin dünýä bazarlaryny golaýladýar. Awtoulag ýollary düzümini ösdürmek barada aýdylanda, ýurdumyzyň tutuş taryhynda awtomobil ýollaryny gurmak boýunça täze taslamalardan hiç haçan şeýle giň derejedäkisiniň amala aşyrylmandygyny ynamly aýtmak bolar. 2014-nji ýylda Türkmenistanda awtoulag ýollarynyň tutuş ulgamynyň durky täzelendi, täze ähli zerur ýol düzümleri bolan gara ýollar çekildi. Häzirki wagtda Türkmenbaşy — Farap we Aşgabat — Daşoguz awtoulag ýollarynyň gurluşygy alnyp barylýar, olar ýol hereketiniň hilini ýokarlandyrmagy üpjün eder. Pudaklaýyn ösüş maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenbaşy — Farap we Aşgabat — Daşoguz, Türkmenbaşy — Gazagystanyň serhedi, Türkmenabat — Daşoguz we Mary — Serhetabat awtoulag ýollaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň dürli sebitlerini birleşdirýän awtoulag ýollaryny gurmak bilen bir wagtda halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary tizlikli awtoulag ýollaryny üç tapgyrda gurmak göz öňünde tutulýar. Hususan-da, birinji tapgyrda Aşgabat — Türkmenbaşy, ikinji tapgyrda Aşgabat — Farap, üçünji tapgyrda bolsa Aşgabat — Daşoguz ýollary gurlar. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin bu babatda degişli tejribesi bolan daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek göz öňünde tutulýar. Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli täze awtomobil ýoly Aşgabat — Daşoguz ýolunyň 24-nji kilometrinden başlanýar. Ol Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň çäginde bolup, ýol Türkmenbaşy şäherine çenli uzar. “2012—2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasynyň” çäklerinde ulag ulgamyny halkara ülňülerine laýyk getirmek boýunça giň möçberli işler alnyp baryldy. 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda gije-gündiziň dowamynda 2 müň ýolagça hyzmat etmäge ukyply Halkara awtoterminalyň açylyş dabarasy boldy. Şunuň bilen bir hatarda, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. Ulag gulluklarynyň işine iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ulag ulgamy “Hyundai Universe Luõuri”, “Hyundai Universe Noble”, “Hyundai Super Aero Ñity”, “Iran Khodro”, “Ýutong ZK 6129H”, “PAZ-32054” ýaly dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ulag serişdeleri bilen üpjün edildi. Olar ýurdumyzyň içerki we halkara gatnawlaryny amala aşyrýarlar. Täze ugurlar işlenip taýýarlanylýar we olar yzygiderli döredilýär. Türkmenistan deňiz ulaglary boýunça ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak bilen baglanyşykly işleriň ösdürilmegine ýurdumyzyň Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna goşulmagynyň esasy şerti hökmünde garaýar. Häzirki döwürde Türkmenbaşynyň halkara deňiz menzili sebitiň iri üstaşyr geçelgesiniň wezipesini alyp barýar. Ýakyn ýyllarda Hazaryň kenarynda diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň esasy “deňiz derwezesi” derejesine doly laýyk gelýän täze deňiz menzili peýda bolar. Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz menziliniň taslamasy özünde gämi, ýük we ýolagçy terminallarynyň bina edilmegini göz öňünde tutýar. Şunda, gürrüň Merkezi Aziýany Hazar basseýniniň ýurtlaryny Zakawkazýe we Gara deňiz sebitleri bilen birleşdirýän we Türkiýä hem-de Ýewropa ýurtlaryna çykalgasy bolan täze geoykdysady giňişligiň binýadyny tutmak barada barýar. Bu taslama Günorta we Gündogar ugurlar boýunça Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary ýaly, iri ykdysady merkezlere çykalganyň üpjün edilmegini nazarlaýar. Ýurdumyz Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitiniň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna doly goşulyşmagyň möhüm şerti hökmünde deňiz ulaglary bilen ýolagçylary we ýükleri daşamagyň möçberini yzygiderli artdyrýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz menzili häzirki wagtda bu ugurdaky esasy üstaşyr ulag merkezi bolup hyzmat edýär. Ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň möçberli meýilnamalar ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyny, onuň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzyň içerki we halkara howa ugurlarynda ýolagçy we ýük gatnadylmagyna möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “2012—2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasy” bolsa hut innowasion tehnologiýalaryň, öňdebaryjy tehniki çözgütleriň we dünýäniň oňyn tejribeleriniň ulanylmagyna gönükdirilendir. Onda täze howa menzilleriniň, terminallaryň, inžener-tehniki desgalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Ozal bar bolanlarynyň hem durkuny täzelemek meýilleşdirilýär, şeýle hem ýokary hünärli işgärleriň taýýarlygy, häzirki zaman uçarlaryň we beýleki tehnikalaryň satyn alynmagy içerki we ykdysady taýdan peýdaly halkara howa gatnawlarynyň açylmagy göz öňünde tutulýar. Şu maksatnamanyň çäklerinde Aşgabat şäherinde täze Halkara howa menzili gurlup, ulanmaga berildi. Ol Türkmenistanyň esasy “howa derwezesine”, iri yklymara üstaşyr howa geçelgesine öwrüler. 2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň täze Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy. Paýtagtymyzyň täze Halkara howa menzilindäki umumy meýdany 17 müň 174 inedördül metre deň bolan ýük terminaly ýylda 200 müň tonna ýüki kabul etmäge we ibermäge niýetlenendir. Sebitde iri logistika merkezleriniň biri bolup biljek ýük terminalynyň çäginde eksport we import zolaklary, iki sowadyjy jaý, dürli ýükleri saklamak üçin ammarlar bar. Howa gatnawlary arkaly halkara söwdasynda ýükler hem daşalýar. Bu görkezijiler biziň ýurdumyzyň alyp barýan ulag diplomatiýasynyň strategik ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezýär. Geljekki döwürde uly ähmiýetli taslamalaryň hatarynda Merkezi Aziýany we Ýakyn Gündogar döwletlerini baglanyşdyrjak Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň milli ykdysadyýetleriniň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň umumy ulgamyna mundan beýläk-de üstünlikli goşulyşmagy üçin ajaýyp mümkinçilikleri açjak Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesini döretmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamalary aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlara däl-de, eýsem, sebitiň ähli döwletleriniň hem ykdysady ösüşine ýardam berer. Gazanylan belent derejeler, bitirilen anyk işler ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ýurduň ykdysadyýetiniň kuwwatyny düýpli artdyrmaga we halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga giň ýol açýandygyna şaýatlyk edýär. Netijede, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlary boýunça gazanylýan belent ösüş depginleri bilen Türkmenistan Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeledi. Sapargül WALIÝEWA, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň uly mugallymy.

Köneler, Akademik tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir