Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda yzygiderli ösüş gazanylýar. Ýurdumyzyň abraýy dünýäde ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiz şu günki günde halkymyzyň bolelin bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek bilen bir hatarda geljekki nesillerimiziň aladasyny edýär. Şonda geljekki ata Watanymyzy has-da gülledip ösdürjek giň gözýetimli, ruhy we beden taýdan sagdyn öz käriniň ussady bolan bilimli hünärmenleri taýýarlamaklyga aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň ähli babatda kämilleşdirilmegi, on iki ýyllyk umumy orta bilime geçilmegi, başlangyç, orta hünär okuw mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň sanynyň yzygiderli köpeldilmegi, olaryň döwrebap enjamlaşdyrylmagy, talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy we başga-da köp işler onuň mysallarydyr. Şonuň üçinem ýyldan ýyla umumy okaýan talyplaryň sany hem artýar. Şu ýyl hem ýokary okuw mekdeplerine kabul edilmeli talyplarynyň sanynyň 1 müň 52 adam öňkiden köp bolmalydygy onuň aýdyň mysalydyr. Geçen ýyllardan başlap okuw mekdepleriniň täzeleriniň açylyp gelýändigi, ýagny 2015-nji ýylda halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň açylandygy, täze okuw ýylyndan bolsa Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň işläp başlajakdygy, beýleki okuw mekdeplerinde täze hünärleriň açylýandygy bu ulgamyň döwrebap ösdürilýändigini, ýurdumyz üçin geljekde gerek bolan hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýändigini aňladýar. Esasy zat bolsa şol bilim ojaklarynda talyplar we mugallymlar üçin okamaga-da, okatmaga-da ähli şertleriň döredilýänligidir. Ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan biziň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde hem biz talyp ýaşlar üçin okamaga, ýaşamaga, sport we aýdym-saz bilen meşgullanmaga, boş wagtlarymyzy gyzykly we peýdaly geçirmäge ähli mümkinçilikler döredilen. Döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ýagty otaglarda alýan nazaryýet bilimlerimizi, okuw-tejribe hojalygymyzda, önümçilik kärhanalarynda tejribeliklerde berkitmäge şertler döredilen. Kitaphanamyzda ähli zerur bolan kitaplar we elektron kitaphana bar. Talyplaryň okuwdan boş wagtlary sungatyň dürli görnüşleri, aýdym, saz, çeper okaýyş, drama ýaly ugurlary bilen meşgullanmaga uniwersitetimiziň “Altyn asyr” medeniýet merkeziniň gapysy açyk. Bu elbetde talyp ýaşlaryň talantlaryny ýüze çykarmak bilen bir hatarda, olaryň türkmen halkynyň medeniýetini, taryhyny, däp-dessurlaryny has giňden bilmekde hem-de ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde örän uly ähmiýeti bar. Dünýä ülňilerine laýyk derejede gurlan açyk görnüşli stadionymyzyň, sport meýdançalarymyzyň, ýapyk görnüşli sport zallarymyzyň bolsa boş wagty bolmaýar. Çünki Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi onuň aýdyň subutnamasydyr. Ony ýokary derejede geçirmek üçin Milli Liderimiziň Baştutanlygynda uly işler edilýär. Olimpiýa şäherjigi türgenleri we myhmanlary kabul etmäge taýýar. Olara ýokary derejede hyzmat etmäge hem mümkinçilikler döredilen. Biziň gojaman uniwersitetimizde hem ýüzlerçe talyplardan düzülen ýardamçylar topary bu çärä uly taýýarlyk bilen barýarlar. Olar iňlis dilinde myhmanlara ýurdumyza gelenlerinde, bu ýerde bolanlarynda we öz ýurtlaryna gaýdanlarynda biziň ýurdumyzyň täsinlikleri, halkymyzyň gymmatlyklary barada hem gürrüň bererler. Bu bolsa Aziýada-2017-niň ýokary derejede geçmegine, Türkmenistanyň abraýynyň dünýä ýaýylmagyna biz talyp ýaşlaryň goşandymyz bolar. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt, adamzat bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir