Türkmenistan—Gazagystan dost-dogan gatnaşýan ýakyn goňşusy. “Goňşy-goňşynyň galasy”, “Goňşy-goňşynyň hem görki, hem örki” diýilip halk nakylynda aýdylyşy ýaly, iki ýurduň halklarynyň arasynda gatnaşyklar wagtyň synagyndan geçdi. Muňa bolsa Gazagystan—Türkmenistan—Eýran demir ýolunyň mysalynda-da aýdyn göz ýetirmek mümkin. Bu ýol Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyn kepilidir. Türkmenistanyň çäginden geçýän bu täze ýol Demirgazyk—Günorta ulag geçelgesiniň esasy bölegine öwrüldi. Türkmenistan bilen Gazagystany energiýa serişdelerini dünýa bazarlaryna ygtyýarly we durnukly ýagdaýda ýetirmek üçin hemmetaraplaýyn kepillikler döredilýar. Elektrik energiýasyny ösdürmek, bu ugurda täze mümkinçilikleri açmak we işe girizmek—munuň özi gelejege gönükdirilen uzakmöhletleýin döwlet ähmiýetli wezipedir. Elektrik energetikasy pudagyny ösdürmekde öndürilýän elektrik energiýasyny ýerlemek melesi wajyp ähmiýete eýe bolýar. Elektrik energetikasynyň ösüşinde onuň ýurduň içinde sarp edilişine bolan islegden we daşary ýurtlara eksport etmek mümkinçiliklerinden ugur alynýar. 2017-nji ýylyň iýun-sentýabr aýlary aralygynda Gazagystanda “EKSPO—2017” iri halkara sergisi geçiriler. Mundan başga-da “Geljegiň energiýasy” diýen şygar astynda geçirilen sergi dünýä bileleşigini biynjalyk edýän möhüm meseleleriň biri—energiýanyň alternatiw çeşmeleri bilen bagly meselelere bagyşlandy. Bu sergide biziň elektrostansiýalarymyzy görkezýän şekiller hem-de şäheriň görnüşleri beýan edildi. Aziada—2017-niň nyşanlary şekillendirilen, şol sanda dokma önümleri, ýadygärlik sowgatlyk önümler we beýleki dürli önümler sergä gelýänleriň aýratyn ünsüni çekdi. Sergide şeýle hem şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryny görmek boldy.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir