Mämmet Seýidow Kesearkaç Görnükli şahyrymyz, zehinli ýazyjy Mämmet Seýidow bu romanynda Köpetdagyň eteginde ýaşan türkmenleriň Russiýa meýletin (mejbury) birikmezinden öňki ýagdaýlaryny, gelmişeklere garşy alyp baran söweşlerini suratlandyrýar. Aşgabat - 1985-1987 ý.ý. 1-nji bap: SARMAN ATA Muny maňa Sarman ata gürrüň beripdi. Ol ýaşy ýetmişden geçen, tegelek ýüzli, süňklek adamdy. Onuň başynda könelip haýy giden gaba telpegi, egninde köneje mele mytgaldan penjegi bolardy. Bilini bolsa ýüp bilen guşardy. Onuň ýanyp duran sowady bolmasa-da, özi aýtmyşlaýyn, özüne ýeterlik bilimi bolupdyr. Ol baryp-ha ilkinji mekdep açylan ýyllary gatnap, dördünji klasy gutarypdyr, başlangyç bilim alypdyr. Şondan soň hiç ýerde okamasa-da, gazet-žurnallary, eline ilen kitaplary sypdyrman okapdyr. Onuň hat ýazyşy büdür-südür, betgelşik bolsa-da okamaga hiç kimden pes däl ekeni. — Kitap, gazet meniň üçin iň gowy gürrüňdeşlerim bolupdy — diýip, Sarman atanyň aýdany meniň ýadymda. Çowdur ussanyň şägirdi bolup işleýärkä, «Zöhre-Tahyryň» täze elipbiýde, şol wagtky atlandyryşlary ýaly, jeditçe göçürilen kitaby onuň eline düşüpdir. Ine, şolam Sarmana meşhurlyk getiripdir. Sarman ony sesli, onda-da uly labyz bilen okar ekeni. Ol haýsy öýde «Zöhre-¬Tahyry» okasa, şol öýe ähli goňşy-golam ýygnanar ekeni. Üstesine-de, onuň sesi ýaşka hasam owazly bolupdyr. Onsoňam näme, ol mahallar häzirki ýaly radio, telewizor ýok. Teatryň, kinonyň adynam eşitmändirler. Negada bir gezek böküşip, aşyr atyşýan lezginler geler ekeni. Olaram tüýdük çalyp, şonuň owazyna aşyr ataýmasalar, ýere oklanýan pullary arkan gaýşyp, dodaklary bilen alaýmasalar, ýa bir fokus görkezäýmeseler, repertuarlary onçakly baý bolmandyr. Toýdan başga wagtlar bagşam aýdym aýdyp ýörmeýän ekeni. Käwagtlar goşgy okaýan şahyrlar geler ekeni. Olaram kä öz goşgularyny, kä özgeleriň goşgularyny ýatdan okar ekenler. Şeýdip oba hezil berip gider ekenler. Sarman ata Magtymgulynyň, Seýdiniň, Zeliliniň goşgularyny, «Leýli-Mejnun», «Şasenem-Garyp», «Saýatly-Hemra» ýaly dessanlaryň parçalaryny ilki şolardan eşidipdir. Bu zatlar hasap guşy ýaly seýrek bolupdyr. Şonuň üçinem obada «Zöhre-Tahyr» okarsyň-da, heý, adam üýşmezmi? Uzynly gün ýer depip, ýer sürüp, orak orup, kätmen urup, halys surnugan adamlar ýagyş ýaganda suwlaryň oý ýere syrygyp ýygnanyşy ýaly, ýadawlygyna garaman, kitap okalýan ýere ýygnanypdyrlar. — Sarman şu gün kitap okajak, özem pylanylarda — diýen söz toý çakylygy ýaly obany gezer eken. Onsoň şol pylanylar tapdygyndan nahar edipdir. Onsoň orta ýassyk oklanyp, şol ýerik Sarmany geçirer ekenler. Ol bolsa ýeňini çermäp, kitabyň gatyny açypdyr. Ýaş ýigidiň owazy içerde ýaňlandygyça diňleýjileriň göz öňüne şazada gyz Zöhre lowurdap çykarmyş. Wepat bolan weziriň ogly Tahyr onuň töwereginde peýda bolar eken. Garaçomak, Babahan, olaryň nökerleri agyp gelýän gara gaýa bolup, diňleýjileriň üstüne abanar ekeni. Diňleýjileriň birnäçesi aglaýanyny duýdurmajak bolup, gözi awuşaýan şekilli gözlerini owkalasa, ýene biri dyňzap gelen gözýaşlaryny bahana bilen süpüripdir. Ýüzlerine seretseň gözleriniň owasy dym-gyzyl bolup duranmyş. Başga birnäçeleri bolsa ony gizläbem durmaz ekeni. Olar gözýaşlaryny ýa-ha göz-görtele süpürer eken, ýa-da ýaňaklaryndan syrykdyrar oturar ekenler. Sarman ata käte şähti açylan wagty, bälçiklige salyp: — Meni öýeren, öýli-işikli eden «Zöhre-Tahyrdyr» — diýerdi. Onuň aýdýanlarynyň jany ýogam däl ekeni. Ýetim Sarman Çowdur ussalarda ýaşaýarka, olaryň goňşularynyň gyzy bolupdyr. Adyna Oguldursun diýer ekenler. Diýmek, bu waka Sarman atanyň aýaly (ýatan ýeri ýagty bolsun) Oguldursun ejäniň entek gyz wagty bolmaly. Egni köneje serindi çabytly, goşa örüm saçy guşaklygyna ýeten Oguldursun, oba adamlary aýtmyşlaýyn aý ýaly owadan gyz bolupdyr. Gojanyň özüni gürletseň-ä: — Peri diýýäniňiz, hüýr gyz diýýäniňiz şol ertekilerdäki dälmi? Olardan-a saçynyň agaran wagtam owadandyr — diýip, çyna berimsiz gürlärdi. Ine, şol owadan gyz kitap okalşykda galmaz ekeni. Soňabaka, Sarmanyň öýdedigini, onda-da ýeke özüdigini bilse, her hili bahana bilen Çowdur ussalara geler ekeni. Her gezek gelende bir zat getiripdir. — Sarman, şu jamyň düýbi deşilipdir. Şu gulpuň açary ýitipdir. Şuňa açar ýasap bersene — diýer ekeni. Sarman gyz ýüregini ilki duýmasa-da, Oguldursunyň ýumuşlaryny höwes bilen ýerine ýetirer ekeni. Ine, şeýdip kem-kemden öwrenişýärler. Gözler birek-birege habar gatyp ugraýar. Şol günleriň birinde gyz: — Aý oglan, kitap okap bersene — diýip, haýyş edýär. «Aý oglan?». Bu sözi gyzlar hemişe ýigitlere aýdyp ýörmeýärler. Bu sözi aýdanda gyzyň sesiniň öňküden birhili üýtgändigini, onda birhili mähir bardygyny ýaş ýigidiň ýüregi duýupdyr. Sarmanyň keýpi guş bolup uçupdyr. Ýigit oňa höwes bilen «Zöhre – Tahyrdan» parçalar okap beripdir. «Şükür indi ýar mekany göründi, Gözüm düşdi sonam gezen ýerlere». Sarman kitapdaky goşgulary şeýle bir okapdyr welin, ol öz ýanyndan özüni al-asmana çykyp, saýrap duran torgaý däldirin öýtmändir. Günüň guşluga golaýlan wagty hol ýokarda irginsiz jibirdeýän torgaýmykam öýdüpdir. — Şol torgaýlaram ýöne ýere saýraýan däldirler. Şolaram bir zadyň yşgyna düşüp saýraýandyrlar — diýip, Sarman ata aýdardy. Bir günem Oguldursuna kitap okap berip, däli-porhan bolup otyrka, bularyň üstüne Çowdur ussa gelipdir. Ussa gapydan girenden, gyz tarsa turupdyr. Ýigidiň sesi tapba kesilipdir. Içerde mesenäniň güwläp duran suwy sowlana dönüpdir. Siňek uçsa sesi eşidiljek diýilýän ümsümlik döräpdir. — Tüweleme, tüweleme. Okaber — diýip, Çowdur ussa elindäki gamçysyny duldaky çüýden ildiripdir. Şondan soň kän wagt geçmänkä, şol wagtky Oba şurasynyň başlygy Çowdur ussanyň kömegi bilen ýaşlar goş birikdiripdirler. — Hawa, biziň söýüşmegimize kömek eden zat, ine, şol kitapdy — diýip, Sarman ata aýdardy. Şoňa-da özgelerden öňürti özi ynanardy. Kinosyz, teatrsyz şo döwürleriň ýene bir güýmenjesi bolupdyr. Ýöne ol diňe ýaşlaryň, çagalaryň güýmenjesi ekeni. Her obada aýaldan, erkekden ertekä, rowaýata ökde adamlar bolupdyr. Sarman atanyň aýdyşyna görä, onuň çaga wagtlary obalarynda Üzümgül eje diýen bir garry aýal bar ekeni. Onuň pil sapy ýaly sazagy palta bilen bölmäge ýa-da hol ilerki ýapdan bir bedre suw getirinäýmäge güýji ýetmese-de, ertekä welin ökde bolupdyr. Rowaýata, ertekä gezek gelende suwly guýy ýaly bir zat ekeni. Guýylaryň ýagdaýyna gumlular beletdir. Guýynyň suwuny gowalap-gowalap çekersiň. Uly sürini suwa ýakarsyň. Indi-hä şunda suw galan däldir-ow diýersiň. Soňurrak görseň, ýene jürňüldäp ýatandyr. Gara gandymdan düýrläp, towlanyp goýlan çäwlügi gurat bolsa bolany. Suwy gutarsa-da sähelçe wagtdan ýene dolar. Üzümgül ejäniňem ertekileri şonuň ýaly ekeni. Indi-hä şunuň aýdara zady galan däldir diýersiň welin, ertesi heniz eşidilmedik, täze ertekä başlar ekeni. — Eger şo diýilýäni Şährizada bolan bolsa, onda Üzümgül ejäniň ýaşlygydyr — diýip, Sarman ata janygyp aýdýar. Iňrik garalýar, öýlerde çyra ýakylýar. Obanyň çagalary bolsa ýuwaş-ýuwaşdan Üzümgül ejelere eňer ekeni. Üzümgül ejäniň iki ogly bolupdyr. Ikisi hem çagaly-çugaly bolansoň öýlerini aýrypdyrlar. Şol bir howluda ýanaşyk goşa tamda ýaşar ekenler. Şol goja tamyň öňündäki alty ganat gara öýde Üzümgül ejäniň bir özi ýaşar ekeni. Şol alty ganat diýilýän ortaça öý her agşam obanyň çagalaryndan hyryn-dykyn dolar ekeni. Onuň her agşam diýilmeginiň sebäbi bar. Gündiz erteki otarmak uly günämiş. Munuňam asly adamlary gündiz işden goýmazlyk üçin diýlen bolsa gerek. Çagalar diýjeksiň welin, ol döwürde gündizine çagalaryňam özüne işleri ýetik bolupdyr. Çagalaryň oýna eli degmändir. Olar okuwdan çykyp, ululara kömekleşipdirler. Orak orupdyrlar, harman döwüpdirler. Pagta ýygypdyrlar. Olardan başga-da her kimiň gapysynda çallyk geçi diýen ýaly hususy maly bolupdyr. Olara seretmek çagalaryň boýnuna düşüpdir. Hiç kimiň gündizine oturyp erteki diňlemäge wagty ýok ekem. Ertekiçiler bolsa şo zatlary göz öňünde tutup «Gündiz erteki otarmak günä» diýipdirler. Özem dogry aýdypdyrlar. Ine, şonuň üçinem şol garaja öýüň dagdandan ýasalan, ýarsyp ugran gabsalary agşamlaryna dek durmaz ekeni. Ol garşy açylyp, çagalaryň biri salam berer ekeni. Üzümgül eje bolsa: — Äleýik salam, geleweri köşegim. Ýer tapan ýeriňden geçiber — diýip, egrip oturan iginden ünsüni sowman aýdar ekeni. Üzümgül eje oduň howruna lakyrdap gaýnan kündügini tutaç bilen tutup alardy-da, daşy çeňklenen hum çäýnegine demläp, moýly käsesine elini ýetirip, çaýy üç gezek gaýtarardy-da, «Bir bar ekeni, bir ýok ekeni» diýibem durman: — Gadym döwürde bir adam bolanmyşyn. Adyna pylany diýer ekenler — diýip, gürrüň berip başlar ekeni. Çagalar bolsa durşuna gulaga öwrülip diňläpdirler. Öýde Üzümgül ejäniň birsydyrgyn sesinden başga käwagt bir oduň şatyrdysy eşidiläýmese, dagy ses çykmaz ekeni. — «Müň bir gijäniň» türkmençe çykan kitabyny okap görüpdim. Şährizada gaty gürrüňçil aýal bolupdyr. Ýöne welin Üzümgül eje-de şondan pes oturar öýdemok — diýip, Sarman ata henizem oňa mahabat berip ýör. Üzümgül eje çagalara döwli-döwsüz ertekileriň, rowaýatlaryň telim dürlüsini aýdyp beripdir. Şolaryň içinden Üzümgül ejäniň Ahal atly ýigit hakynda, onuň Dorbedewi hakynda aýdan hekaýaty Sarman atanyň has oňat ýadynda galypdyr. Ol maňa şeýle hekaýaty gürrüň berdi. Ol, ine, şeýleräkdi.

Köneler, sawyer tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir