S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň hatlaryndan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz durmuşyň ähli ugurlary boýunça batly depginler bilen ösýär, berkeýär, kuwwatlanýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwlet jemgyýetden ybarat, kämil jemgyýeti bolsa diňe ylym-bilim, paýhas bilen esaslandyryp bolar. Hut şu maksat bilen häzirki wagtda ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ösen, dünýäniň iň öňdebaryjy tilsimatlaryndan baş çykarýan, milli ýörelgelere hormat goýýan, ylmyň dünýä derejesinde gazananlaryny başarnykly özleşdirip, döwrüň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşup bilýän nesilleriň ýetişmekleri üçin ägirt uly maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynda dünýäniň ösen isleglerini kanagatlandyryp bilýän dürli derejedäki täze bilim edaralary gurulýar we döredilýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl ýurdumyzda täze ýokary okuw mekdebiniň- Jemagat hojalygy instititutynyň açylýandygyny belläp, onda bu ulgam üçin işbaşarjaň , ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanmalydygyny, munuň üçin bolsa bu ýerde okuw usulyýet merkezini döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, durmuşymyzyň has-da gözelleşmegi ylymly-bilimli, ukyply ýaşlara baglydyr. Ýurdumyzda zehinli ýaşlar üçin halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze okuw mekdeplerini döretmek işleri yzygiderli alnyp barylýar.Ýurdumyzda Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen her ýylda dürli ugurlarda ýörite orta hünär okuw mekdepleri açylýar. Döwrüň talap edýän hünär ugurlary boýunça ýokary okuw mekdepleri döredilýär. Halkymyzyň döredijilik we ruhy kuwwatynyň artdyrylm,agy ýurdumyzyň ösüşleriniň, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň kepili. Bu ugurda alnypm barylýan beýik işleriň özi ýaşlarymyzyň Watan we mukaddes toprak, halkyň ykbaly babatdaky garaýyşlaryny has-da kämilleşdirýär. Ylymly-bilimli nesil jemgyýetiň ösüşini dowam etdirýär, ýurduň ykdysady we medeni baýlygyny artdyrýar. Hut şu maksat bilen hem häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösen, dünýäniň iň öňdebaryjy tilsimatlaryndan baş çykarýan , ylmyň dünýä derejesinde gazananlaryny başarnykly özleşdirip bilýän hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär Häzirki wagtda rowaçlyklara beslenýän diýarymyzyň her bir bilim ojagy doly kompýuterleşdirilýär, interaktiw-multimediýa enjamlary bilen üpjün edilýär. Döwrüň ösen tehniki serişdeleriniň bilim ojaklaryna giňden ornaşdyrylmagy talyp ýaşlaryň bilimleri halkara derejeli çuň özleşdirmekleri üçin giň mümkinçilik döredýär. Häzirki buýsançly döwrüň eýesi bolan bagtyýar ýaşlar Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň taryhy wakalarynyň birine öwrüljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny aýratyn jgun, ruhubelentlik bilen garşylaýar. Hormatly Prezidentimiz bolsa dünýä halklaryny dost-doganlyga, agzybirlige , sagdynlyga çagyrýan bu halkara derejeli sport ýaryşyny hakyky baýramçylyk ruhunda geçirmekde, Aziýada-2017-niň netijeleri boýunça ýurdumyzyň sport abraýyny täze belentliklere götermede ajaýyp zamanamyzyň ýaş nesillerine uly ynam bildirýär. Ýurtda gysga wagtda gurulýan il-ýurt bähbitli ägirt uly desgalary, döwrebap ýollary , ýaşaýyş we durmuş maksatly binalary , ylym bilim edaralaryny, döwrebap çagalar baglaryny, orta we ýörite orta , ýokary okuw mekdepleri göreniňde ýaşaýsa we bagtyýar durmuşa höwesiň, ata Watanyň beýik ösüşlerine, Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatyna bolan buýsanjyň artýar. Goý, Berkarar Watanymyzy beýik ösüşlere besleýän, halkymyza bolsa bagtyýar durmuşy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň jasy sag, ömri uzak bolsun!

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir