Mämmet Seýidow 8-nji bap: ESEN SÖWDAGÄR Onuň başynda tüýlek, ýapbaşyk gara telpegi bardy. Boýy keltejik, göwresi ýognas adam. Şol ýognaslygy üçinem çagalardan tapawutlanýardy. Daşdan seredene onuň göwresi togalak bolup görünýärdi. Mäşirige meňzeş kiçijik, süýnmek kellesine gelşip duran sekizpara çigme tahýasy bar. Ýaşy kyrkdan bir eýýäm geçip, ellini alkymlap barýan adam. Onuň gytyjak saçynda ak görnüp ugrapdy. Günüň şöhlesine çekgesindäki ak gyllar şeýle bir ýaldyraýardylar, edil kümüş külkesi ýalydy. Adamlar öz ýanynda Esen söwdagär diýip tutsalar-da, ýok ýerinde Esen kelte-de diýýärdiler. Onuň sesi inçeden jag-jaglydy. Esen söwdagär Gumdepe diýilýän obada ýaşaýardy. Onuň Arslan, Mäter diýen iki ogly bardy. Onuň ogullary özi ýaly däldi. Ikisem daýaw, boýlary ortadanam ýokarrakdy. «Ogullary daýylaryna çekipdir» diýip, il-günüň aýdýany ýöne ýerden däldi. Olaryň ejesem, daýylaram süňkbaşy iri adamlardy, uzynakdylar. «Bäş-alty putluk çuwallary düýäniň üstüne oklaýýar» diýip, Esen söwdagäriň aýalynyň gürrüňini edýärdiler. Eseniň ýaş mahaly, ýaňy öýlenen wagty deň-duşlary «Aýalyndan gorkýar» diýip degerdiler. Oňa «Aýalyň ýanyna baryp, sen hiç zadam başarýan dälsiň» diýerdiler. — Ony synamak aňsat. Aýalyň bilen bir jaýa salda göräý — diýip, Esen otlukly jogap berýärdi. Esen söwdagäriň bir eşegi bilen ýükçi guba erkegi bardy. Onuň ähli ýüküni şol erkek göterýärdi. Eşegine özi münerdi, erkegi eşege tirkäp, haçan görseň oba-oba aýlanyp ýörendir. Ol halwa, kemput, pampyza diýen ýaly çagalaryň halaýjak harytlaryny satardy. — Esen aga, maňa hywa dony gerek. — Esen aga, maňa Eýran parçasy gerek. — Maňa gazan, kündük gerek. Maňa okara-çemçe gerek — diýip, ýüz tutýanlaram kändi. Esen söwdagär olaryň hiç birinden boýun towlamazdy. Olaryň hemmesine-de: — Bolýar, gözlärin. — Otüki, tapjak bolaryn. — Otüki, ugruna çykaryn — diýip, jogap berýärdi. Aýdyşy ýaly ugruna-da çykardy, gözleýärdem. Köplenjem tapyp getirýärdi. Bir gezekde tapmasa, ikinji gezekde tapýardy. Biriniň ýumşuny bitirip bilmese, öz ýanyndan kiçelýärdi, gynanýardy, gözleýärdi. Gözlände-de yhlas bilen gözleýärdi. Iň bärkisi bir çaga: «Oýnawaç tapyp ber» diýse-de boýun towlamazdy. Onda-da uly adamyň ýumşuny bitirýän ýaly yhlas bilen gözlärdi. Tapmasa şoňa-da tüýs ýüreginden gynanardy. Esen söwdagär şu etraplardaky on-on bäş obanyň hersine 15-20 günden bir gezek aýlanardy. Obada onuň haçan geljegini çak bilen bilýärdiler. — Bu gün ynha aýyň pylançasy. Ýene iki-üç günden söwdagärem görnäýse gerek — diýip, ýaşulular çak urýardylar. Olaryň uran çaklary köplenç dogram bolup çykýardy. Esen söwdagär obalarda diňe öz harydyny satmak bilen çäklenenokdy. Onuň ojuk-bujuk satyn alaýmasy, «Satyp bereýin» diýip äkidäýmesi hem bardy. Ol obadan haly-kilim, garçyn-çuwal, dultorba telpeklik deri, içmek-possun diýen ýaly zatlary satyn alardy. Ýandakly obasynyň adamlary Esen söwdagäre düýn garaşyp ugrapdylar. Ol köp garaşdyrmady. Gün ýaňy ýerden saýlanyp ugranda, guba erkegi yzyna tirkäp, eşegiň üstünde goýlan bogdak ýaly bolup oturan adam ýoluň ugrunda göründi. Hemmelerden öňürti çagalar gerdüler. Olar çybyk atlaryny gamçylap: — Esen aga gelýär, Esen aga, Esen aga — diýşip, obanyň içinde ala-zenzele turzup, kybla gidýän ýola tarap endiler. — Esen aga, salowmaleýkim! — Salawmaleýkim Esen aga! — Salawmaleýkim! Salawmaleýkim! Salawmaleýkim! — diýip, her çaga aýry-aýrylykda salam berdi. — Waleýkim essalam! Waleýkim, oglum! Waleýkim, köşek! — diýip, Esen söwdagär olaryň salamyna jogap berip zordan ýetişýärdi. Oba başga bir nätanyş adam gelen bolsa, onuň öňünden itler çykardy. Olar gelen myhmanyň daşyny gurşap, üýre-üýre oba alyp gaýdardylar. Esen söwdagäri bolsa çagalar gallap, oba alyp geldiler. Ol Iner golagyň howlusyna gelip, eşekden agdy. Iner golak obanyň ýaşulusy bolanlygy üçin däl-de, söwdagär onuň bilen dost bolanlygy üçin her gezek onuň öýüne düşýärdi. Ol Iner golagy ilki göreninde on-on bir ýaşly oglandy. Kakasy bilen bir gezek Ýandakly obasyna gezmäge gelipdi. Ineriňem ululygy bir ýa iki ýaş bolaýmasa, ondan uly däldi. Garaz, Esen oňa salam berýär. Olam amanmy diýýär. Obanyň garagol oglanlary myhman oglanyň daşyna hürre üýşdüler. Onuň boýunyň kiçijikligine gülüşdiler. Oňa bolsa Eseniň gahary geldi. Kimdir biri oňa: «Gara jürjen» diýip at dakdy. Ýene biri: — Owlagyň aşygy ýaly bolup — diýen ýaly kemsidiji söz aýtdy. Şol kemsidýän oglanlaryň biri bilen Esen geýdirilişip gitdi. Eseniň boýy keltejigem bolsa, ýumrugy daş ýalydy. Onuň bilen ýakalaşan oglanyň burny ganady. Onuň daşyndakydar Esene tarap okduryldylar. Ony hasyr-husur ýere ýykyp, urmaga başladylar. Şol wagt Iner bir ýerden gelip ýetişdi. Oglanlaryň golundan tutup, silkeleşdirip, myhman oglanyň üstünden aýyrdy. Eseni turzup, onuň üstüni kakyşdyrdy. — Sen näme sanjylan ýaly bolup dursuň — diýip, bir çetde tomaşa edip duran Nurahmede gözlerini alartdy. — Maňa näme, özleri sögüşýärler, özleri uruşýarlar — diýip, Nurahmet oňa parhsyzlyk bilen jogap berdi. Esen bilen Ineriň dostlugy şondan başlanypdy. Iner kakasy bilen Gumdepe obasyna iki gezek dagy barypdy. Her gezegem Esene duşup, onuň bilen oýnaýardy. Kärizden akyp çykýan ýabyň boýuna suwa düşmäge giderdi, keýp edip suwa düşünerdiler. Ýapdan ylgap çykardylar. Çogly günüň aşagynda, gumak ýerde serlip ýatardylar. Togalanyp gotur geçi bolardylar. Ýene-de ylgap, özlerini suwa urardylar. Elleriniň aýasy bilen suwuň ýüzüni tyrpdyryp urardylar. Şeýdip bir-biriniň ýüzüne suw syçradyp gülşerdiler. Iner öýlenende Esen «toýa gatanç» diýip, iki öweç alyp gelipdi. Ýolaman, Ilaman ekizler dünýä inende Esen toýuň beýemçisi diýen ýalydy. Üç günläp onuň öýünde ýatyp, toýy sowmaga kömek edipdi. Ýöne welin Inerem şolar ýaly zatda pes oturanokdy. Esen öýlenende toý gatanjy semiz öküzçe eltipdi. Arslan bolanda-da, Mäter bolanda-da toýlaryna gatnaşyp, hyzmat edipdi. Gaplaňa elini çeýneden Iner öýde ýatyrka, Esen onuň ýanynda bolupdy. Aýak üstüne galýança hyzmat edipdi. Ol Ineriň öldüren gaplaňynyň derisini äkidip, Tutly obasynyň baýyndan bir sygyr alyp, Inerleriň öýüne getiripdi. Baý oňa hor, eti iýlip taşlanan süňk ýaly tüwe berjek boldy. Adatda awçylar näme berilse, şony alyp gaýdardylar. Ol taýda «Ol eýle, bu beýle» diýlip, nyrh kesişilip durulmaýardy. Ineriň özi bolsa henizem şeýle bolardy. Esen weli ony etmedi... — Bu tüwäň, otüki, Ýandakly oba ýetmän ýolda öler. Garamaty meniň boýnuma galar — diýip, äkitmekden boýun towlady. — Otüki, tüwäňi özüň äkit. Goý, ol obanyň adamlaram görsünler. Janyny howpa salyp, seniň malyňy ýolbarsdan gorap, oňa bir elini çeýneden, Ezraýylyň deminden zordan sypan adamyň, otüki, eden hyzmatyna näme hak töleýäniňi olaram görsünler. Bu sözleri eşiden baý gowşady. Özüniň husytlygy, syrnyhlygy hakdaky gybatyň il içine ýaýrajakdygyna, onda-da gaty basym ýaýrajakdygyna göz ýetirdi. Hasam beteri Eseniň diline düşen özüň bolma, ýyldyrym çaltlygynda ýaýrar. Sähelçe zat üçin beýle abraýdan düşmek bolmaz. Baý oňa: — Päheý, Eseniň edýän gürrüňini. Oglanlara sygyr alyp gel diýseň getirýäni-dä. Ony derrew düzederis. Beýle awça munuň ýaly tüwäni bermek bolmaz — diýip, arkaýynsyrap, howlukman aýtdy. Baý oňa uly sygyr, süýtden çykan sygyrlaryň birini berip goýberdi... Daşyna çagalary tegeläp gelýän Esen söwdagäre daş çykan Iner golak ýylgyryp seretdi. Sag eli bilen ýasgynjak atan donunyň ýakalaryny çekişdirdi. — Hä, söwdagär, sag-aman geldiňmi? — diýip, ol Eseniň elini ýuwaşja silkeledi. — Amanlykmy-gurgunlykmy? Çaga-çugalaram sag-salamatmy, howwa, onsoň oba-garalaram saglykmy? Esen söwdagär Iner golagyň goluny silkeläp durşuna ýüzüni ýokary tutdy-da: — Şükür, şükür, şükür — diýip, her soragyna başyny atyp, jogap gaýtardy. Soňra bolsa Iner golagyň soraglaryny onuň özüne gaýtalap ugrady. Öý eýesem Eseniň öz beren jogaplaryny gaýtalady. Söwdagäriň düýesini çökerdiler. Ýolaman bilen Ilaman, ýükleri ullakan garagajyň aşagyňa çekdiler. Adamlar çagalaryň gürmegini bölüp, ýuwaş-ýuwaşdan gelip ugradylar. Söwdagäriň söwdasy asty otly gazan ýaly gozgalaň tapyp ugrady. — Esen aga, bäş gadak kemput çek. — Esen aga, üç gadak halwa çek, pylança pampyza çek. — Künji ýagy diýipdik. Şony nätdiň? — Bir çäkmenlik mawut sarypdyk. Şony tapyp bildiňmi? Eli terezili Esen söwdagär elinem, dilinem dek duruzman işledýärdi. — Ine, saňa, otüki, halwa. Ine saňa, otüki, kemput. Künji ýagam, otüki, bardyr. Mawudam tapandyryn — diýip, yzyny üzmän gürleýärdi. Alyjylar ýerli-ýerden dillenýärdiler. — Esen aga, az-owlak gyzyl boýag diýipdik welin... — Wah, Annajemal, otüki, şol boýag diýeniň bolan däldir. Basym Hindistandan uly kerwene garaşýarys. Ýene on günden Maru-Şahu-jahana gitjek. Şonda şo kerwenden alaryn. Kerwen, otüki, gaty baý bolmaly — diýip, edip oturan işinden elini aýyrman aýtdy. Kerwen Hywa, Ürgenç tarapdan gelip, bäş aý mundan öň geçip gidipdi. Indem yzyna gaýdyp gelerine garaşylýardy. Rejep aýy ýaňy ortadan geçdi. Aýyň aýaklaryna-da kerwen çyksa gerek diýip çak edilýär. — Esen aga, bir agar çäkmenlik gulajym bar. Şony satyp berip bilmezmiň? — Getiriberiň, otüki, gaty satarys. — Ynha, Esen aga — diýip, agar çäkmenlik hödürlän aýal tüýnükli ýaglyga dolangy gulajyny oňa uzatdy. Esen söwdagär ony bir eli bilen alyp, gapdalynda goýdy. Başga birine çekmeli halwasyny çekip berdi-de, arkaýynlykda gulajy eline aldy. Onuň daşyndan ýaglygy emaý bilen aýyrdy. Ol söwdagär gözi bilen gulajy synlady. Eli bilen sypalady. Ýekeje düwün, ýekeje büdür-südür bolaýsa nädersiň. Eliň mawut mataň ýüzünde ýöredilen ýaly mylaýymlyk bilen typyp gidýär. «Biziň aýallarymyzyň agar çäkmen dokamaga ökdedigini» diýip, söwdagär öz içinden guwandy. — Otüki, munuň bahasyny näçe bahalaýaň? — diýip, bogdak ýaly bolup oturan Esen söwdagär üstüne abanyp duran, ýaşy ortadan agyp ugran aýala ýüzlendi. — Gymmat diýibem duramok. On iki gadak pampyza berseň bolýar. Bu bahany eşiden Esen söwdagäriň ýüzi ýagtyldy. Gulaç gowy, on bäş-on alty gadaga-da degýär. Şonda-da onuň söwdagär damary çekdi. — Ol-a gymmat bolýar. Otüki, muňa sekiz gadak pampyzany häzir berip biljek. — Heý, sekiz gadagam zat bormy? Goýsanaýt namartaý — diýip, aýal oňa elini salgap goýberdi. — Muňa, otüki, söwda diýerler. Ynha bahalaşyp bereris — diýip, Esen söwdagär ker bilen gepleşýän ýaly jag-jaglady. — Beýle bolsa getir bärik gulajy. Men seniň bilen söwdalaşyp oturyp biljek däl. Müň işim bar — diýip, gulajyň eýesi aýtdy. Esen söwdagärem oňa «Me onda» diýip, gulajy uzadaýarly däldi. — Niýetläp getireniňden soň, otüki, yzyna äkitmezler. Ol yrymyna gowy däl — diýip, söwdagär gulajy sypalap oturyşyna aýtdy. — Ýöne, otüki, bir diýen ýeriňi tutup oturmazlar. Senem azda-kände eň ahyry. — Onda saňa-da däl, maňa-da. On gadak kemput beräý — diýip, gulajyň eýesi abanyp durmagy uslyp bilmän aşak oturdy. Esen söwdagär dymdy. Soňra: — Bolýa, otüki, razylaşdyk — diýip, gulajy beýlesine geçirdi. Aýala on gadak kempudy çekip berdi. Aýal gidensoň iki sany çaga geldi. Olaryň biriniň başynda çöwürme, beýlekisinde uly adamynyň agzy daraldylan köne mele telpegi bardy. Gök mawutdan tikilen gysgajyk balaklarynyň agzyndan şorlap giden injikleri görünýärdi. — Esen aga düýänem, eşegem otluk ýere goýberdik — diýip, olaryň ekabyrragy aýtdy. — Tüweleme, tüweleme. Mäň, ynha, otüki, men size kemput bereýin — diýip, söwdagär olaryň her haýsyna bir gysym pürçükli kemput uzatdy. Şol arada bir gyzjagaz geldi. — Kelte söwdagär daýy, kakam üç çetber pampyza bersin diýýä. — Haý, otüki, kakaň gursun. Çagany ibermän özi geläýmeli ahyry — diýip, söwdagär käýindi. Onuň käýinmegi çaganyň «Kelte söwdagär» diýeni üçindi. Bolsada, söwdagär gyzyň elindäki şaýylyklary aldy. Ony goltugyna salyp, gyzjagazyň diýen pampyzasyny çekip berdi. — Kakaňa aýt, otüki, indikide özi gelmese, hiç zat bermen — diýip, gyzyň yzyndan gygyrdy. — Bor, aýdaryn — diýip, gyzjagaz keýik owlagy ýaly towsaklap gitdi. Donuny ýasgynjak alyp, gezim edip ýören Iner golak loh-loh edip güldi. Kellesini ýaýkap: — Çaga-da, howwa. Eşiden zadyny aýdyp goýberýär-dä — diýdi. — Beýlede bir zat bolarmaý, otüki, Iner — diýip, Esen söwdagär jag-jaglady. — Men saňa golak diýsem, otüki, sen maňa kelte diýseň, heý, otüki, beýdibem bir-biriň göwnüne degibem ýaşap bolarmaýt? — Oglan ýaly bolýaň-ow, söwdagär, howwa, onam bir göwnüňe alarlarmy? — diýip, Iner golak arkaýyn gepledi. — Bize-hä golak diýip, ýüzümize hemişe aýdyp ýörler, howwa. Bizem şol çynmykan öýdüp, howwa, sesimizi çykaramzok, howwa, gatam görjek bolamzok. — Hawa-la, otüki, iň gowusy sesiňi çykarmazlykdyr. Gaty görýäniňi bilseler-ä, otüki öjügiberýärler — diýip, Esen söwdagär jagyrdady. Söwdagäriň müşderileri ýene dökülip başladylar. Onuň bir günlük gelýändigini, ertir ýola düşjekdigini hemmeler bilýärdi. Şonuň üçin her kim gerek zadyny şu gün aljak bolýardy. Onsoňam Ýandakly obasy kiçi däl. Üstesine-de ýaýraň oturan oba. Onuň ol çetinden geljek bolsaň, mazaly derlemeli. Söwdagäriň üstüne diňe alyjy däl, zat satjagam gelip dur. — Esen aga, şu baganany satyp berip bilermiň? — diýip, biri ýüzi gyrawlap lowurdaýan sugry baganany oňa uzatdy. Muny Maşada aşyrsaň belli bahasy ýokdy. Ýöne türkmenler onuň gadyryny bilenoklar. Onuň ýerine buýrasy seçelenip duran ak guzynyň ýa-da gara guzynyň telpeklik derisini kem görenoklar. Esen söwdagär baganany yhlas bilen synlady. Gözünden uzagrak tutup synlady. — Muny Eýrana aşyryp bolaýsa, otüki, on tümene ýere degmän geçer. Bu, otüki, hanlara mynasyp zat ekeni — diýip, öz-özi bilen gürleşýän ýaly edip hümürdedi. — Şol geljek kerwene satyp bilmezmikän? Biz-ä näme, hiç ýana çykyp bilemzok — diýip, bagananyň eýesi aýtdy. — Otüki, munuň diýýänini — diýip, söwdagär jag-jag etdi. — Olar bäş tümenden artyk jinnegem bermezler. Şo bäş tümenem beräýseler boldugydyr. Olar, otüki, tüýkesme ahyry. — Men ol ugurlara düşünemok. Näme etseň, Esen aga, men razy. Esen söwdagär bagananam gapdalynda ýatan ýaglyga dolap, ýanynda goýdy. Bu wagt howa garalyp, bulut elýetere gelipdi. Ýokardan iri-iri damjalar gaçyp başlady. Olar şeýle bir iridi, her gaçan damja palç edip düşýärdi. Ýokarsyna seredip, gapa ýönelen Iner golak: — Esen, hawa, senem öýe giräýseň nädýä? Ýagyş çynyrgadyp barýan ýaly — diýdi. — Otüki, şeýtmeli bormuka öýdýän — diýip, Esen söwdagär razylaşýan äheňde aýtdy. — Oglanlar! — diýip, Iner golak öýe tarap gygyrdy. — Hä, kaka — diýip, ekizler gapyda göründi. Iner golak söwdagäre tarap ümledi. — Ýüki öýe çekiň, hawa. Ýagşyň aşagynda galaýmasyn — diýip, özi öýe girip gitdi. Onuň yzy bilen Esen söwdagärem ýel äkiden peşmek ýaly togalanyp şol öýe girdi. Daşarda bulut elýetere gelip, ýagyş ýagyp ugransoň, içeri hasam garaňkydy. Gelinleriň biri gelip, duldaky ýag çyrany ýakyp gitdi. Çyranyň öçügsi şöhlesi öýüň içini melewşe symgylt reňke öwürdi. Gelinleriň biri çyra ýakyp gidensoň, beýlekisi goşa çäýnegi bir elinde, beýleki elinde iki sany daşy owadan gülli käsäni alyp öýe girdi. Çäýnekleri ýaşulularyň öňüne uzatdy. Hersiniň ýanynda bir käse goýup, çykyp gitdi. Iner golak çäýnekleriň birini öz öňüne süýşürdi-de: — Söwdagär çaý içip otur! Çaý içerçe işem etdiň, hawa — diýdi. Esen söwdagär beýleki çäýnegi öz öňüne çekdi. Bu wagt ýagyş hasam güýjäpdi. Ynha muňa luw ýylynyň ýagşy diýerler. Ýagşyň şu ýagşy bilen ertirem maýyl gün beräýse, öňem dyza ýetip barýan ot nädersiň guşaklyga uraýsa. — Mallaryň şu ýyl-a bagty getirdi. Näçe ýyllap görmedik bol-elinligini gördi, hawa — diýip, Iner golak çäýnegiň çaýyny agdaryp oturyşyna darajyk penjireden daşaryk seredip aýtdy. Esen söwdagär gapdalyndaky ýassygy tirseginiň aşagyna çekip: — Bolawersin, otüki birine bolsa bir peýda — diýdi. — Taýagyň ujy iki, söwdagär. Bir ujy çarwalaň elinde bolsa, hawa, beýlekisi çomrulaň maňlaýyna degýär. Her kim ýazlyk bugdaý eksem diýip, bir tanap, ýarym tanap ýer saklap otyr. Onuň bolsa ekmeli wagty gelip ýetdi, hawa. Howanyň şu ýagdaýynda, heý, ekerin öýdýäňmi? Atan dänäň çüýreder, ýuwdar ýatar, hawa — diýip, Iner golak ýagýan ýagşa seredip: — Bu ýagyş saňa-ha peýdaly, hawa. Öýde arkaýyn oturyp, hawa, çaý içmäge maý berdi — diýip, oýunlyga salyp sözüniň üstüni ýetirdi. — Men hakda, otüki, gürrüň ýok-la. Men bu wagt dynç alsam, otüki, soňurrak işlemeli bolaryn. Iliň-günüň gerek-ýaraklaryny, otüki, eýtmeli-beýtmeli, berip gitmeli bolar — diýip, Esen söwdagär ýene jag-jaglady. — Sen, tüweleme, hawa, şu gezme söwdany oňarýaň. Ýadaňok. Özüm-ä obalara bir aýlanyp gelsem, hawa, halys ýadaýjak ýaly, hawa. — Haý, awçy, senem bir wagt, otüki, daglary, gumlary ters aýlanyp, çepbe çöwürýädiň-le. Bu wagt, otüki, ýadaýjak ýaly diýen bolýaň — diýip, söwdagär gürledi. — Ol bir wagt, häzir başga wagt. — Eliň-aýagyň sagat duran bolsa, otüki, bu wagtam şo wagtdan üýtgeşik bolmazdy. — Ol diýeniň-ä ahmal. — Sen şu ýagdaýyňda, otüki, ýöne ýataňok ahyry. Hol bir gezek «Möjege gapan gurdum» weli, otüki, tilki düşäýipdir» diýip, tilki derisini satdyň ahyry. — Şol-a şeýle boldaý, söwdagär, hawa. Tilki diýilýän zat hawa, şeýle hilegär bolar welin,.. möjege gurlan gapana düşüşini diýsene. Maňlaýy gara tilki bolmaga çemeli, hawa. — Möjek bolsun, tilki bolsun, ahyry, otüki, gymyldap ýörseň bolar. Otüki, men näme üçin ýadaýyn? Her aýda iki-üç gezek dostlarymyzyň arasyna aýlanyp çykýaryn. Hanha, seniň, otüki, Myratberdi dostuň bar. — Her görende seniň saglygyňy menden soraýar. Her görende-de salam ýollaýar. — Hawa, Myratberdini şol agasynyň aýadyna baramdaky görşüm — diýip, Iner golak pikire batdy. ...Dört-bäş oglan tegelek çyzyk çyzyp, orruk ortasyndan hersi iki aşyk dikdi. Soňra olar pellehanadan gezekli-gezegine kenek atdylar. Biriniň kenegi aşyga degdi. Dikilgi aşyklaryň biri çyzykdan dazyrdap çykdy. Beýleki iki sanysy ýykyldy. Oýunçy aşyklary bir ýandan jürdäp çykdy. Çyzykdan dazyrdap çykýan aşyklary gara jürjenje oglanjyk hasyrdap çöpleýärdi. Şol barmaşa aşyklaryň biri çyzykdan zordan çykdy-da saklandy. — Suw — diýip, oglanlaryň biri aşyga ýapyşdy. — Goý, aşygy ýerinde. Suw bolsa häzir barlap göreris. Aşygy alan oglan ýerinde goýansoň, suw bolar ýaly edip goýdy. Soňra başga bir aşygy çyzygyň üstünden ýöretdi. — Seret, seret, ynha seret! Hanha, hanha degdi — diýip, şol suw diýen oglan aýtdy. Oglanlaryň daýawrak biri eglip, aşygy aldy-da, gara jürjenje oglana uzatdy. — Suwdugyna gözüň ýetýän bolsa, aşygy ellemezler. Ellediňmi, suwam bolsa, iliň aşygyny ber — diýip, oňa gaharly seretdi. — Senem oňa daýanan bolup, aşygy ýygnan bolma. Okla aşygy — diýip, suw diýip dawa tutan oglan gara jürjenje oglanyň üstüne abandy. — Oglandan eliňi çek. Men entek hiç kime öz hakymy gideremok. Saňa-da gidermejek bolaryn — diýip, aşygy çyzykdan çykaran oglan ara düşdi. — Sen bu obaly däl, Sen gelmişek. Bu ýerde öz kanunyňy ýöretjek bolma — diýip, beýlekem kem oturmady. Ýene-de şol daýaw oglan ara düşdi. Suw diýen oglanyň ýakasyndan tutup, idirdikledip, oglanlaryň gürmeginden çykardy-da, bat bilen itip goýberdi. Ol idenekläp baryp, arkasyny köne haýata berip ýykyldy. Ol üstüni kakman ýerinden turdy. — Kakama bir aýdaýyn — diýip, şumjaryp aglady. Gözlerini owkalady. — Bar, garry ataň bardyr, oňa-da aýt. Başga-da ilen-çalanlaryňa aýt — diýip, ýaňkyny iteklän, şumjaryp ýegdekläp barýanyň yzyndan gygyryp galdy. Şol gygyryp galan oglan Myratberdidi. Şu oturan Iner golagyň Esen söwdagärden salam iberen dostudy. Çyzykdan aşyklary ylgap çöpleýän gara jürjen oglanam Iner golagyň gaşynda oturan Esen söwdagärdi. Aşyklary çyzykdan çykarýan «Entek hiç kime hakymy gideremok saňa-da gidermejek bolaryn» diýen oglanam Iner golagyň özüdi. Bu waka Gumdepe obasynda bolan wakady. Ondan bäri esli wagt geçipdir. — Dünýä, gör nähili üýtgäp gidipdir, hawa — diýip, Iner golak uludan demini aldy-da, sözüni dowam etdi — Ynha, indi, howwa, birek-biregi görmegem hal bolupdyr. — Seniň Myratberdi dostuňam, otüki, şony diýýä-dä — diýip, öňünden çäýnegini aýran Esen söwdagär ýassyga gyşardy. — Kaka, nahar taýýar — diýip, gapydan eli kündükli giren Ilaman aýtdy. Iner golak Esen söwdagäre seretdi. — Hany onda eliňi ýuw. Ajygylaýdam birneme, howwa. Esen söwdagär gapynyň agzynda Ilamanyň taýýarlan ýerine baryp, elini tutdy. Ilaman üç gezek akydansoň: — Bolandyr, berekella, otüki, goç-goç ogluň bolsun — diýip, Ilamanyň uzadan ýaglygyna elini süpürdi. Bir eline akydylan suwy gysymynda owkalan Iner golak hem şol ýaglyga elini süpürdi. Gelinleri bir kersen doly dograma çorbany ortada goýdy. Iner golak kersene tarap süýşdi-de: — Söwdagär al — diýdi. — Otüki, alyber — diýip, Esen söwdagär başyny atdy. Özüniň söwdagärden bismilla diýerlik uludygyny Iner golak bilýärdi. Ol diňe çanakdaşyna hormat üçin söwdagäre al diýipdi. «Alyň, alyň» diýen sözler nahar başynyň endigidi. — Bismilla — diýip, Iner golak kersene elini uzatdy. Daşarda bedreläp guýan ýagyş diňdi. Bulutlar ýuwaş-ýuwaşdan bölünip ugrady. Bölünen bulutlaryň aňyrsyndan gün käte jyklap, bölek-bölek bulutlara dulanyp, bukul-bukul oýnap barýardy. Howa arassady, tämizdi. Gadymy lukman hekimiň tenekar howa diýenidi. — Gyzyly meňki, gögi meňki, sarysy meňki — diýip, çagalar daşarda goh turuzýardylar. Diýmek asmanda älemgoşar bar. Ýagyş diňenden soň Esen söwdagäriň işi ýene gyzyp ugrady. Adamlar ondan-mundan ýene-de Iner golaklara tarap eňýärdiler. Esen söwdagär öz işini Iner golagyň gapysyndaky gara öýde alyp barýardy. Onuň söwdasy giç gutardy. «Ertir beýleki oba giderin» diýip, ol umyt bilen ýassynlar düşegine gyşardy. Düýn gün ýaňy ýokary galyp ugranda, obanyň kybla tarapyndaky degirmene gidýän ýolundan Ýandakly obasyna giren Esen söwdagär bu gün edil şo pursatda obanyň gündogar tarapyndan çykyp gidýän ýola düşdi. Bu ýoldan Esen söwdagär gör näçe gezek geçdi. Ýoluň her öwrümine diýen ýaly beletdi, onuň her daşy, her ýowşany diýen ýaly tanyşdy. Ine şol süsňäp duran burundan öwrülip geçer-de, ýol düz meýdana düşer. Onuň bilen esli ýöränsoň öňünden gyr çykar. Gyrdanam aşdygy sil geçen käldir. Käliň içi durşuna siliň dagdan togalap getiren daşlarydyr. Käliň bir gyrasyny ösgün ýylgynlar tutup otyrdy. Olar topbakdylar, ösgündiler. Düýäni arkaýyn boýlaýardylar. Ýylan yzy ýaly egrem-bugram bolup gidýän gumak ýol süsňäp duran burundan öwrüm edip, düz meýdana düşdi. Howa açykdy, maýyldy. Asmanda bölek-bölek ak bulutlar gezip ýörse-de ýagyş ýagarly däldi. Esen söwdagär ýagşyň ýagjagyny, ýagmajagyny serçelerden habar tutupdy. Olar ýagşyň ýagjagyny, ýagmajagyny aýdypdylar. Serçeleriň hersi bir ýerdediler. Topar tutup güsürdeşip uçanokdylar. Serçeler ýagşyň ýagmajagyny gaty ir duýýarlar. Howa ýagşa tarap üýtgäp ugradygy aňýarlar. Inçejik ýoldan dikgirdäp barýan eşek gyra dyrmaşdy. Gyrdan eňen ýeri käldi. Eşek käliň gyrasyndan girip ugrady. Ýaýdanman nätsin? Siliň getiren ýylçyr daşlary eşegiň toýnagyny iýip barýardy. Bu daşlaryň üstünden telim gezek geçen, olaryň awysyny telim gezek toýnagynda çeken eşek elbetde ýaýdanýandyr. Ýöne ýaýdansada geçmelidi. — Hyh, hyh, haram ölen — diýip, üstündäki golça ýaly bolup oturan adam, onuň böwrüne depip gyssaýardy. Eşek daşlara emaý bilen basyp, suwa girýän ýaly gaty haýal öňe süýşýärdi. Şol ýöreýşi bilenem käli ortalanda ösgün ýylgynlaryň aňyrsyndan gara atly çykyp bärik ugrady. Ony göreninden söwdagäriň imany başyndan uçdy. Sowuk gan şaglap, depesinden aşak indi. Elinde-aýagynda ysgyn galmady. Aljyrap, tas eşekden ýykylypdy. Iki eli bilen gaňňadan ýapyşyp zordan saklandy. Gara atly ýuwaş ýöreýşi bilen Esen söwdagäriň alkymyna geldi. Atyň başyny çekdi. Söwdagär onuň ýüzüni göreninden ini dyglady. Bütin endamynda tikenekler emele geldi. Atlynyň gözünde gaýyşdan edilen zolajyk perde bardy. Şol perdäniň deşiklerinden onuň möjegiňki ýaly gözleri ýalpyldap durdy. Atly esli wagt dymyp duranyndan soňra: — Söwdagär düýäň owsaryny boşat — diýdi. Onuň bu sözleri tamyň üstünden oklanan daşyň düňk edip ýeri sarsdyryşy ýaly güňleç, ýürek sarsdyryjy bolup eşidildi. Söwdagäriň dodaklarynda nem galmandy. Olar ýelim çalnan ýaly şepbeşip durdy. Söwdagär bir zat diýjek boldy. Başarmady. Toşap çalnan ýaly şepbeşip duraň dodaklary zordan «Han ogul» diýdi. Şondan aňryk geçip bilmedi. Ýalbarjakdy, ýakarjakdy «Men bir garyp, maňa degme» diýjekdi. Onuň dodaklary şepbeşip, suwsan adam ýaly kepäp durşudy. Hiç zadam diýip, bilmedi. Atly şagyrdadyp, gylyjyny syrdy-da: — Men saňa düýäň owsaryny boşat diýdim — diýip, azm urdy. Esen söwdagäriň dili hiç zat diýmese-de, eli eýýäm düýäniň owsaryny boşadyp ýere oklapdy. Atly baş bagyny gylyjy bilen çekip aldy-da, şo durşuna atyň başyny yza öwürdi. Galtamanyň soňky sözi her näçe howply bolsa-da, öňküsi ýaly güňleç däldi. Aýyl-saýyldy, tanyş adamyň sesine meňzeýärdi. — A, sen, otüki... — diýip, Esen gygyrdy-da, birdenem dilini dişledi. «Aý, sen pylany bolaýma» diýjek boldy. Birden akylyna aýlandy. Galtamanlar talanan adamlaryň özüni tanandygyny bilseler, ony ýok edýärler. Tanamadygam bolsaň «Aý, pylany bolaýma» diýen sözden peýda ýok. Şonuň üçinem «Aý, sen...» diýip dilini dişläpdi. Galtaman oňa gulak asman, yzyna garaman, käliň ugruny syryp gitdi. Gün tamdyrdan çykan petir ýaly lowurdap gyzaryp doganyndan, Ýandakly. obasyndan çykan Esen söwdagär gün guşluga galanda, hažžyklar çöpe çykyp, güne gargap ugranda, ýene Ýandakly obasyna gaýdyp geldi. Ýöne onuň yzynda guba erkegi ýokdy. Ol öňküleri ýaly Iner golagyň howlusyna gelip, eşekden agdy. Bir bolmasyz işiň bolanyny oba derrew aňdy. Wakanyň magadyna ýetmek üçin adamlar Iner golagyň howlusyna tarap ugradylar. Eşekden agan söwdagäriň habaryny ilki Iner golak aldy. — Bu nä geliş boldy, söwdagär? — Aý, otüki, sen sorama, men aýtmaýyn. Bir çoçgara-ha çolaşylandyr — diýip, jogap beren Esen söwdagär özüniň nämeler sarnaýandygyny bilenokdy. Iner golak ony öýe alyp girdi. Kem-kemden üýşýän adamlar howlynyň içinde garaşdylar. Şol mahal gapa çykan Iner golak: — Ýolaman! Ahal! — diýip gygyrdy. — Ynha men bar, kaka! — diýip, Ilaman çykdy. — Ýolamanyň hälki gidişi, entek gelenok. — Bolýa, giriň öýe — diýip, Iner golak olary öýe çagyrdy-da: — Söwdagär-ä, howwa, Garamergeniň salgyny berýär — diýdi. Ýigitleriň ikisem doňup galdy. — Otüki, men onuň sesinden güman etdim. Şol ekizleriň öýlenen güni toýuňda göreş tutup, gaty ýykylan, otüki, ýigit bolmaly. — Ondan bäri üç ýyl dagy geçdi. Sen ýalňyşýan bolaýma. Ýalňyşaýýan-a dälsiň-dä?— diýip, Iner golak sorady. — Men oňa ant içip bilmen. Ýöne, otüki, sesi tanadym öýdýän. — Garamergeniň öýüni barlaň, howwa — diýip, Iner golak çagyrylan iki ýigide tabşyrdy. — Lepbeý — diýip, olar öýden çykan dessine töwerekde duran adamlar dillendiler. — Näme bolupdyr? — Talapmydyrlar? — Kimdigi bilnipdirmi? — Belli zat ýok, bilinýän zat ýok — diýip, Ahal bilen Ilaman mähelläniň arasyndan çykdylar-da, atlaryny münüp, nirädir bir ýerik sürdüler. Olar giden dessine gelip atdan düşen Ýolaman bir zadyň bolanyny aňdy. Märekäni öýüň töwereginde görüp, bütin süňňi bilen gagşady. Ýüreginde birhili yza döredi. Depesinden äpet agramlyk basýan ýaly boldy. Onuň howatyrly gözleri adamlaryň ýüzlerinde gezmeledi. — Kime näme bolupdyr? — diýip, sandyrawuk gaty ses bilen sorady. Onuň göwnüne häzir kimiňdir biriniň sowuk habary aýdylaýjak ýalydy. Hernä köp garaşmaly bolmady. Duranlaryň biri: — Esen söwdagäri talapdyrlar — diýdi. Ýolamanyň göwrümi birden giňäp gitdi. Gerşinden agyr ýük aýrylan ýaly boldy, süňňi ýeňledi. Ýaňky symgylt bolup görünýän dünýä, adamlaryň dumanyň içinden görünýän ýüzleri ýene öňki kaddyna geldi. — Özüne-de degipdirlermi? — Özüne deglen zat ýok. Ýolaman ýeňillik bilen dem aldy. Ol batgalyk ýoluň derdini çeke-çeke gury ýola çykan ýolagça döndi. — Ýöne talaňçylyk bolsa ýene ýagşy — diýip, Ýolaman öýe tarap ugrady. Şol wagt gapa çykan Iner golak: — Ýolaman, sen asyl geldiňmi? Gir içerik. Sen gerek — diýip, ony çagyrdy. — Gorsaw obasyndan, howwa, Torbaly diýen adamyny tanaýarmyň? — Tanaýan, yzçy Torbaly dälmi? — Tanaýan bolsaň, ýanyňa ýigit al-da, howwa, yzçyny tap. Ony Gurykäle alyp bar. Häzir bizem şo ýana ugrajak. Ýolaman ýanyna Nursähedi alyp, Torbaly yzçynyň gözlegine Gorsaw obasyna tarap ýola düşdi. Şol mahal ýumşa giden Ahal bilen Ilaman gaýdyp geldi. Olar Garamergeniň öýde ýokdugyny, onuň düýnki gidişidigini, ýokarky Daşaýak obasyna, daýylarynyňka gidendiginiň habaryny getirdiler. — Ýeriň deşiginde bolsa-da tapyň — diýip, Iner golak aýtdy. Ahal bilen Ilaman: — Lepbeý — diýip başlaryny atdylar. — Tapyň-da Gurykäliň boýuna alyp baryň, howwa. Az salymdan daşarda atlaryň dükürdisi eşidildi. Ol Ahal bilen Ilamanyň atynyň aýagynyň dükürdisidi. Iner golak dört adamy ýanyna alyp, Esen söwdagär bňlen Gurykäliň gyrasyndan girende, Gorsaw obasyna gidenler Torbaly yzçyny alyp barypdylar. Az salymdan Ahal bilen Ilaman Garamergeni alyp bardy. Garamergen beýle edenliginden kes-kelläm boýun towlaýardy. — Esen aga, men beýle oýun etmen. Ynha galtamany tap diýseň bile giderinem, ýeriň deşigine girenem bolsa taparyn — diýip, ýöňkelýän günä ör-gökden geldi. Bu wagt yzçy yzy gözläp ugrady. Ony kälden çykaryp, göni ilerligine taran alyp ugrady. Ony kälden çykaryp, gumak meýdana düşeninde, Iner golak atyň başyny çekip: — Yzçy şol alyp barýan yzyň bilen, howwa, hol atyň yzyny deňeşdir. Göwünleriň, howwa, müňkür düwünleri çözülsin — diýip, Garamergeniň atyna tarap ümledi. Aty gumak ýerden geçirdiler. Yzçy iki yzyň arasynda kän gatnady. Ol köp wagtlap synlady. Adamlar onuň agzyna aý görjek ýaly bolup seretdiler. Adamlaryň duýgusy şeýle bir kadda ýetipdi, birden parkyldap ýarylaýjak ýalydy. — Heý, şol yzlaryň arasynda meňzeşlik barmy? — diýip, ýene Iner golak sorady. — Ýok, men-ä olarda meňzeşlik görmedim — diýip, yzçy aýtdy. Dem tutup garaşyp duran adamlar «Owf» edip demini aldy. — Kelte-de ýöne janynyň agyrysyny kimden çykarjagyny bilmän ýör — diýip, Şally baý aýtdy. Şally baý bu wakany giç eşidipdi. Şonuň üçin bu ýerik iň soňundan gelipdi. Käbir adamlaryň onuň geleninden habaram ýokdy. — Bilmän, otüki, ony başga birine-hä diýäýemok — diýip, söwdagärem jag-jag etdi. — Atam, şol gara at şunuň ýaly atdy. — Onda näme yzy gabat gelenok. — Aýagyny täzeländirler — diýip, biri aýtdy. Onuň aýdanyna gülüşdiler. Ýöne aýdan adam oýunlyga salyp aýtmandy. Atyň nalyny täzelemek bolýar ahyry. Iner golak ýanyndaky ýaşululara ýüzlendi. — Indi biz gaýdybereliň, howwa, ýaşlaryň özi, ynha Torbaly bilen yzarlaram, taparam — diýip, Ahala gygyrdy. — Ahal onda ýigitleri özüň alyp bar. Biziň bu ýerlik işimiz ýok, howwa, biz gaýdybersegem boljak. — Lepbeý, Iner aga — diýip, Ahalyň sesi geldi. Ýaşulular atyň başyny oba tarap öwürdiler. Galtamanyň yzyny alyp gidenler gün ýaşyp iňrik garalyp ugranda dolanyp geldilr. Olar söwdagäriň düýesinem, zatlarynam tapypdyrlar. Galtaman ýüki şol ýerde gizläpdir. Düýäni şol ýerde duşaklap goýberipdir. Öz zatlarynyň öňküsi ýaly ýerbe-ýerdigini gören Esen söwdagär «Otüki» diýip çaga ýaly begendi.

Köneler, sawyer tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir