Berkarar döwletimizde ýaş nesilleriñ bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giñ gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryñ halkara ülñülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alnan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagynda, ylmy we döredijilik işlerine höweslendirmeginde, dünýägaraýyşlarynyñ giñelmeginde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek hormatly Prezidentimiziñ öñde goýýan baş wezipeleriniñ biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalara erk edýän ýokary hünärli işgärleri taýarlamagyñ ýokary okuw mekdep ulgamy döredilýär. Türkmenistan innowasion tejribäni peýdalanmaga çalyşýar, öz hünärmenlerini daşary ýurtlara iberýär hem-de döwür bilen aýakdaş gitmek üçin ýurdumyza daşary ýurtly kärdeşlerini çagyrýar. Ýurdumyzda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, gurulýan döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri ýaşlaryñ giñ dünýägaraýyşly, kämil bilimli nesiller bolup ýetişmeklerine mümkinçilik berýär. Biziñ ýurdumyzda ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek babatynda ähli şertler döredilendir, ýaşlaryñ sazlaşykly ösmegi, häzirki zaman bilimini ele almagy, öz ukyplaryny we zehinlerini görkezmegi üçin giñ mümkinçilikler açyldy. Ýokary okuw mekdepleriniñ talyplary halkara bäsleşiklerinde medallara mynasyp bolýarlar. Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyñ geljegi bolan ýaş nesliñ mümkinçiliklerini giñeltmek we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady hem-de guramaçylyk şertleriniñ üpjün edilmegine mundan beýläk-de uly üns beriljekdigini belleýär. Şunuñ bilen baglylykda, milli Liderimiz ýaşlaryñ hakyky watançylyk, ýokary ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklar, parasatly halk däp-dessurlaryna, ata-babalarymyzyñ wesýetlerine wepalylyk ruhunda terbiýelenilmeginiñ möhümdigini nygtaýar. Bilim ulgamy-munuñ özi, ilkinji nobatda ýaşlar syýasatydyr, ertirki günüñ aladasydyr. Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz öz ýöredýän syýasatynda bilim-ylym özgertmelerine innowasion häsiýet bermek arkaly, ösüp gelýän ýaş nesli okatmagyñ, terbiýelemegiñ hem-de hünärmenleri taýýarlamagyñ barşynda iñ oñat dünýä tejribesini we öñdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmakdan ugur alyp, has öñdengörüjiligi we parasatly hereketi görkezýär.

Köneler, TDUayka tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir