G.Berdimuhammedow ADAMLARYŇ BAŞ SAGLYGY TÜRKMENIŇ ALTYN ASYRYNYŇ BINÝADYDYR Türkmeniň Altyn asyrynyň Baş Taglymaty bolan Mukaddes Ruhnamany özleriniň ruhy şamçyragy edinen saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri öz halkynyň saglygy barada hemişe alada eden Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ynsanperwer “Saglyk” Döwlet maksatnamasy bilen galkynyp, döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda zähmetsöýer halkymyzyň saglygyny berkitmäge, keselleriň öňüni almaga, anyklamaga we bejermäge gönükdirilen düýpli hem-de giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarlar. 1995-nji ýylyň Gorkut aýynyň 21-ine kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy ilatyň jan saglygy baradaky aladany döwlet syýasaty derejesine göterdi. Bu resminamada ýurdumyzda saglygy goraýşy ösdürmek, ony dünýä derejesine çykarmak boýunça esasy ugurlar kesgitlenildi. Saglygy goraýyş pudagymyzda şeýle uly özgertmeleri durmuşa geçirmek üçin ilkinji nobatda şol özgertmelere giň ýol açjak kanunçylyk binýady pugtalandyrdyk. Şeýlelikde, maksatnamanyň çäklerinde “Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda” hemde “Melhemçilik we derman üpjünçiligi hakynda”, “Iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy hakynda”, “Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW ýokuşmasynyň) öňüni almak hakynda”, “Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda”, “Çaganyň hukuklarynyň kepillikleri hakynda”, “Neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, prekursorlar we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş çäreleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary, “Çilim çekmegi, nas atmagy gadagan etmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany, “Garaşsyz Türkmenistanyň Saglyk gününi bellemek, geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany, “Duzy ýodlamak we uny demir bilen rençlendirmek barada” Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary, “Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak babatda işiň aýry-aýry görnüşlerine ygtyýarlylandyrmagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary kabul edildi. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagatyny ösdürmekligiň esasy wezipeleri diýlip: · sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek hem-de ösdürmek, sagdyn adamlaryň saglygyny berkitmek; · keselçiligiň öňüni almaklyga gönükdirilen milli meýilnamalary durmuşa geçirmek; · ilkinji lukmançylyk kömegini, maşgala lukmançylygyny hem-de maşgala saglygy goraýyş hyzmatlaryny kämilleşdirmek; 6 · ilaty mugt saglygy goraýyş hyzmatlarynyň döwlet tarapyndan kepillendirilen möçberi bilen üpjün etmek; · saglyk ätiýaçlandyrmasyny kämilleşdirmek; · ýurtda Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň abadançylygyny üpjün etmeklik we daşky gurşawyň gigiýenasyny goramak; · kesel bejeriş we şypahana edaralaryny kämilleşdirmek; · saglygy goraýşy maliýeleşdirmegi kämilleşdirmek we onuň dürli görnüşlerini ösdürmek, hususy saglygy goraýşyň ösmegine ýardam bermek; · ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmek, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini ýokarlandyrmak; · saglygy goraýyş ylmyny hem-de amaly işlerini özara utgaşdyrmak, hünärmenleriň taýýarlanyş derejesini kämilleşdirmek; · saglygy goraýşyň guramaçylygyny we dolandyrylyşyny kämilleşdirmek; · saglygy goraýşyň kanunçylyk binýatlaryny berkitmek kesgitlendi. Bu wezipeleri amala aşyrmakda ilkinji tapgyrda (1995–1997-nji ýyllar) ýurdumyzda maşgala lukmançylygy ornaşdyryldy, raýatlaryň döwlet meýletin saglyk ätiýaçlandyrmasy girizildi we hassahana orunlaryny rejeli peýdalanylmak boýunça çäreler görüldi. Ikinji tapgyrda (1998–2000-nji ýyllar) saglygy goraýyş edaralarynyň täze, kämil, döwrebap dünýä derejesindäki görnüşleri döretmäge girişdik, Türkmenistanyň Saglygy goraýşyny ösdürmekligiň döwlet Gaznasy döredildi, şypahana we medisina-durmuş edaralary pudagymyzyň düzümine girizildi, ýurdumyzyň derman senagatyny mundan beýläk-de ösdürilmek üçin saglygy goraýşyň çeşmelerini giňeltmek bellendi. Üçünji tapgyrda (2001–2004-nji ýyllar) “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini we netijeliligini has-da ýokarlandyrylmak başartdy, saglygy goraýyş ulgamyndaky işleriň baş wezipesi keselleri bejermekden olaryň öňüni almaklyga gönükdirdik. Dördünji tapgyrda (2005–2010-njy ýyllar) saglyk ätiýaçlandyrmasynyň ähliumumy hökmany görnüşine geçilmegi, saglygy goraýyşda ykdysady usullaryň giňden ornaşdyrylmagy, keselleriň öňüni alyş çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy we saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli ösmegi özümize baş wezipe edip belledik. Ilatyň arasynda keselçiligiň öňüni almak üçin adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, ýagny kadaly iýmitlenmegi, zyýanly endiklerden daşda durmagy, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly alyp barmagy, ruhy taýdan sagdynlygy, arassa howada işjeň hereket etmegi we sport görnüşleri bilen meşgullanmagy zerurdyr. Bu mesele boýunça hem adamlaryň düşünjesini artdyrmak başartdy. Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda “Serdaryň saglyk ýollary” gurlup, ulanmaga berildi. Adam ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmagyň saglyga oňaýly täsir edýändigini nazarda tutup açylan “Saglyk ýollarynyň” saglygy berkitmekde bimöçber gadyr-gymmatynyň bardygyna halkymyz aýdyň göz ýetirdi. Saglygy goraýşy maliýeleşdirmegi kämilleşdirmek, lukmançylyk hyzmatlarynyň bazaryny ösdürmek niýeti bilen 1998-nji ýylda Türkmenistanyň Saglygy goraýşyny ösdürmegiň Döwlet gaznasy döredildi. Gaznanyň girdejesiniň esasy çeşmesi meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmanyň tölegleri bolup, ol gaznanyň umumy girdejisiniň 80–90%-e çenlisini 7 tutup, galany hojalyk hasaplaşygyndaky we büjet edaralarynda amala aşyrylýan tölegli hyzmatlardan gelen girdejiler, derman serişdelerini we saglygy goraýyş hajatly enjamlaryny bellige almakdan, rugsatnama üçin tölegler, edaralaryň amala aşyrylan töleg gaznasy, jerime tölegleri we iýmit önümlerini güwanamalaşdyryş işlerinden gelen girdejilerdir. Saglygy goraýyş edaralaryň tölegli hyzmatlaryndan Türkmenistanyň Saglygy goraýşyny ösdürmegiň Döwlet gaznasyna geçirilýän serişdeler döwlet tarapyndan mugt bejergisi kepillendirilen raýatlara ýatymlaýyn bejergi üçin derman serişdelerini we saglygy goraýyş ähmiýetli serişdeleri satyn almaga gönükdirilýär. Ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmek, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini ýokarlandyrmak üçin 50-den gowrak döwlet bilen şertnamalar baglaşylyp, häzirki wagta çenli 1100 görnüşli derman we derman serişdeleri gelip gowuşdy. 1999-njy ýylda ýurdumyzda bitýän derman otlaryny öwrenmek üçün hem-de derman senagat birleşigini çig mal bilen üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Milli derman serişdeleri instituty döredildi. Ýurdumyzyň halkyny we bejeriş edaralaryny derman serişdeleri bilen doly derejede üpjün etmek işine hemişe iň wajyp mesele hökmünde garalýar. Bu meseläni çözmek maksady bilen häzirki “Türkmendermansenagat” birleşigi döredildi. Birleşigiň düzüminde S.A.Nyýazow adyndaky “Buýan” obasenagat toplumy, “Saglyk” derman kärhanasy, Bilelikdäki “Türkmenderman Ajanta Farma Limited” türkmen-hindi kärhanasy we “Tenekär” derman kärhanasy işleýär. Özümizde öndürilýän derman serişdeleriniň görnüşini artdyrmak, önümçiligiň göwrümini giňeltmek, ýerli çig mallardan täze dermanlary almak üçin alnyp barylýan ylmy işleri ösdürmek, ösümliklerden we jandarlardan dermanlyk çig mallary öndürmek – birleşigiň esasy maksadydyr. “Türkmendermansenagat” birleşigiň kärhanalarynda hili, howpsuzlygy we täsirliligi taýdan dünýä derejesindäki talaplara gabat gelýän dürli dermanlaryň 180-e golaýynyň önümçiligi ýola goýuldy. Halkymyzyň öz saglyk ýagdaýlaryny häzirkizaman dünýä derejesinde, täze usullarda bejerder ýaly şertler hem döredildi. Munuň üçin Aşgabatda we welaýat merkezlerinde iň döwrebap anyklaýyş we bejeriş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Dünýä derejesine laýyk gelýän, häzirkizaman enjamlar bilen abzallaşdyrylan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Halkara saglyk Merkezleri müdiriýetiniň S.A.Nyýazow adyndaky Halkara medisina merkezi, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky iç keseller merkezi, Saglygy goraýyş anyklaýyş merkezi we “Ene mähri” merkezi özleriniň işlerini doly derejede tölegli hyzmatlar esasynda amala aşyrmak bilen, raýatlara saglygy goraýyş hyzmatlaryny has ýokary derejede berýär. Häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän täze Onkologiýa merkezi, Kelle we boýun agzalary kesellerini bejerýän merkez ýakyn ýyllarda halkymyza hyzmat edip başlar. Şeýle hem Aşgabatda Lukmançylyk uniwersiteti gurlar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda özüniň işini tölegli hyzmatlar esasynda amala aşyrýan, dünýä derejesindäki enjamlar bilen abzallaşdyrylan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Daşoguz, Mary, Balkan, Lebap saglygy goraýyş anyklaýyş merkezleri ilatyň saglygyny goramakda, keseliň öňüni almakda we olary öz 8 wagtynda anyklamakda uly ýardam berýän anyk mysallaryň biridir. Şeýle hem welaýatlarda “Ene mähri” merkezleri ýakyn wagtlarda gurlar. Ýurdumyzda şypahana hyzmatynyň hilini hem dünýä derejesine ýetirmek üçin çäreler belledik, şypahanalaryň işleriniň lukmançylyk we ykdysady netijeliligini ýokarlandyryldy. Hünärmenler tarapyndan ýurdumyzyň şypaberiji çeşmeleriniň mümkinçilikleri öwrenilýär. “Arçman” we “Mollagara” şypahanalarynyň durkuny täzeläp, bejeriş binalaryny gurduk. Munuň özi müňlerçe adamlara keselleriň öňüni almaga we keselden soňky döwürde saglyklaryny dikeltmäge ýardam berdi. Saglygy goraýşyň ösmegi üçin zerur şertleriň biri-de lukmançylyk ylmynyň ösmegi bolup durýar. Ynsan saglygy üçin gyzyldan gymmatly çeşmeleri öz içine alýan, atababalarymyzyň mukaddes mirasyny: Abu Aly ibn Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” atly 6 kitapdan ybarat 5 tomly ýygyndysyny, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň “Tebipçiligiň ýan kitaby”, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň “Pygamber tebipçiligi” we ençeme bize belli bolmadyk taryhy şahslarymyzyň tebipçilik mirasyny türkmen dilinde neşir edip, halkymyza ýetirdik. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň netijeli çözgütlerini ylmy taýdan döwrebap beýan etmek we hünärmenlere giňden düşündirmek maksady bilen “Türkmenistanyň lukmançylygy” žurnaly döredildi. Özgertmeleriň amala aşyrylýan döwründe halkymyza dünýäniň ösen derejesinde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin häzirkizaman anyklaýyş we bejeriş merkezlerinde işleýän ýokary derejede kämil lukmanlary taýýarlamak işine-de uly üns berildi. Şeýle maksat bilen ýurdumyzyň lukmanlarynyň ençemesi dünýäniň lukmançylyk taýdan ösen ýurtlarynda (Germaniýa, ABŞ, Ýaponiýa we başg.) iş we okuw saparlarynda bolup hünärlerini kämilleşdirdiler. Ýurdumyzda ýokary we orta lukmançylyk hünärmenlerini taýýarlamak we olaryň kämillik derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, TDLI-niň we orta lukmançylyk mekdepleriniň okuw meýilnamalaryna lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny girizýäris. Şeýlelikde, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde uly üstünliklere ýetmegi başardyk. 1995-nji we 2006-njy ýyllar aralygynda ilatyň umumy keselçiligi seljerilende ilkinji kesel kesgitlemesi her 100 müň adama 35738,9-dan 23256,8-e çenli, ýagny 35,0% pese düşüpdir. Adamlaryň ortaça ýaşynyň dowamlygy 71-e ýetdi. Keselçilik uly adamlarda 33181,3-den 23571,8-e, ýetginjeklerde 14429,8-den 10260,4-ä, çagalarda 40546,2-den 26845,6-e çenli peseldi. Çaga we eneleriň ölümçiligi her müň diri dogan çagalardaky çaga ölümçiligi 42,2-den 12,1-e çenli, enelerde ol görkeziji her 100 müň dogruma 99,5-den 15,5-e çenli azaldy. Maşgala lukmançylygynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde çagalardyr eneler, aýratyn hem 1 ýaşyna çenli bäbekler uly alada bilen gurşaldy, sanjymlaryň we beýleki öňüni alyş çäreleriniň wagtynda geçirilmegine pugta gözegçilik ýola goýuldy. Maşgala lukmanlary özlerine berkidilen çagalary her üç aýdan bir gezek, ýetginjekleri, önelge ýaşlylary ýylda 2 gezek (her 6 aýdan), uly adamlary ýylda 1 gezek hökmany suratda toplumlaýyn lukmançylyk barlagyndan geçirip, keselçiligiň irgözin alamatlaryny anyklaýarlar. 9 Maşgala lukmanlary bilen üpjünçilik 10 müň ilata 6 lukman bolanlygyndan 2010-njy ýyla çenli 10 lukmana barabar bolar. Ýurdumyzyň ilaty keselleriň öňüni alyş barlaglary bilen gurşalyp alyndy, keselleriň döremegine getirýän sebäplere garşy göreşmekde öňegidişlikler gazanylyp, zenanlarda, ýaş çagalarda ýygy duş gelýän ganazlyga garşy çäreler netijesinde bu keseliň derejesi peseldi. Enäniň we caganyň saglygyny goramaklyga gönükdirilen “Ene süýdi bilen iymitlendirmek”, “Immunologiki öňüni alyş”, “Ganazlyk”, “Howpsuz enelik”, “Çaga kesellerini bitewi alyp barmak” ýaly Milli maksatnamalar enelerde we çagalarda duş gelýän keselleri azaltmaga ýardam berdi. Ýurdumyz boýunça ilatyň peýdalanýan nahar duzunyň 100% ýodlanmaklygy ýola goýlup, ýod ýetmezçiligi bilen baglanyşykly keselçiligiň, çagalaryň boý we akyl taýdan ösüşiniň yza galmagynyň, galkan görnüşli mäziň keselçiliginiň we ýod ýetmezçiliginiň öňi alyndy. Halkara saglygy goraýyş guramalary bilen bilelikde maşgala lukmanlarynyň çagalara we ululara keseliň öňüni alyş sanjymlary baradaky Milli maksatnamalary ýerine ýetirmekliginiň netijesinde ýokanç keseller bilen kesellemeklik azaldy, ysmaz keseli bilen keselçilik ýok edilip, 2002-nji ýylda ýurdumyza ýiti ysmaz keseliniň döredijisi ýabany wirusdan azatdygy hakynda Halkara guramasy tarapyndan güwänama berildi. Ýokanç keselleriň immunologiki öňüni alyş sanjymlarynyň 2003–2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy tassyklandy, şol ýyllar aralygynda gyzamyk keseli boýunça durnuklylygy gazanmaklyk, 5 ýaşa çenli çagalaryň arasynda täjihorazyň, gökbogmanyň, hapgyrtmanyň, B wirusly gepatitiň keselçiligini her 100 müň ilata 10-a çenli peseltmek, çagalarda gyzylja örgün keseline gözegçilik geçirmek we onuň dogabitdi görnüşleriniň öňüni almak hem göz öňünde tutulýar. Ýurdumuzda 2002-nji ýylyň Türkmenbaşy aýyndan başlap bäbeklere we 1 ýaşa çenli çagalara B wirusly gepatite garşy sanjym etmek ýola goýuldy. Ilaty ýokary hilli sanjym serişdeleri, waksinalar bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmek Döwletimiz tarapyndan kepillendirilýär. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG) bilen bilelikde “Türkmenistanda gyzzyrma keseliniň öňüni almak boýunça” Milli maksatnamasyny işläp taýýarladyk we muny Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tassyklady. Türkmenistan 2015-nji ýyla çenli gyzzyrma keselini ýok etmekde BSGG-niň jarnamasyny kabul etdi. 2000-nji ýylda ýurdumyzyň Drakunkulýoz keselinden azat edilendigi barasyndaky Halkara gьwдnama BSGG tarapyndan gowюuryldy. BSGG tarapyndan hasaba alynýan 46 görnüşli ýokanç keselleriň biziň ýurdumyzda 32 görnüşinden görkezijileriň yzygiderli pese düşmegi bilen, soňky ýyllarda ysmaz, otbaşy, gökbogma, bürme, guduzlama ýaly keseller düýbünden hasaba alynmady. Hörezek, gyzamyk, gyzylja örgün we beýleki keseller seýrek duş gelýär. Inçekesele garşy 1998-nji ýylda DOTC ýörelgesi ornaşdyrylyp, inçekeseliň öňüni almagyň 2005–2009-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy kabul edilip, keselleýjilik ýyl saýyn azalýar. AIDS-iň ýaýramagyna we onuň öňüni almaklyga gönükdirilen çäreler iş ýüzünde amala aşyrylyp, Türkmenistan dünýäniň AIDS-iň ýaýramak töwekgelçiligi 0-a deň bolan az sanly ýurtlarynyň hataryna girýär. Adamyň saglygy baradaky aladalary öz içine alýan kanunlaryň biri-de 2002-nji 10 ýylda kabul edilen “Raýatlaryň saglygyny goramak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunydyr. Bu Kanuna Türkmenistanyň XVI Halk Maslahatynda üýtgetmeler girizilip, 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-den döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyna şertnama baglaşan raýatlaryň töleýän ätiýaçlyk gatanjy 4%-den 2%-e çenli azaldyldy, şeýle hem Saglyk ätiýaçlandyryş pasporty bar bolan raýatlara we olaryň eklenjindäkilere tölegli saglygy goraýyş hyzmatlaryndan berilýän ýeňillikler 30%-den 50%-e çenli ýetirildi. Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaryň işlerini özara utgaşdyryp, ýurdumyzda adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgesiniň düzgün-kadalaryny berjaý etmekde oňaýly şertleri döretmek maksady bilen: 1) lukman hünärmenleri üçin okuw maksatnamalaryna täzeden garalyp, sagdyn adamlaryň saglygyny goramak hem-de berdaşlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgeleri boýunça okuw sapaklarynyň sany we netijeliligi artdyryldy; 2) rejeli iýmitlenmek, azyk önümleriniň düzümi, olaryň ähmiýeti baradaky ilat düşünjeliligi ýokarlandyryldy; 3) mekdebe çenli edaralarda we mekdeplerde çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara alyp, sagdyn durmuş ýörelgesini öwretmek; 4) söwda edaralarynda saglyga zeper ýetirýän harytlara (temmäki önümlerine, şeraply içgilere) goşmaça salgytlar girizildi; 5) köçe-ýol hereketinde saglyga täsirli kadalary (köçe-çatryk – geçelge hereketleri, ýol çyzyklaryny goýmak we başg.) ýola goýuldy; 6) zähmet howpsuzlygynyň berjaý edilmegi; 7) zähmet hünärmen zäherleriniň ýüze çykmazlygy gazanylyp, hünärmen keselçiliginiň doly öňi alyndy; 8) atmosfera howasynyň arassalygyny gorap saklamak babatdaky geçirilen çäreler, ýagny iri zawod-fabrik howany hapalaýjy çeşmeler ilatly zolaklardan çetleşdirilip göçürildi (Abadan sement zawody), täzeden guraldy (tekstil toplumlary, Ruhubelent gök önümi gaýtadan işleýän toplum we başg.); 9) ýaşaýyş jaýlarynda, zähmet zolaklarynda, sport-oýun meýdançalarynda, dynç alyş meýdançalarynda saglyga täsirli howplaryň öňüni alyp, ýekeje-de howply ýagdaýlaryň duşmazlygy gazanyldy. Netijede, sagdyn durmuş ýörelgesiniň giň gerimde ähli ilat köpçüligine ornaşdyrylmagy sagdyn adamlaryň beden saglygyny berdaşlandyrmagyna, işe ukyplylygynyň ösmegine we ruhubelentligiň döremegine getirdi. Göz kesellerinde, körlüge we pes görüjilige garşy çäreler hem “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çägindäki baş wezipeleriň biri bolup, ýurdumyzda göz keselçiliginiň ýaýraýyş derejesi anyklanyp, pesgörüjilige hem-de körlüge getirýän keselleriň öňüni almaklygy hem-de bejermek arkaly ikinji öňüni alyş çäreleri ylmy esasda düzülip, häzir oftalmologiýa gullugynyň gaýragoýulmasyz ugurlary diýlip gözüň optiki gatlaklarynyň keselleri, gözüň garasuw keselleri, göz düýbüniň hem-de köküniň keselleri we çagalaryň göz keselleri hasaplanýar. Onkologiýa keselleriniň öňüni almak boýunça welaýat merkezlerinde onkologiýa hassahanalary, etrap-şäher onkologiýa otaglary açylyp, olaryň öňüni alyş wezipeleri takyk bellenip, kämilleşdirilen hünärmenler bilen üpjün edilip, howply täze döremelere garşy göreş alnyp barylýar. Şu döwürde Diýarymyzda ilatyň howply täze döremeler (HTD) bilen keselleýjiligi 43,3% peselip, onkologiki kesellerden ölümçilik 43,6% 11 kemeldi. Bu netijeler onkologiýa ulgamynyň häzirkizaman talaplaryna gabat gelýän, abzallaşdyrylan, has kämil düzümini guramak bilen gazanyldy. Şeýle çäreleriň çäklerinde düýpli ylmy-barlag işleri çuňlaşdyrylyp, saglygy goraýşyň amaly talaplary öňe sürlüp, HTD-leriň öňüni alyş, irgözin anyklaýyş-bejeriş işleri has-da güýçlendiriler. Çagalarda we ýetginjeklerde duşýan keselleriň öňüni almak boýunça bilim bermek taslamalary düzülip, Mukaddes Ruhnamanyň terbiýeçilik baradaky ähli parçalary çuňňur özleşdirilýär. Gurbansoltan eje adyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş YKM-inde maşgala nesil saglygyny goraýan merkez döredilip, welaýat, etrap “Nesil otaglary” arkaly çagalary bolmaýan ýaş çatynjalara maslahat hemaýat beriş işleri ýola goýuldy. Saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş-hal ýagdaýlaryna-da uly üns berilýär. Olar üçin 50% ýeňillikli nyrhlar bilen has oňaýly, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan özboluşly belent ýaşaýyş jaýlarynyň 4-si gurlup, ulanmaga tabşyryldy. Baky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň esaslandyran Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda, Mukaddes Ruhnamanyň – ruhy şamçyragymyzyň her bir ynsanyň aňyna ornaýan zamanasynda adamlaryň baş saglygy XXI asyryň – türkmeniň Altyn asyrynyň berk binýady bolar. Kabul edilen wagty 2006-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň 11-i

Köneler, acharsoz tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir