Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: - Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek türkmenistanlylar üçin mezemez ýörelgä öwrülmelidir. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli we oýlanyşykly döwlet syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda sport ulgamy güýçli depginde ösdürilýär, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dünýä standartlaryna laýyk gelýän sport mekdepleri we desgalary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmaga çekmek, türkmen jemgyýetinde sagdyn-durmuş ýörelgesini berkarar etmek boýunça möhüm ähmiýetli maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan milli Liderimiziň bimöçber tagallalarynyň netijesinde Türkmenistan döwletimiz halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan köp ugurly işleriniň çäklerinde sebitde örän iri sport desgasy bolan Olimpiýa şäherjiginde döwletimiziň we agzybir halkymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterjek, 2017-nji ýylyň şahly wakasyna öwrüljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ýokary ruhubelentlikde taýýarlyklar görülýär. Aziada-2017-niň çäklerinde geçiriljek halkara sport ýaryşlarynda milli türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmekleri üçin uly mümkinçilik we zerur şertler döredilendir. Bu sport ýaryşynda çykyş etjek milli türgenlerimiziň arasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem bolmagy ählimizi buýsandyrýar. 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary Hangeldi Allakow guşakly göreşiň alyş görnüşi we Seýitmyrat Ataýew türkmen milli göreşi, Nabat Batyrowa taý boksy, Rozymyrat Medow guşakly göreş boýunça milli ýygyndy toparynda çykyş etmeklige hukuk gazandylar we olar häzirki wagtda türgenleşik işlerini geçýärler. Bu talyplar ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän sport ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Bu babatda käbir mysallara ýüzlenip göreliň. 2015-nji ýylda Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyp ýaşlary Nabat Batyrowa Tailandda geçirilen Taý boksy boýunça 4-nji Aziýa kenarýaka oýunlarynda 57 kilogramlyk agramda çykyş edip, 3-nji orny, Hangeldi Allakow Russiýa Federasiýasynyň Orenburg şäherinde geçirilen türkmen milli göreş boýunça II dünýä çempionatynda 68 kilogramlyk agramda çykyş edip, 1-nji orny eýelediler. Şeýle hem institutyň talyby Gurbanmyrat Gurbanmyradow sport ussatlygyna dalaşgär bolmak bilen, suwda ýüzmek boýunça ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony bolmagy başardy. 2015-nji ýylda ýylda ýurdumyzda küşti söýýänleriň arasynda geçirilen erkin ýaryşda institutyň talyby Ýagmyr Gulçarow 1-nji orna mynasyp bolup, Türkmenistanyň çempiony bolmagy başardy. Türkmen döwlet maliýe institutynyň “Maliýeçi” woleýbol talyp topary ýokary okuw mekdepleriň arasynda woleýbol boýunça geçirilýän ýaryşlarda ençeme gezek baýrakly orunlara mynasyp boldy. 2017-nji ýylda “Maliýeçi” woleýbol talyp topary birinji ligada birinji orny eýelemek bilen, ýurdumyzyň ýokary ligasynda çykyş etmeklige hukuk gazandy. Häzirki wagtda “Maliýeçi” woleýbol talyp topary ýokary ligada üstünlikli çykyş edýär. “Maliýeçi” woleýbol talyp toparynyň düzüminde çykyş edýän institutyň 4 talyby Türkmenistanyň woleýbol boýunça ýygyndy toparynyň düzümine hem girýärler. Bu talyplar woleýbol boýunça daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlarya hem gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi başarýarlar. Talyp ýaşlaryň okuwdan boş wagtlary bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin Türkmen döwlet maliýe institutynda zerur şertler döredilendir. Şu maksat bilen döwrebap täze kiçi fotbol meýdançasy, tennis, basketbol, woleýbol meýdançalary gurlup ulanylmaga berildi. Şeýle hem sportuň dürli görnüşlerinde ýaryşlary geçirmek üçin ýapyk sport desgasy hereket edýär. Institutda talyp ýaşlardan düzülen woleýbol, futbol, gandbol, basketbol, küşt, şaşka ýaly toparlar hereket edýär. Talyp ýaşlar institutda, ýurt möçberinde we halkara derejesinde geçirilýän dürli sport ýaryşlaryna işeňňirlik bilen gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ýylyň-ýylyna sportuň dürli görnüşlerinden geçirilýän Spartakiada Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyp sport toparlary hem yzygiderli gatnaşyp, ýeňiji bolmagy başarýarlar. Talyplaryň köpüsi medallara, kuboklara, diplomlara we hormat hatlaryna eýe bolýarlar. Talyp ýaşlaryň ýurt möçberinde we halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň milli sportumyzy ösdürmek barada alyp barýan syýasatyna goşant bolup durýar. Talyp ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen giňden meşgullanmaklary olaryň sagdyn bolmaklaryna, okuw sapaklaryna oňat ýetişmeklerine uly ýardam edýär. Köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen giňden meşgullanmakda, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyza nusgalyk mekdep bolup durýandygyny aýratyn bellemek zerurdyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklygy ugrunda durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin, jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir