Garaşsyz hemişelik Türkmenistan döwletimizde her ýylyň dowamynda ýüzlerçe halkara sergiler we maslahatlar geçirilýär. Häzirki döwürde biziň paýtagtymyz dünýäniň iri sport jemgyýetçiliginiň we halkara guramalarynyň üns merkezinde. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Aşgabatda gurulýan köp sanly iri göwrümli sport desgalary, olaryň halkara ülňelerine laýyk gelmegi, degişli enjamlar we serişdeler üpjün edilmegi ol ýerlerde köp sanly halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmeklige uly mümkinçilik berýär. Elbetde, şeýle iri sport ýaryşlaryň biri hem 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarydyr. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Aziýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň 45-sinden başga-da, ilkinji gezek Okeaniýa döwletleriniň Milli Olimpiýa komitetleriniň 17-niň wekillerini jemlär. Hormatly Prezidentimiz V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň hem-de Okeaniýa döwletleriniň Milli olimpiýa komitetleriniň arasynda Aziada-2017-ä gatnaşjak döwletleriň düzümini giňeltmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasynda eden çykyşynda “Ýurdymyzyň paýtagtynda V Aziýa oýunlaryny geçirmekde Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň bilelikde edýän tagallalarynyň dünýäde sporty mundan beýläkde ösdürmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn. Halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi berkitmekde, Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün etmekde bu oýunlar möhüm ähmiýete eýe bolar” diýip, belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiziň tutuş yklymda sporty wagyz etmek, Olimpiýa hereketini durmuşa ornaşdyrmak baradaky tutumly işlere saldamly goşant goşýandygy bu gün hemmelere mälim hakykat. Watanymyzda Aziýa oýunlary ýaly toplumlaýyn ýaryşlaryny synlap, olaryň arasynda ýaşyl Tugumyzy belende götermäge ukyply türgenleriň kändigine buýsanýarys. Şoňa görä-de, milli Liderimiziň ata Watanymyzyň geljekgi ösüşlerinden ugur alýan tutumly işlerini durmuşa geçirmäge goşant goşýan ýaşlaryň sanynyň artýandygyna guwanyp, olaryň watansöýüji we kämil nesiller bolup ýetişmegi üçin yzgiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir