Golaýda Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdürliginiň hem-de Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Muhammetmyrat Nyýazow” adyndaky çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde körpeleriň arasynda “Sagdyn gelejek-ýagty gelejek” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşige “Altyn sümmül”, “Altyn damja”, “Demirýolçy” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde dynç alýan okuwçy oglan-gyzlardan düzülen toparlar gatnaşdy. Ilki bilen sportuň ýeňil atletika görnüşinden birnäçe bäsleşikler geçirildi. Toparlar öz aralarynda estafeta görnüşinde bellenen aralygy ylgamakda,päsgelçiliklerden aýlanyp geçip suw daşamakda, haltaly ylgap geçmekde bäsleşdiler. Öňe saýlanan “Altyn damja” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň toparlary TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň sowgatlaryna mynasyp boldylar.

Köneler, TDUayka tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir