Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatlary netijesinde, ýurdumyzda giň möçberli, halkara ähmiýetli taryhy özgertmeler amala aşyrylýar. Eziz diýarymyz bu gün dünýäniň uly gyzyklanma we buýsanç bilen synlaýan mekanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli hem-de ynsanperwer daşary hem-de içerki syýasatlary daşary ýurtly myhmanlarymyzda mähriban Watanymyz barada ýakymly duýgulary, garaýyşlary kemala getirdi. Sanlyja ýylda şanly gadamlary bilen tanalan ata Watanymyz ýene-de bir uly dabaranyň bosagasynda. Halkara sport baýramçylygy – Aziada 2017 –niň başlanmagyna sähelçe wagt galdy. Diňe bir mähriban halkymyzyň däl, eýsem, tutuş dünýä halklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu dabarasy eýýäm üns merkezine geçmegi başardy. Dünýäniň ençeme döwletleriniň tele-radio ýaýlymlarynda Aziada 2017-ni mahabatlandyrýan gepleşiklerdir wideogörnüşler goýberilip, metbugatlarynda degişli maglumatlar çap edilip ugrady. Olarda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen merjen paýtagtymyz gözel Aşgabat we onda geçirilmeli dünýäniň sport we dostluk baýramy barada; bu uly çärä görülýän taýýarlyklar barada; türkmen myhmansöýerliginiň täze nusgalary hakynda gyzyklanma bilen gürrüň edilýär. Ähli welaýatlarda bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň obadyr şäherleri hem baýramçylyk ruhuna beslenip, daşary ýurtly myhmanlary kabul etmäge taýýarlandy. Aziýa oýunlarynyň sport görnüşleri barada habar berýän jemgyýetçilik çäreleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Arkadagymyzyň gurduryp beren sport toplumlarydyr mekdeplerinde bu dabara bagyşlanan sport ýaryşlary gyzgalaňly dowam edýär. Welaýatyň mekdeplerinde we çagalar baglarynda Aziýa oýunlarynyň halkara ähmiýeti hakyndaky düşündiriş - maglumatlar ýaş nesliň dünýägaraýşyny kämilleşdirip, watançylyk we millilik ruhunda terbiýelemäge ýardam berýär. Milli Liderimiziň başda durmagynda abadanlaşdyrylyp, has gözel görke gelýän şäherlerimiziň, şäherlere bäsleşýän obalarymyzyň giň hem-de ýagty köçeleriniň ugrunda Aziya oýunlarynyň mahabat – habar ýazgylary täze tehnologiýalar arkaly ildeşlerimiize ýetirilýär. Welaýat merkezinde sport oýunlarynyň petekleriniň satuwy giňden ýola goýuldy. Halkara derejeli bu uly sport baýramynyň açylyş we ýapylyş dabarlaryny synlamak isleýän, oýunlaryň 21 görnüşine gatnaşmak isleýän ildeşlerimiz üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Abraýy asyrlara aşjak dabarany öz gözleri bilen görüp, kalby bilen duýup gelmäge höwesli adamlar eýýäm petekleriň dürli görnüşlilerini edindiler. Olar bu oýunlarda Arkadag aladasy bilen gurşalan türgenlerimiziň ýeňiş bilen abraý aljakdyklaryna ýürekden ynanýarlar. Çünki, döwrüň ruhuna öwrülen “Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan” aýdymy bilen ganatlanýan Aziadanyň şowly gadamlary başgaça bolup- da bilmez. “ Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygarly V Aziýa oýunlarynyň dabarasy dag aşsyn! Gadamlaryň batly, ýollaryň ýeňişli bolsun, Aziada -2017!

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir