Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe günsaýyn pajarlap ösýän ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Aýratyn hem ýaş nesillerimiziň beden taýdan berk bedenli sagdyn, ruhubelentli nesiller bolup ýetişmekleri barada giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Her bir edara-kärhanada sport çäreleriň biri hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň gurnamagynda paýtagtymyzda ýerleşýän 1-nji çagalar bagynda “Biz sporty söýýäris” ady bilen aýdym-sazly sport bäsleşigi geçirildi. Körpeje çagalar ähli babatda özleriniň erjelligi, höwesjeňligini, ussatlygyny görkezdiler. Bäsleşik diýseň gyzykly geçdi. Çagalar özlerine edilýän aladalary üçin Mähriban Arkadagymyza çaga ýüreklerinden sag bolsun aýtdylar.

Köneler, TDUayka tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir