Bu toprakda beýik taryh ýazylýar Arkadagyň paýhasy — nesillere görelde, asyrlara ýörelge Uly ynam bilen ýola düşse halk, Özgerse, beýgelse, galkynsa dünýäň — Ine, ömrüň üçin şudur uly bagt, Ine, şudur jana deňäp söýülýän! Dagdan gaýnap çykýan mumyýa ýaly, Dag başyndan şaglap gaýdýan çeşme dek — Halka Arkadagyň pikir-hyýaly, Güýçli sözi, dury paýhasy gerek. Parlap şugla saçýan Güneş mysaly, Ýagmyr dek, dünýäni eýlän gül-çeçek — Ýagtyltmaga, gülletmäge ykbaly Beýik özgerişiň gudraty gerek. Zamanaň paýhasy, asyrlara — şan, Ruhy — belent, kalby — tämiz, mähriban, Halk üçin ýaşaýar eziz Arkadag — Döwri Beýik Döwür edýän Gahryman. Prezident bilen Halk — bir janu-bir ten, Şeýdip has beýgelýär biziň döwrümiz. Gudrat bilen çykan iliň içinden Beýik Ynsan bilen birdir göwnümiz! * * * Türkmenistanyň özbaşdak ösüşi, onda-da dünýä nusgalyk ösüşi hakynda birmahallar, meger, hiç kim pikir edip bilmezdi. Garaşsyzlyk türkmen topragynyň uly mümkinçilikleri, türkmen halkynyň bu mümkinçiliklerden akylly-başly peýdalanmagy başarjakdygy baradaky pikirleri öňe çykardy. Berkarar döwletiň saýasynda ýaşan ýyllarymyz, ine, şu pikirleriň örän dogrudygyna hemmeleriň gözüni açdy. Eýsem-de bolsa, ýurdumyzyň nähili uly mümkinçilikleriniň bardygyna, şol mümkinçilikleri başarjaňlyk bilen ulanmak üçin halkymyzyň nähili uly güýje eýedigine diňe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan işleriň netijesinde has aýdyň göz ýetirip bolýar. Ýurdumyzyň mümkinçilikleri dogrusynda her döwürde käbir hünärmenleriň, alymlaryň, düşünjeli adamlaryň öz ugurlary boýunça, özleriçe pikir edendigini inkär etmek niýetimiz ýok. Emma şol bilinýänler hem jemlenilmän, bitewi hala ýetirilmän, subut edilmän, ykrar edilmek derejesini gazanman, hereketsizligine, netijesizligine galdy. Munuň hem üstesine, olaryň ählisiniň diňe öz döwrüniň çäkli pikir-garaýşy bolandygy hakykatdyr. Her döwrüň öz ýagdaýy bolýar. Döwrüň ýagdaýy adamlaryň aň-düşünjesini, gözýetimini, hatda arzuw-maksatlaryny, isleglerini kesgitleýär. Şoňa görä, meger, döwürden öňe geçip, şondan ýokarda, şondan giň, şondan çuň pikir ýöretmek mümkin hem bolan däldir. Bu günki türkmen — öz ýurdunyň doly hukukly eýesi. Bu günki türkmen öz ýurdunyň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigine doly göz ýetirýär. Bu günki türkmen öz ýurduny özüniň öňe äkidip biljekdigine doly ynanýar. Bu günki türkmen ýurdunyň giň ykdysady mümkinçilikleri bilen hem, bilim-düşünjesi, başarnygy bilen hem özüni dünýä doly ykrar etdirýän halk. Biziň döwrümiz — özgerişleriň, ösüşleriň döwri. Şonuň bilen halkyň köp asyrlyk taryhy tejribesi oýanýar, ösen dünýä düşünmek ukyby oýanýar. Diňe bu hem däl, täze döwrüň talaby, şertleri bilen halk öz tejribesini barha baýlaşdyrýar. Belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ýaşaýşyň özboluşly nusgasyny gaýtadan dünýä görkezýär. Erkin pikirlenmek, erkin ösmek, öňe, diňe öňe gitmek — şeýle derejäni bize döwrümiz berýär. Eýsem-de bolsa, döwür öz-özünden beýik döwür bolmaýar. Halkyň döredijilik mümkinçilikleri öz-özünden açylmaýar. Munuň üçin halkyň döredijilik güýjüni oýarmagy, herekete getirmegi, ösdürmegi başarýan, döwri döwür edýän Baştutanyň gerekdigi düşnüklidir. Ine, Gahryman Arkadagymyzyň milletiň öňündäki beýik hyzmaty, bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty şunuň bilen baglanyşyklydyr! Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň ynamy hem söýgüsi şunuň bilen baglanyşyklydyr! Gahryman Arkadagymyzyň dünýä dolan at-abraýy şunuň bilen baglanyşyklydyr! * * * Ýurdumyzyň nähili uly mümkinçilikleriniň bardygyna, şol mümkinçilikleri başarjaňlyk bilen ulanmak üçin halkymyzyň nähili uly güýje eýedigine diňe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan işleriň netijesinde has aýdyň göz ýetirip bolýandygyny aýtdyk. Ol işleri sanap aňyrsyna çykar ýaly däl. Ol işleriň her biriniň ähmiýeti barada näçe gürrüň etseň-de az. Ol işleriň her biri juda giň hem çuňňur mana eýe. Ol işleriň her biri ýeneki işlere ýol açýar. Ol işleriň her biri täze menzilleri salgy berýär. Olar barada biz aýdýarys, hemmeler aýdýar. Olar barada geljek nesiller aýdar, asyrlar aýdar. Ol işler diňe şu günümizi däl, geçmişimizi hem beýgeldýär. “Geçmişimizi beýgeldýär” diýenimde, men muny bu günki beýik işleriň ata-babalarymyzyň jahany aňk eden Q

Köneler, Akademik tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir