Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyz Türkmenistan halal hem aýdyň ýol bilen ynamly öňe barýar. Eziz Watanymyz dünýäde bäsleşige ukyply ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Ata babalarymyz geçmişde haýsydyr bir zady irginsiz irginsiz zähmetiň esasynda emele getiren bolsa biziň bagtyýar raýatlarymyz şol gymmatlyklary zähmetiň , aň-düşünjäniň täze pikirleriň üsti bilen kämilleşdirýärler. Milli däp-dessurlarymyzyň , ylym-bilimiň täzeden has belent derejelere ýetmegi bolsa türkmen halkymyzyň çekýän zähmetiniň miwesi bolup durýar. Ýurdumyzda gazanylýan zähmet ýeňişleri nurana Diýarymyzyň , bagtyýar halkymyzyň ruhy we medeni ösüşleriniň özboluşly nyşanydyr. Bagtyýarlyk döwri her bir türkmen raýatynyň kalbyna , ýüregine egsilmez güç kuwwat berýär. Dünýäniň çar künjeginde biziň ýaşyl Tugumyz juwanlygy milliligi şöhlelendirýän öwüşgini bilen belende parlaýar Şan-şöhrady , at-öwezasy dünýä ýaýran berkarar Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar. Zähmet söýer türkmen halkymyz saglygyň sarpasyny hemme zatdan öňde goýýar.Biziň bagtyýar türkmen halkymyz 2017-nji ýyly , “Sagdynlygyň we ruhybelentligiň ” ýylly diýip yglan etdiler. Biziň Türkmenistan döwletimizde her ýylda Bütindünýä saglyk güni mynasibetli ýurdumuzuň ähli ýerinde uly dabaralar ýörüşler guralýar. Biziň sport jan köýerlermiz öz diýarymyzyň içinde däl eýsem goňşy döwletlerimizde-de geçirilýän sport bäsleşiklerine uly höwes bilen gatnaşýarlar. Aziýada 2017-niň dabarasy türkmen döwletiniň pähim-paýhasly döwlet Baştutanynyň ynsanperwer syýasatynyň giňden dabaralmagynyň öz boluşly nyşanydyr. Bu baýramçylyga biziň türkmen halkymyz zähmet üstünlikleri bilen barýar.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir