Alty toparyň gatnaşmagynda 1992-nji ýylda doglanlardan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda Abu-Dabide geçirilen Aziýanyň 13-nji çempionatyna seçip alyş oýunlaryny Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçylary göçgünli notada tamamladylar. Ahyrky, 5-nji tapgyryň duşuşygynda Aman Goçumowyň şägirtleri ýerli janköýerler we birnäçe hünärmenler üçin garaşylmadyk ýagdaýda «D» toparçada dalaşgärleriň biri bolan Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndysyny ýeňdi duruberdi we olary kontinentiň çempionatynyň final böleginde oýnamakdan mahrum etdi. Mälim bolşy ýaly, Aziýa(2008) çempionatynyň finalyna ilkinji ýollanma özbegistanly ýetginjekler möhletinden öň mynasyp bolupdylar. Olar «D» toparçanyň ýeňijisi hökmünde Palestinanyň futbolçylaryny 6:1 hasabynda ýeňmegi başardylar we netijede 13 oçko toplap, birinjiligi eýelediler. Ikinji ýollanma üç ýurduň ýygyndysy dalaşgärlik etdiler. Olar hersi 7 oçkodan toplan Täjigistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň, şeýle hem olardan iki oçko yza galýan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň futbolçylarydy. Türkmenistanly ýetginjekler bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň, täjigistanly ýetginjekler bilen hem Bangladeşiň ýygyndysy bir wagtda özara duşuşdylar. Aman Goçumowyň şägirtleri ýer eýeleri bilen duşuşyga örän aýgytly taýýarlandylar. Oýnuň 65-nji minutynda biziň toparymyzyň güýçli hüjümçisi, Abadan şäheriniň futbol mekdebinde ösüp ýetişen Wahit Orazsähedow hasaby açdy, şeýlelikde, onuň bu ýaryşyň duşuşyklarynda derwezelere girizen pökgüleriniň sany bolsa 4-e ýetdi. Şondan bary-ýogy dört minut geçensoň, Olimpiýa rezerwli çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň tamamlaýjy synpynda okaýan oýunçy Ruslan Mingazow hasaby 2:0-a ýetirdi. Ýetginjeklerimiziň bäsdeşleri bolan BAE-niň futbolçylary bary-ýogy bir jogap pökgüsini tora girizdiler, ony oýnuň 85-nji minutynda Halifa Abdulrahman Al-Abduli öz adyna ýazdy. Bu oýundan soň 8 oçko toplan Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň futbolçylary üçünji orny eýelediler. Olar BAE-li bäsdeşlerinden öňe geçdiler, Täjigistanyň toparyny bolsa ozup geçip bilmediler. Soňky tapgyrda täjigistanlylar Bangladeşiň futbol toparyny 3:1 hasabynda ýeňdiler we 10 oçko bilen final duşuşyklaryna ýol açýan ikinji ýollanma eýe boldular. Aziýa (2008) çempionatynyň final ýa¬ryşlarynda «A» we «G» toparçalarda birinji hem-de ikinji orny eýelänler, şeýle-de «H» toparçanyň ýeňijisi çykyş ederler. Häzirki güne çenli final duşuşyklaryna gatnaşmaga Eýranyň, Bahreýniň («B» toparçada), Özbegistanyň, Täjigistanyň («D» toparçada), Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň, Awstraliýanyň («G» toparçada), Hytaýyň, Singapuryň («E» toparçada) we Günorta Koreýanyň («H» toparçada) ýetginjekler ýygyndylary hukuk gazandylar. PS:turkmenpress.com\'dan alınan habar:)

Köneler, Arch Angel tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir