Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyndan ugur almak bilen, ýurdumyzyň bank ulgamynda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak maksady bilen dürli çäreler geçirilýär. Bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hil taýdan täze, has ýokary derejä götermek, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, pul serişdeleriniň kadaly dolanyşygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şeýle hem ilatyň peýdalanmaýan pul serişdelerini önümçilikde maýa goýumlary hökmünde ulanmak üçin ýurdumyzyň maliýe dolanyşygyna çekmek hem-de täze maliýe gurallaryny işläp taýýarlamak, ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça maksatlaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagyna, onuň köpugurly esasda ösdürilmegine we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bilen bilelikde uzak möhletleýin, özara peýdaly we netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýär. Birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi banky Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasy bilen bilelikde bank ulgamynyň hünärmenleri üçin taslamalar esasynda yzygiderli okuw maslahatlary guraýar. Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň goldamagynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary bilen Halkara pul gaznasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Sebitleýin ykdysadyýetiň ösüş mümkinçilikleri» atly we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Deutsche bank AG» bankynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Söwdany maliýeleşdirmegiň ugurlary» atly okuw maslahatlary geçirildi. «Sebitleýin ykdysadyýetiň ösüş mümkinçilikleri» atly okuw maslahatynyň maksady ýaşlary Halkara pul gaznasynyň wezipeleri, dünýädäki we sebitdäki umumy ykdysady ýagdaý, oňyn hem-de netijeli ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegi, ilatyň girdejileriniň artmagy, kärhanalaryň maliýe serişdeleriniň artmagy karz edaralary üçin pul serişdelerini toplamaga oňyn şertleri döredýär. Şonuň bilen birlikde, edara-kärhanalaryň, ilatyň serişdeleri karz edaralarynyň serişdeler binýadyny giňeltmekde esasy çeşme bolup durýar. Bank ulgamynyň serişdeler binýadynda ilatyň serişdeleriniň paýyny artdyrmak, hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, bank önümleriniň täze görnüşlerini ornaşdyrmak, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we karz edaralarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak milli bank ulgamynyň has-da ösmegine itergi berýän ýagdaýlardyr.

Köneler, Akademik tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir